|

Aşygyñ aýdymy

Aşygyñ aýdymy

AŞYGYŇ AÝDYMY

Wadaňy unutdyňmy ýar,
Geçen hepde, ýagyşly gün!
Belki, menden kinäň bolsa,
Mähribanym, bagyşlagyn!

Meni ýalňyz,
galdyrsaň gyz,
Aýralygyň gussasynda,
Saňa söýgi aýdymlarym,
Aglar meniň gursagymda.

Sen ýylgyryp bakan günüň,
Bilbiller deý saýrap ýörün.
Kalbym ünji tapan günem,
Telbe bolup samrap ýörün.

Bu aýdymy aýtmazdym ýar,
Seni ýürekden söýmesem,
Yşk ody ýakan kalbyma,
Mähriňi melhem eýlesem.

Bilmezlikde ynjytdymmy?
Öýkäň bolsa bagyşlagyn!
Garaşýan, bolsa-da hepdäň
Şol bir güni – ýagyşly gün…

AÝDYM

Diýýän: “Sen ömrümiň güli.”
Sebäbi sen güli söýýäň.
Aýşy-eşretiň daňynda
Dogup gelýän güni söýýäň.

Diň sal, dünýä aýdym aýdýar,
Mähir-merjen giň gujagy.
Onuň aýdýan aýdymlarnyň,
Ezizim, sensiň ajaby.

Şonuň üçin söýdüm seni.
Men gudrata başym egdim.
Zeminde duşan melegim,
Men seni hol, arşda gördüm.

Aýdym aýdýaň, many-maňzy,
Mähriň bile hoş gylygyň.
Şol aýdymyň bir bölegi,
Meniň ýazýan goşgularym.

Bu ahwal – heseriň syry.
Ahyr boldy maňa aýdyň.
Ygtyýarym baglan serwim,
Ikimiz aýdýas bir aýdym.

Azymberdi KAKAÝEW.

Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle