Arap syýahatçysy Ibn Fadlana
Arap syýahatçysy Ibn Fadlana

Zyýarata gelip mundan müñ ýyl öñ,
Gonak bolduñ gyşlagyna oguzyñ.
Oguz söwüş etdi. Toý tutdy oguz,
Aýdym aýtdy ozan ölläp bogazyn.
Parhy ýokdy Bagdatdanmy, Halapdan,
Sen gelipdiñ ýollar söküp arapdan.
"Myhmanyñky üç gün…" çykyp galypdan,
Öýden öýe, toýdan toýa gonupdyñ.
Ine, şeýdip oguz bilen tanyşdyñ,
Ogly bilen, gyzy bilen danyşdyñ.
Sährasynda bedew atlar çapyşdyñ,
Bedewiñ üstünde ýaýa dönüpdiñ.
Lebzi halal oguz seni tanady,
Lebzi halal oguz seni halady.
Gysganmady senden serpaý-halady,
Oguz dagdy, sen hem gaýa dönüpdiñ.
Oguz hakda kyssa ýazdyñ "Galsyn" diýip,
"Oguz neberesi ýada salsyn" diýp.
"Iller oguz mukamyny çalsyn" diýip,
Sahawatda Hatamtaýa dönüpdiñ.
Oguz hakda ýazyp arap hatynda,
Fadlan adyñ galdy taryh gatynda,
Şu goşgyny ýazyp seniñ hakynda,
Menem akar çeşme-çaýa dönüpdim.
7.05.2006
Allaýar ÇÜRIÝEW. Goşgular