|

Arzuw

Arzuw ARZUW

Arzuw

“Gyzym bolsa Bahar dakjak adyna”
Halyl Kulyýew
.

Oglum bolsa, Halyl dakjak adyna,
Goý, beýik şahyrdan alsyn görelde.
Wasp etsin Watanyň gözelliklerni,
Özünden öň il-gün düşsün ýadyna,
Oglum bolsa Halyl dakjak adyna.

Soňlanmajak aýdym düzsün ýürekden,
Aýdym ylham bersin her bir adama.
Arzuwlary göwünlerde ýer etsin,
İl-gün üçin düşsün yşkyň oduna,
Oglum bolsa Halyl dakjak adyna.

Waspyny ýetirsin bahar-ýazlaryň,
Bilsin ulyň-kiçiň göwnün jadylap.
Şygyr ýazsyn sesi bolup halkymyň,
Şuny okap bat goşulsyn badyna,
Oglum bolsa Halyl dakjak adyna.

Batyr HOJANYÝAZOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle