Aşyklar güni (Hekaýa)

Aşyklar güni (Hekaýa)

FYN Nu,
hytaý ýazyjysy

Men bankdaky hasabyma pul geçirip, dolanyp gelýärdim. Öýe ýakynlaşyberenimde asmana göterilýän goýy gara tüssä gözüm düşdi. Nämäniň nämedigine has golaýlanymda düşünip galdym. Gelip görsem, biziň oturýan binamyz ýanyp, bireýýäm küle dönüpdir. Öýümiziň bikesi şikes alan eken, ony tizden-tiz hassahana alyp gitdiler.

O ýerde adamym Ji Tiaňy ilki getirilenleriň arasyndan gözläp tapdym. Hudaýa şükür, onuň ýarasy onçakly agyr däl eken. Özüne gelipdir.

Alňasap ýanyna bardym-da, ellerini gysymlap, boýur-boýur gözýaş dökdüm. Öýüniň ýanandygyna garamazdan, bikämiz haýran galaýmaly derejede rahatdy. Gaýtam:

— Zyýany ýok, ätiýaçlandyryş şereketi çekilen zyýanyň öwezini dolar — diýip, bize göwünlik berýärdi.

Biz özümize zor salyp ýylgyrsagam, içimizden: «Wah, siz emlägiňizi owaldan ätiýaçlandyrypsyňyz. Ýöne biz hiç zadymyzy beýtmedik ahyryn» diýip, ahmyrly oýlandyk.

Adamym Amerikadaky uniwersitetleriň birinde doktorlyk derejesini almak üçin okap ýördi. Menem onuň yzyna düşüp gaýdypdym. Gol gowşuryp oturmazlyk üçin bilim alan ugrumdan, ýagny geýimleriň bezegçisi ugrundan magistrligi okaýardym. Okuwda oňat netijeleri görkezip, ýokarlandyrylan talyp hakyny almagy umyt edýärdim. Ýöne muňa gaty az sanly adam mynasyp görülýärdi. Okuwymyň tölegini özüm tölejek bolup, adamyma ýük bolmajak bolup, her bir şaýymy tygşytly sowýardym. Şeýdip diş-dyrnak bolup jemlänje zatlarymyzyň ählisini ýangynda ýitirdik. Elimizde az-owlak sowalga pulumyz galypdy.

Şeýle pikirlere gümra bolup durşuma gözümden akýan ýaşlary elimiň tersi bilen syldym. Ji Tiaňyň elinden pugta tutup:

— Alada etme! Lukman hassahanadan iki hepdeden soň çykjakdygyňy aýtdy. Ujypsyzam bolsa, pulumyz bar. Ähli zady başdan başlarys — diýdim.

Ýanan öýüň eýesi öňünden beren üç aýlyk kireý tölegimizi yzyna gaýtardy. Ol bize ýaşamak üçin has elýeterli jaý hem tapyp berdi. Öňki berýän tölegimiziň üçden biridi. Özem tölegi bir aý dolansoňam berseň bolýardy, ýagny aý ahyrlap-ahyrlamanka talap edip duranokdylar.

Ýoldaşym hassahanada ýatyrka arzan jir mata satyn alyp, bolýan otagynyň penjiresine perde, düşegine örtük tikip berdim. Galanja matadan bolsa hassahananyň çagalar bölümi üçin iki sany oýnawaç güjük tikdim. Ji Tiaňyň ýatan otagy diýseň giňdi. Gümür-ýamyr etmek üçin ýanymyza gelýän beýleki hassalar hem biziň häzirki gözgyny ýagdaýymyzdan habarlydylar. Şonda bir ýaşuly köne telewizory «täze ýerde ulanarsyňyz» diýip, bize sowgat berdi. Ýene Taňmi atly bir garaýagyz ýigit oturgyç bilen stol eçildi. Gepiň keltesi, ýaşamak üçin zerur zatlaryň ählisini ýagşy kişileriň saýasynda tiz edindik. Iki hepdäniň dowamynda biziň täze öýümiz ýaşabermeli hala geldi.

Ji Tiaňyň hassahanadan çykýan güni birgiden börek taýýarlap, bize kömek eden dostlarymyza minnetdarlyk hökmünde hödür etdim. Milli tagamymyza gözi düşen dessine hemmeler: «hytaý süýjülikleri diýseň datly bolmaly!» diýişdiler. Aslynda welin, olar hytaý tagamyndan ilkinji gezek dadyp görýärdiler. Taňmi ter çemenlerden bogan dessesini bize gowşuransoň, hemmeler bilelikde bokurdaklaryna agram salyp, gaýta-gaýta bizi aşyklar güni bilen gutladylar. Men tolgunyp, aýdara söz tapmadym, çünki Amerikada geçen dört ýylyň içinde ýeke gezegem aşyklar gününi baýram etmändik.

Hoşlaşmaly wagtymyz gelende özüme gowşurylan güli we galan börekleri Ji Tiaň bilen bile ýatan hassa goýduk. Ol birnäçe gün owal soňky deminde diýen ýaly hassahana getirilip, halas edilipdi. Emma heniz özüne gelmändi. Şonuň üçinem ýörite gutlag kagyzyna: «Jenap, tizara özüňize gelip, biziň sowgatlarymyzy görersiňiz diýip umyt edýäs. Durmuşyň her dürli kynçylyklaryna döz gelip, mundan beýläk diňe bagtly ýaşajakdygyňyza tüýs ýürekden ynanýarys» diýip ýazdym.

Ahyrsoňy öýümize-de geldik. Ji Tiaň ylmy dissertasiýasyny tamamlamaga girişdi. Onuň işine degişli maglumatlaryň aglabasynyň öňki ýanan öýümizdäki kompýuterde saklanany üçin ilkibada kynçylyk çekdi. Ýangyn tutaşan mahaly basa-baslykda ony alyp çykmagy unudansoň, gaýtadan yzyna giripdir. Emma niýeti başa barman, özi şikes baryny alypdyr. Şonuň üçinem ähli zady başdan ýazmaly boldy. Munuň üçin bolsa ýarym ýyldan gowrak wagt gerekdi. Okuwynyň möhletinem uzaltmaly boljakdy. Bu ýagdaýda talyp hakyndanam kesilýärdi. Biziň bankda ýygnap goýan pulumyzam o diýen köp bolmansoň, güzeranymyzy aýlamagam barha kynlaşýardy.

Ine, şeýdibem indiki aşyklar güni gelip ýetdi. Biz geljekde nähili kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz boljakdygymyza garamazdan, mundan beýläk her ýyl bu güni hökman baýram edip, şadyýan geçirmegi şertleşipdik. Men agşamlyk naharyny taýýarladym-da, Ji Tiaňa garaşdym. Ol ahyrsoňy okuwdan dolanyp geldi. Onuň elinde bir hat bardy. Ji Tiaň haty maňa gowşuransoň, ony haýal etmän okamaga durdum. Onda şeýle sözler bardy:

«Salam, hormatly jenap Ji we Li hanym!

Megerem, bu haty eliňize alanyňyzda geň galmagyňyz gaty ähtimal. Men geçen ýyl jenap Ji Tiaň bilen bir otagda ýatan hassa ýigit… Meniň işleýän şereketim batypdy. Aýalymy hem gutulgysyz hassalyk zerarly ýitiripdim. Şonda ýaşaýşa bolan ynamym, ähli umydym öçüpdi. Şonuň üçinem ony terk etmegi makul bildim… Ýöne gözlerimi açyp özüme gelenimde siziň maňa goýup giden gülüňizi, hatyňyzy aldym. Sizi görmesem-de, başyňyzdan geçen külpetleri beýleki hassalardan eşitdim. Bu hem meniň köp kelle döwmegime sebäp boldy. Eger aýalym sag gezip ýörenliginde beýle akylsyz hereketim üçin meni ýürekden ýazgarardy. Saglygyma gowşanymdan soň, kalbymda bir umyt döredi we şereketimi dikeltmek üçin gaýtadan gaýrata galdym. Häzir işim ileri. Hassahanada ýatyrkam Li hanymyň çagalar üçin tiken iki sany ýumşak oýnawajyny görüpdim. Olar diýseň ussatlyk bilen ýerine ýetirilipdir. Li hanym geýimleriň bezegçisi eken. Oňa şereketimde iş hödürlemek isleýän. Eger razy bolsa, gürrüňdeşlige gelse, örän şat bolardym!

Maňa gelen netijäňizi tiz wagtda habar edersiňiz diýip umyt edýän. Ýaşaýşa bolan ynamymy gaýtaryp bereniňiz üçin size çäksiz minnetdarlygymy bildirýän! Aşyklar günüňiz gutly bolsun!».

Men bu haty esli ýola daşymdan okadym. Ji Tiaň golaýyma gelip, meni bagryna basdy-da:

— Mähribanym, aşyklar günüň gutly bolsun! — diýdi.

Hytaý dilinden terjime eden Mähriban IŞANGULYÝEWA
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle