| |

Armanly ölüm

Armanly ölüm ARMANLY ÖLÜM

Beýik kompozitor P.I.Çaýkowskiý bir bulgur çig suw içip, mergi keselinden heläk bolýar.

Ölüm bolmaýar armansyz,
Beýikleñki has armanly.
Müñ külpedi gören Rus,
Beýle ölmi hiç görmändi…

Aldy ele bir bulgur suw,
Sazanda biçak teşnedi.
Geçdi mergi damagyndan,
Damagyndan suw geçmedi.

Gülle degen sünbül ýaly,
Ýykyldy, saz piri, ine.
Bir bulgur suw suwlar guýdy,
Bir giden Dünýäñ sesine.

* * *

Gepleýär türkmen dilinde,
Türkmen dilinde sözleýän.
Düşünemok dilme oglum,
Menem düşünmän gözleýän

Gürrüñ edýäs durmuş hakda,
Pikirlermiz gelýär çapraz.
Maña meñzeş bor bir zatda —
Guwanç oglum nebse çapmaz.

On bäş ýaşla düşünmek kyn,
Çalaryp kyrka ýetene.
Dikrarym maña düşnenok
Indi düşünýän pedere.

■ ÝALANÇYNYÑ MAZAR DAŞYNDAKY ÝAZGY

Dogry sözdi gaçgyny,
Ýalany goldap geçdi.
Ili aldajak bolup,
Öz-özün aldap geçdi.

Aşyrguly BAÝRYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle