|

«Asmanda ýyldyz ýok…»

"Asmanda ýyldyz ýok…" «ASMANDA ÝYLDYZ ÝOK…»

Asmanda ýyldyz ýok,
Töwerek ümür
Diň salýaryn ädim urup iki ýan.
Ýene meniň gursagymy gam bilen
Doldurdy,
dymmazak, çäksiz okean.
Seniň ýylgyrşyňdy,
ak ýyldyz ýaly,
Setirleň içinden maňa görünýän.
Men welin saharaň suwsuz çölünde
Şehit ölýän sergezdan dek urunýan.
Meňzese-de gözleň sähra kölüne,
maňa rehimi ýok —
Diýmek — biderek.
men munda çäresiz köre meňzeýän,
maňa ýol görkezýän idegçi gerek.

Kynam bolsa,
ýolsuz ýerden ýol tapyp,
Meniň ömrüm özi bilen göreşýär.
Ömrüm okeanyň sesin diňleýär,
Hem ýadaman saňa,
Saňa garaşýar.

Bilsem-de jadynyň jadysyzlygny
ýüregimde arzuw baryn besleýän.
garaşýan,
gamlanýan,
gargynýan… ýöne,
Diňe seni gelmegiňi isleýän.

Asmanda ýyldyz ýok.
Töwerek ümür,
Diň salýaryn ädim urup iki ýan.
ýene meniň gursagymy gam bilen
Doldurdy,
Dymmazak, çäksiz okean.

Gaussu DIAWARA,
Mali şahyry.

Rusçadan terjime eden Atajan TAGAN. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle