| |

Arkadagyñ şäheri

Arkadagyñ şäheri ARKADAGYÑ ŞÄHERI

Arkadagyñ şäheri

Binýady­ berk,­ belent­ şäher­ gurjaga,
Gönezlikdir­ Arkadagyň­ şäheri.
Görkün­ gören­ deňäp­ biler­ gurjaga,
Gözellikdir­ Arkadagyň­ şäheri.

Hemmä­ mälim­ bu­ şäheriň­ ýaşlygy,
Ýurt­ ýüzükmi..?!­ Çyndyr­ göwher­ gaşlygy.
Ulularyň­ söýşi­ ýaly­ ýaşlygy,
Söýerlikdir­ Arkadagyň­ şäheri.

Edilen,­ ediljek­ bar­ işi­ bilen,
Täze­ gurlan,­ täze­ taryhy­ bilen,
Belent­ waspy­ bilen,­ tarypy­ bilen,
Öwerlikdir­ Arkadagyň­ şäheri.

Bir­ gelenler­ taryp­ eder­ dolanyp,
Bilbil­ ýaly­ bakja-bagyna­ gonup.
Säheriň­ adaja­ şemaly­ bolup,
Öserlikdir­ Arkadagyň­ şäheri.

Günüň­ gijigeni­ hem­ iri­ bilen,
Ýagşy­ doga-dileg,­ zikiri­ bilen,
Bir­ sözli­ aýdylan­ pikiri­ bilen,
Eserlikdir­ Arkadagyň­ şäheri.

• BAGTYÝAR ÝAŞLAR

Göwünleri ýaza öwürer gyşy,
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar.
Başyna gonandyr bagtyň ak guşy,
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar.

Beýik ynam bilen ýörärler ýoly,
Söýgi bolar olaň sag bilen soly,
Gursagy hyjuwdan, hyruçdan doly,
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar.

Özgerderler, ösdürerler halky şu —
Döwrüň ýaşlar bilen bile galkyşy.
Haýyr işläp, gazanarlar alkyşy,
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar.

• SERWIM

Sen meniň ynanjym, sen meniň söýgim,
Şol söýgiň goragy, gaýa bol, serwim!
Hanha, aýakýalaň oýnan ak beýgim,
Barym-ýogum, barna eýe bol, serwim!

Ýyly mähriň ojagymy ýylatdy,
Kalpdan gam-gussamy kowup, güm etdi,
Hoş sözleriň gursagymy gül etdi,
Ak öýmüze synmaz söýe bol, serwim!

Bilýäň özüň, sada, çarwa maşgalam,
Barym, bagtym bu başyma baş galam.
Aklyma pikir bol, elime galam,
Sözlerime öçmez syýa bol, serwim!

***

«Gowy» diýip, gowy goýulýan bolsa,
Buşlugy ýaňlanar belende-pese.
Gözeller gözel bor söýülýän bolsa,
Ýigit gaýrat tapar, kemsidilmese.

Näme diýilse-de, ýollar köteldir,
Özüniň esasy, delili ýetik.
Kimler gülüp, kimler aglap ötendir,
Kimi bardyr kimligini bilmedik.

Hoş sözlere derdin egser her zadam,
(Dünýe derdi meňzemeýär guta:ra).
Kyn günlere duçar bolanda adam,
Sähel zady ediberýär tutaryk.

***

Büdüräp bildim yzany,
Azaşyp bildim aly men.
Söýdüm säherde azany,
Ejizleriňem haly men.

Golum göterip gaýratla
Gyýa bakmadym, goldadym.
Özi namart, çaman atla
Baş egip, boýun bolmadym.

Söýüp etmedim kine men,
Yşkym gursakda ataşdy.
Arkamy diräp ile men,
Soňsuz söýgä-de sataşdym.

«Arzyly bor alkyş alan»
diýen pähime eýerdim.
«Ýalňyşany ýola salan
jenneti bolar» diýerdim.

Azaşyp bildim aly men,
Büdüräp bildim yzany.
Ejizleriňem haly men.
Söýdüm säherde azany.

• KÜÝSEG

Gel, gel, dostum, gür ber käte,
Has duýulýar seň geregiň.
Ýekelikde adam näder?!
(Agyr ýüklüdir bir egin).

Sözleriňdir derde emim,
Bitirýän bar ýaralarym.
Tapmadym men asla deňim,
Sen bulara garamagyn.

Ýekelikde adam näder?!
Has duýulýar seň geregiň.
Gel, gel, dostum, gür ber käte,
(Hiç zat görenok garagym).

Çaryberdi REJEPOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle