Aşot awçy (Hekaýa)

Aşot awçy (Hekaýa)

Wahtang ANANÝAN,
ermeni ýazyjysy

1

Ýerewandan o diýen bir uzakda bolmadyk dag obasynda köne dostum, edil özüm ýaly ölemen awçy Aram ýaşaýar.

Käteler Aramlara baryp, onuň bilen jülgäniň eteklerine aýlanýarys, men dag geçilerini gözlesem, ol bu ýerde köp gabat gelýän tilkileri ele salmagyň aladasyny edýär.

Aram daýhançylyk bilen gümra bolansoň, tilki awuna güýz ahyrlaberende, ekin-dikin işleri birýüzli edilenden soň girişýär. Onuň mymyjak, altynsow öwüsýän tilki derilerini senagat kärhanalary satyn alýar.

Ol arada Aramlara gelenimem şol, içiniň ýangynyna zeýrenjini döküp ugrady:

— Erbet utandyrdylar aýt! Oba bir tilki giripdir. Kolhozyň fermasyndan towuk, ördek goýman daşasa nätjek?! Keýwanam, honha, guşçulykda, ýaman nägile, üstesine menem utandyrýar: «Awçy bolaýşyňy aýt, seňem! Tilki tutup bileňok, bizi şu beladan dyndyrsaň bolmaýarmy!». Eýýäm ikilenji ýyl edenini edip, fermany dargadyp ýör bu tilki. Özem garry, agsak, aýak yzyndan tanaýas, indi ol gaçgak ne awlaryňdan, ne-de gapanyňdan heder edýär.

Aramyň ogly Aşot gürrüňe goşuldy. Ol obanyň mekdebinde, dördünji synpda okaýar. Kiçem bolsa bu ýyrtyjylaryň endigine beletligi kakasynyňkydan kem däl. Ol mekdepde iň ýaş tebigatçy diýlip tanalýardy.

— Bu tilki obanyň golaý-goltumynda, alajagözeniň hininde ýaşaýar — diýip, Aşot söze başlady.

— Alajagözeniň?.. Onuň özi nirede onda?

— Tilki ony bireýýäm kowdy, indi o taýda özi ýaşaýar.

— O nädip beýle bolýar? Tilki alajagözeni kowup bilmez-ä, gaýtam, ol tilkini kowaýjak ýaly.

— Wah, ol güýçlüligine güýçlü-le, ýöne şonda-da ol alajagözeni kowdy-da.

— Bärde düşünmez ýaly zat ýok — diýip, Aram oglunyň sözüniň üstüni ýetirdi. — Tilki güýç bilen däl-de, mekirligi bilen ýol alýar. Tilki hapysa haýwan, baran ýerini buýr-bulaşyk edegen bolýar. Ol alajagözen hininde ýok wagty barandyr-da, giribem hini zir-zibil edip çykandyr. Alajagözen arassalygy halaýan jandar. Hininiň hapalygyny görüp, çydam edip bilen däldir-de, çykyp gaýdandyr şobada… Tilkiň alajagözeniň hinindedigini sen nireden bilýäň, Aşot?

— Men ol hiniň bardygyny öňden bäri bilýän. Dek düýnüň özünde bolsa şo taýdan eýýäm üç günden bäri fermadan bilniksiz gürüm-jürüm bolan towugyň ýeleklerini tapdym. Alajagözen towugy başyna ýapsynmy?

— Ýok, oňa gerek bolan däldir-le… Onsoň hiniň töwereginde tilkiň aýak yzlaryny görmediňmi?

— Hawa, hawa, bardy! — diýip, Aşot aýtdy. — Ýadyma düşýär, edil hiniň agzynda. Alajagözen bolsa hiniň yz tarapyndan gaçyp gitdi, şondan bärem gelenok.

— Hmm… — diýip, Aram pikirlendi.

2

Ertesi ir säher awa gidişimize günortan töweregi dolanyp geldik.

Gelsek, Aramyň aýaly Siran öýde eken. Bir zada gynanyp otyr.

— Siran, näme boldy?

Siran gaharly elini salgap goýberdi-de, tilkiniň fermadaky horazam süýräp alyp gidendigini aýtdy.

— Şol biziň gözleýän tilkimizmi? — diýip, kakasy Aşotdan sorady. — Yzarlamadyňmy ony?

— Hawa, şol tilki! Aýak yzyny gizläýinem diýenok, göni şo hine tarap ýelk ýasaýar.

— Sen oň aýak yzlaryny doly gördüňmi?

— Hawa! Daş zyňyşdyryp, ony şol ýerden çykmaz ýaly etdim, çykara deşik goýan däldirin.

— Ýör, onda göreli hany!

3

Pil, kätmen alyp, Aşotyň yzyna düşüp, alajagözeniň hinine geldik. Oglanjygyň eden işine nazar aýladyk. Dogrudanam, hini bütinleý daş bilen gömüpdir, bu guýrukly bela çykara ýer goýmandyr.

Hiniň agzynda ot ýakyp, içine tüsse goýbereli diýen pikire geldik.

Hiniň içine tüsse baryny goýberdik. Ahyry Aşot:

— Besdir, eýýäm boglandyr — diýdi.

Pil alyp, gazyp başladyk. Ýer ýumşak bolansoň, uran pilimiz girdi durdy. Dört metr çuňluga ýetip, ýerasty çykalga hüjüm pilleri urup ugradyk. Alajagözen bu ýeri arassaja gum bilen örtüpdir. Ýene gazdyk. Hiniň düýbüni deşdik. Bu ýeriň hapasy görer ýaly däl eken, süňkler zyňylyp ýatyr, ganatlar paýrap…

— Aýtdym-a! — diýip, Aram ýylgyrdy. — Gördüňizmi tilkiniň näme edenini? Eýsem, alajagözen ýaşap biljekmi şunuň ýaly ýerde? Durubilmänem gidendir… Emma hin bolany bilen, bärde tilki bolmasa näme… Alajagözeniň iş edinip gazynan hinini gözlemek gözledik. Hiniň astynda dürli tarapa ugrukýan çykalgalar bar eken.

— Bular ne beýle kän? — diýip, Aşot sorady.

— Sebäbi… — diýip, kakasy jogap berdi. — Ikisi, adatça girip-çykar ýaly. Beýlekiler bolsa, hini ýelejiretmek üçin. Tilki neneň onsoň şeýle amatlykly ýerde ýaşasy gelmesin!.. Ýogsa-da, dursana, sen näçe girelgäni beklediň?

— Girelgeden başga bäşisini.

— Bäh! — diýip, Aram gaharly uludan demini aldy. — Garry al-kakmyş ýene-de elden sypdy diýsene onda. Altynjy çykalgadan giden bolmaly.

Çukurdan çykdyk-da, işlänimizde çykaran eşigimizi geýdik.

— Haýsyndan çykdyka, sen haýsy çykalgany görmediňkäň, hä, Aşot?

Aşot diýseň geňirgendi.

Hiniň töweregindäki ähli deşige göz aýladyk, Aşotyň ýapyşdyran ähli çukuryny synladyk, olar biri-birinden sekiz, dokuz, hatda on bäş metre çenli uzaklykda ýerleşýärdi. Ahyry Aşotyň üstünden barmadyk bir çukuryny tapdyk, tilki ony ot bilen görünmez derejede gizläpdir. Onuň daşynda tilkiniň aýak yzlary ap-aýdyň görnüp dur.

— Gör, mekir nädip gaçypdyr! — diýdi-de, Aram başyny ýaýkady.

4

Tilki hem garry, hem gaty mekir eken, ol edil üstümizden gülýän ýalydy. Ýene-de ozalkysy ýaly oba geldi, görse, öňki-öňkülik.

Emma Aşotam ýan bererli däldi. Tilkä garşy söweş yglan edip, bar küýi-pikiri şony tutmakda.

Tilkiniň aýak yzyndan onuň ferma gelýän ýoluny öwrenipdir. Şol ýerdäki inçejik ýodada bolsa gapan goýupdyr. Ony mäkäm berkidip, üstüne-de tilkiniň iň halaýan zatlarynyň birini — çüýräp ugran peýniri goýupdyr.

— Hany, indem bir tilki gaçyp gutuljak bolup görsün şeýle duzakdan! Başy aýlanmaýarmy tilkiniň şeýle ysdan ýaňa? — diýip, Aşot mekdepdäki dostlaryna aýdypdyr.

Irden hemmeden öň oýanyp, Aşot öýden çykyp şo ýana gitdi.

Az wagtdan bolsa yzyna gussaly dolanyp geldi-de, şeýle diýdi:

— Gelipdir, peýniri iýip, ýene-de gaçyp gidipdir.

— Bäh, oguljygym, nätdiň-aý? — diýip, Aram geň galdy. — Ol nädip peýniri alybam gapana gapjaman bildikä? Eýsem, tilki hemişe höregine öň aýagyny urýar ahyryn. Sen gapany gowy edip gurmadyk bolmaly…

— Bolmanam men gapan gurup bilýänmi? — diýip, Aşot öýkeledi.

Aram bilen gapana göz aýlaly diýip baryp gördük. Ýok, çyndanam gapan ussatlarça gurlupdyr. Eger tilki oňa golaý baran bolsa, gapan hökman ony gapjaýmaly. Bäh, bu tilkin-aý! Gapandan peýniri almakda iş bar ahyryn!

Kakasynyň maslahatyna eýerip, Aşot agşamaralar gapan üçin ýene-de peýnir aldy. Bu gezek ol peýniri guradyp hem gapana, hemem ony böleklere bölüp, töweregine oklap çykdy. Tilki bolsa bu gezegem gije gelipdir-de, peýniri alypjyk, zepersizje gaçyp gidipdir.

5

Şeýdibem bu ýagdaý her günde gaýtalandy durdy. Aşot-a ysy bark urup duran peýnirdir doragy gapana goýup gaýdýardy, tilki bolsa hiç zat bolmadyk ýaly, gapanyň demir dişinden heder etmän, höregini alyp gaçyp gidýärdi. Aşot üstünden gülünýän ýaly, gaşlaryny çytyp, endigine dowam edýärdi.

Bu gaýtalanyp duran ýagdaý näme-de bolsa, Aşoty ýadatmady.

Bir günem gijäň ýarynda ol meniň keçe ädigimi, galyň güpbüsini geýip, gapany barlamaga gitdi. Bizem awdan ýadap gelşimize agşamlyk edinip, Aşota-da garaşman ýatyp galdyk. Diňe Siran ýatmandy. Ol alada galyşyna adamsynam turuzyp, oglunyň gözlegine çykmagy sorady. Aram bolsa ukyň arasynda bir zatlar samyrdady-da, ýene-de ýatyberdi.

Bizi gijäň ýarynda kakylýan gapy sesi oýardy. Siran howlukman gapyny açan badyna, onuň howsalaly sesi eşidildi:

— Oguljygym, nirelere ýitirim bolduň? Saňa garaşmakdan ýaňa ýüregim suw bolup gitdi. Heýem sen ýaly oglan gije daga gidermi?.. Bu eliňdäki näme, itmi, näme ol?..

— Bu şol, seň fermaň duşmany, günäsini ýuwmaga geldi.

Aşot gapydan ätläp, elindäki garry tilkini ýere taşlady. Onuň aýaklary berk daňylgydy.

Aram Aşoty ýanyna çagyryp, bagryna basdy-da, üşän ýaňaklaryndan ogşady.

Tilki bolsa gözlerini lowurdadyp bize seredip ýatyşyna, mümkin, gaçyp gutulmagyň alajyny gözleýän ýalydy.

— Men bir syryň üstüni açdym, kaka — diýip, Aşot söze başlady. — Hiç kimiň eşitmedik, hiç kişiniň görmedik zadyny görüp, eşitdim…

Şunlukda, Aşot bize tilkini nädip tutanyny gürrüň bermäge durdy.

6

Ol tilkiniň geçjek ýolundan uzak bolmadyk gyrymsy agaçlaryň biriniň arkasynda ýatyp, sabyrsyzlyk bilen garaşyp başlapdyr. Gije aýazly, sowuk bolsa-da, Aý aýdyň eken. Şahalary süýşürişdirip ýatyşyna, Aşot ýolda gapanyň duran ýerinem oňat görüpdir.

Wagt geçip duranam bolsa, tilki gelmändir. Aşoty näçe uky basmarlasa-da, tilkini tutmak islegi ähli zatdan üstün çykypdyr. Bu ne beýle jadygöý tilki? Ol şeýle bir duýgur bolmaly. Gapanda duran peýniri nädip iýip bilýär? Külbikäňi batyrsaňam gysyp kül etjek gapandan, nädip peýniri alyp gaçyp gidip bilýär?

Ahyry tilki geldi. Ilki ysyrgandy, ýodajykda dargadylyp goýlan peýnir bölejiklerini aldy, soňra duzagyň daşyndan aýlanyp, has golaýa bardy…

Ol şeýle bir golaý bardy welin…

Aşotyň ýüregi ýerinden gopaýjak ýaly gürsüldedi.

Ýeri, indi näme bolarka?

Tilki gapana nazaryny dikip durşuna oňa degmänjik dur. Ol köp mekirligiň başyna baran eňegini örän golaýa eltdi, onuň mahmal tüýi Aýyň nuruna zerewşan şöhle saldy…

Tilki garaşyp ýatdy, soň bolsa gapanyň gyrajygyna geçip süýndi… guýrujagyny ýumşajyk sübse ýaly edip, gapanyň demir dişlerindäki peýniri goparjak bolýar…

Aşot çydam edibilmän, tarsa okduryldy-da, sesine bat berdi:

— Ah sen, mekir al urmuş, diýsänim! Meni şu çaka çen yzyňda entedip gezensiň! Tilki şobada tisginip turdy-da, gaçmaga milt etdi, o barmaşa-da tötänden bir aýagy gapana düşdi…

— Ine, hakyky deri! Deri däl bu, durşy bilen altyn! — diýip, Aram tilkä seredip oturyşyna söz açdy. — Muň üçin maňa gowuja tölärler. Hawa, Aşot, bu seniň awuň. Onsoň, muň puluna saňa näme alyp bersek borka?

— Ýok-la, muny satmak gerek däl! — diýip, Aşot ynjalykdan gaçyp aýtdy. — Muny gowusy gönçä bereliň, goý, ol muny mazalyja eýlesin. Bu ejemiň doglan gününe sowgadym bolar! — diýip, ol ejesini bagryna basdy.

Rus dilinden terjime eden Şamyrat MUHAMMETGURBANOW
image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle