Aşgabadyñ taryhynda ilkinjiler
Aşgabadyñ taryhynda ilkinjiler
▶ AŞGABADYÑ TARYHYNDAN ILKINJILER
☆ 1881-nji ýylda Aşgabatda ilkinji poçta bölümi açylyar.
◆ ◆ ◆
☆ Uýezd naçalniginiñ 1882-nji ýylyñ 15-nji oktýabryndaky raportyndan:
«Köçelerde 25 sany çyra oturdylmagyny uçursyz zerur hasaplayaryn».
◆ ◆ ◆
☆ 1884-nji ýylda bir hojaýyn şäherde ilkinji dermanhanany açýar.
1886-njy ýylyñ ýazgysyndan: wokzaldan şähere çenli aralyk bir kilometr yol!
◆ ◆ ◆
☆ 1904-nji ýylyñ 13-nji maýynda «Ashabad» gazeti «Aşgabatda awtomobilleriñ sany 12-ä yetdi. Hereket düzgünini girizmeli» diyp ýazýar.
◆ ◆ ◆
☆ 1910-njy ýylda Asgabadyñ kärhanalarynda bary-ýogy 210 adam işlapdir. Şäherde 11 mekdep, 12 ybadathana bolupdyr.
◆ ◆ ◆
☆ 1927-nji ýylyñ 3-nji ýanwarynda türkmen ýazyjylarynyñ ilkinji agsamy üstünlikli geçýär.
◆ ◆ ◆
☆ 1928-nji ýylda Çärjew-Daşoguz aralygynda ilkinji howa yoly acylyar. Türkmenleriñ arasynda ilkinji lýotçik bolsa Anjan Amanowdyr.
◆ ◆ ◆
☆ 1937-nji ýylyñ 27-nji iýulynda Aşgabatda, Krasnowodskide, Maryda, Bayramalyda, Çärjewde, Kerkide, Daşhowuzda sazçylyk mekdeplerini döretmek barada karar kabul edildi.
◆ ◆ ◆
☆ 1934-nji ýylyñ 14-nji maýynda radio alyp eşitdirmek komiteti Türkmenistanda ilkinji türkmen sazlarynyñ orkestrini döredýär. Taze orkestr tükmen aýdym sazlaryny ýerine ýetiripdi.
◆ ◆ ◆
☆ 1938-nji ýylyñ 2-nji aprelinde öñden bar bolan sazçylyk kollektiwleriniñ bazasynda türkmen döwlet filarmoniýasy döredilýär.
◆ ◆ ◆
☆ 1938-nji ýylyñ 17-nji maýynda türkmen teatrynda Turkmenistanyñ bagşylarynyñ we şahyrlarynyñ birinji slýoty geçirilyar.
Toplan: © Has TÜRKMEN. Taryhy makalalar
Больше на Kitapcy.su
Subscribe to get the latest posts sent to your email.