|

Aşyklara sogap bolar

Aşyklara sogap bolar AŞYKLARA SOGAP BOLAR

Aşyklara sogap bolar

Söýeñogam, söýemogam?
Söneñogam, sönemogam…
Söýmek üçin ýanmak gerek,
Sönmek üçin ýanmak gerek.

Ýanyp bilseñ — sönüp bolar,
Hemem seni ýanyp söýýän,
Bir jenanyñ ykbalyndq,
Yşk möhüriñ ýazyp bolar.

Ýazyp bor didäñ nuruny,
Ýar gadamy düşjek ýola.
Söýýän bilen söýülýäne,
Yşkdan özge emgek ýog-a.

Puluñ bolsa — kümüş-teññe,
Agramyna agram çekip.
Törüñe geçirseñ ýary,
Galmarsyñ-a içiñ çekip.

Awa salsañ elguşuñy,
Ganat baglap hyýalyñda.
Asal garylan posalar,
Sebäp däldir uýalara.

Tutaşsa yşkyñ ataşy,
Alawyndan eýmenmegin.
Diñe ýanyp öçürip bor,
Sataşan yşkyñ emgegin.

Ot bolup o:tly gujaga,
Dolup bilseñ — sowap bolar.
Ýar yşkynda ýanyp-sönmek,
Aşyklara sogap bolar.

Hojaberdi BAÝRAMOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle