|

Aryknama / goşgular toplumy

Aryknama / goşgular toplumy ARYKNAMA

Aryknama / goşgular toplumy

■ DÜÝŞDE

Çap-çal dünýä, çala sudur görünýär:
Birinji planda Arygyñ jary,
Añyrda Kanaly ýakalap otyr —
Dogduk mekan, bu ömüriñ bahary.

Anha jara inip gelýäe Alabaý,
Çeññekli oglanyñ öñüne düşüp.
Ylgaýar oglankyk gamyşa sary,
Gyzgyn çägä ýalañ aýagy bişip.

Şol barmana tiken çümýär aýagna,
Oñ yzasy meniñ ýüregme ýetýär;
Edil şu pursatda tanadym ony,
Ol bolsa gamyşyñ içinde ýitýär.

Ýene jary syryp barýar Alabaý,
Käwagt bir üýrüp, meni çagyryp.
Men welin gitdikçe daşlaşyp barýan,
Hem-ä ýognap, hemem saçym agaryp.

■ NIREDE? HAÇAN?

Näçe jan etsemem düşenok ýada
Nirede? Haçan?!
Oglanlyga tarap barýan şa ýoda
Arany açan?

Geñ galamda-ilki gezek-kebelek
bolup uçanda gurçuk.
Ýa ýitirdim gözlänimde kömelek,
Eteginde Çilburçuñ?

Ýa çekirtge bilen kekene doly
Gawun joýada ýitdi?
Ýa-da tolkunlary jadyly ýaly
Şol Gatakar äkitdi?

Näçe jan etsemem düşenok ýada
Nirede? Haçan?!
Oglanlyga tarap barýan şa ýoda
Arany açan?

■ GÖRÜP-GAÇDY

Gözlegine çykdym bu gün
Oglanlygmyñ. Görüp gaçdy.
Ylgawyny ýazdyrmany
Syrkynlykdan böküp geçdi

Gatakaryñ güzerine
Baryp gördüm, tapdyrmady.
«Gukmy-pañk?» oýnaly diýdim,
Enma şykgy ýapdyrmady.

Ot ýygmaga gitdimikä?
Tapmadym-la atyzdan men.
Hatda jaryñ ýakasynam
Yzarladym Halyla çen.

Eýgermedim oñ yzyna;
Gözlemekden ardym basym.
Diýdiler — Ol Çilburç gala
Sürüp gitdi arabasyn.

■ MIRAS

Essalawmaleýkim, dogduk diýarym!
Sag-aman otyrmyñ, oñatmy halyñ!
Menem gaýdyp geldim, hut Ýeseniniñ
Telim ýyl azaşyp gezişi ýaly.

Özgeripsiñ juda, ulalypsyñ hasn
Alañlar ýitipdir, karta töwerek.
Gara asfalt güne gerşin ýylmaýar,
Gadymly tozanly köçäñe derek.

Gadym kepbelerñi, pagsa jaýlarñy
Bile äkidipdir oglanlyk çagy,
Indiki kölgeleñ has goýry ýöne
Biraz çolarypdyr Beg agañ bagy.

Zähmet pälwanlary bolup gidipdir
Bir mahalky bile çilik oýnalar.
Ýakalap otyrsyñ ägirt desgany,
Garagum kanaly — mele gaýmañ bar.

Utanç bolsa bolsun, alýaryn boýun,
Tanamadym köp öñümden çykany.
Edil şonuñ ýalam tanalmadym men,
Bu bolsa baý ýokuş deger ekeni.

Ýöne ýere sakgalyna sadaga,
Ýüzleri nurana gojalañ biri:
— Sen Rejep Pälwanyñ agtyg-a dälsiñ?! —
diýdi. Boldum şol gojanyñ ýesiri.

Hem uly hakykat lowurdap gitdi,
Gizläp nämedeýin, netijäm ine:
Öz ýanymdan şahyrdyryn öýdýärdim,
Ýöne atam bilen tanaldym ýene!

1985.

Gurban REJEBOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle