Ärsarybabanyñ guburyndan çykan ses
Ärsarybabanyñ guburyndan çykan ses
 Başymy dirikä alyp bilmedi, 
 Duşmanlar hernäçe bolsa-da zalym. 
 Ölemsoñ, 
 ýüzlerçe ýyllar geçensoñ, 
 Ap-añsatja alyp gitdi bir alym.
 Şeýle ylym barmyş, 
 Öwrenmekçimiş, 
 Ondan bäri gör ençeme ýyl ötdi, 
 Indi nirdedigin anyk bilýän ýok, 
 Kelleçanagym ýitdi.
 Hiç kimiñ piñne däl başsyz ýatanym, 
 Her kimse öz bähbitjigin arap ýör. 
 Döwrüñiz şeýleräk… 
 Ýiten başymy 
 Sizden-ä soran ýok, 
 Ruhum sorap ýör.
Hemra ŞIROW. Goşgular
