| |

Aşyk men

Aşyk men Görejinde gördüm Watan söýgüsin,
Söýgüli ýar, gözleriňe döneýin.
Oýandyrdyň ýaş göwnümiň duýgusyn,
Baldan şirin sözleriňe döneýin.
Garamyk deý gözleriňe aşyk men,
Hoş, ýakymly sözleriňe aşyk men.

Dilin tapyp maşynlara jan berýän,
Zähmetsöýer gollaryňdan aýlansam!
Naýçalaryň kelebini sazlaýan,
Çeper, nepis elleriňden aýlansam!
Barmaklaryň bagtly durmuş açary,
Rehim et sen, golaýyma gel bäri.

Azat durmuş, sapaly gün illerde,
Seniň bilen süreli biz döwrany.
Şeýle söýgi görüp — eşden her ýerde
Höweslensin, bolsun onuň haýrany.
Ýar boýuňa boýum deňäp göreýin,
Gel, gözelim, gol tutuşyp ýöreýin. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle