Arak hakynda
Arak hakynda
Eger içseñ bir owurt arak
sen has dilewar.
Eger içirseler üç owurt arak,
haýbatyñ hem bar.
Eger içirseler on owurt arak,
sen gaplañ hem şir.
Diýýärsiñ: «görkeziñ äpet aždary,
alaýyn ýesir!»
Traktory ýa-da parawozy däl,
depýärsiñ dagy.
Şirin sözleri tiz unudarsyñ,
her sözüñ awy.
Eger içirseler köp owurt arak,
Özüñ baş akmak.
Bir gezek ogşadyñ ala köpegi,
oña süñk oklap.
Arak içirseler, menem sen ýaly,
üýtgeýändirin.
…Doganlar aragy dostuñyza däl,
duşmana beriñ.
Allaberdi HAÝYDOW. Goşgular