Aşgabadyñ köçeleri
Aşgabadyñ köçeleri
Halkymyň pälinden nusga alan soň,
Synla, bu köçeler şeýle nurana.
Gelenlere gujagyny açyp dur,
“Ýoluňyz ak bolsun” diýer ugrana.
Güller misli güler ýüzli ynsan deý,
Ýylgyryp dur köçäň gyralaryndan.
Gijelerne ýyldyzly giň asman deý,
Merjen deý lowurdar çyralaryndan.
Köçelerde söýgi, mähir nury bar,
Göreçlerden mähir seçelenip dur.
Howanyň ýüzünde görünmez gubar,
Güller atyr saçyp, müşk eçilip dur.
Aşyklaryň seýlinden bu gijeler,
Görke geler gül jähek ýanýodalar.
Aşyk ýigdi ýüpsiz baglan köçeler,
Beýle şirin eken yşky wadalar.
Wada wysal tapdy toýa syrygyp,
Köçeler ugradar ak kejebäni.
Şäher çyralardan monjuk dakynyp,
Ýatladyp dur toýa barýan enäni.
Gurban GURBANOW. Goşgular