Arap pähimleri
Arap pähimleri

— Kakañ miras galdyrmadyk bolsa, agaña bil baglama.
— Karz berseñ — sen dost, algyñy dileseñ — sen duşman.
— Karz almak — süýji, bergiñi bermek — ajy.
— Kesekiniñ bugdaýyndan öz arpañ gowudyr.
— Köp gürleýän adam, özüne bolan sylagy ýitirer.
— Kim bir kemsiz dost gözleýän bolsa, ol dostsuz galar.
— Könäñi aýap sakla, täzesiniñ bolmazlygy mümkin.
— Kim gaty uly bölegi dişläp alsa, onuñ bogazyna tegek bolmagy mümkin.
— Kim ekinini suwarýan bolsa, ol bugdaýyñ döwegini-de döwer.
— Kim kesekiniñ gybatyny edýän bolsa, ol seniñem gybatyñy edýändir.
— Kölege bermeýän agajy kesýärler.
— Kör bilen bir tabakdan nahar iýeñss adalatly bol.
— Maly gulagyndan ýapyşyp tutýarlar, adamy dilinden.
— Masgaralyk ömrüñden-de uzyndyr.
— Maýmyn aýnada öz keşbinden gorkýar.
— Nahar ilkinji lukmadan başlanýar, dawa ilkinji sözden.
— Ogluñ — özüñki, gyzyñ — kesekiñki.
— Özüñ ýagşylyk eden bolsañ, öwünme, özüñe ýagşylyk eden bolsalar — aýt.
— Öz syryñy hemmeden gowy öz ýüregiñ saklar. Öz aladañy garyndaşlaryñdan başga hiç kim paýlaşmaz.
Terjime eden: Hangeldi GARAHANOW.
Surat: K.Makowskiý / «Arabyñ portreti» Sözler