|

Är-aýalyñ degişmeleri -1

Är-aýalyñ degişmeleri -1 ÄR-AÝALYÑ DEGIŞMELERI

Adamsy:
— Señ bu getireniñ çaýmy ýa-da kofe?
Aýaly:
— Tagamyndan bileñokmy?
Adamsy:
— Ýok. Bilemok.
Aýaly:
— Onda saña çaý boldy näme, kofe boldy näme? Içiber-dä berlenini!

*   *   *

— Kakasy, bolşuñ nähili? — diýip, Ependiniñ aýaly içine tüýküripdir. — Beýle-de bir geýinmek bormy? 
— Ýeri, näme?
— Kelläñde gulakjyn, bir aýagyñda ädik, bir aýagyñda şypbyk, bir eliñde ellik, beýleki eliñde saýawan, ýeñsiz köýnegiñ üstündenem possun geýipsiñ.
— Keýwany, men howa býurosynyñ maglumatlaryna görä geýindim-dä! — diýip, Ependi özüniñkini dogry edipdir.

*    *    *

— Siziñ adamyñyz haýsy partiýa degişli? — diýip, bir amerikan kempirinden sorapdyrlar.
— Meñ adamym ömürboýy bir partiýa ygrarly bolupdy — diýip, kempir jogap beripdir. — Şol partiýa men!

*    *    *

— Näme üçin adamyñyz bilen aýrylyşjak bolýañyz?
— Indi onuñ bilen sögüşer ýaly hiç hili bahana galmady.

*    *    *

— Ýok. Men oña durmuşa çykjak däl! — Gyz tolguna-tolguna gürläpdir. — Ol ýaman garry…
— Bolanda näme — diýip, ejesi ony köşeşdiripdir. — Sen ony bişirip etini iýjek aladañ ýok ahyry?!

*    *    *

Adamsy gyzdyryp, öýde ýorgan-düşekli ýatyr. Aýaly başujuny saklap dur. Gyzdyryp ýatan düşnüksiz madyrdap, iñ soñunda aýyl-saýyl gürleýär:
— Eý, Hudaý! Men jennete düşäýdimmikäm?
— Ýok, ezizim… Entek başujuñy saklap durun-a men…
— Dowzahda diý-de, gutarda…

*    *    *

— Gelin baý, bagyşlarsyñ, ýer ýykdym, ýöne baýramçylygyña sowgat tapmadym.
— Hudaýa şükür, içmän gelipsiñ, şo-da maña uly sowgat.

*    *    *

— Är jan, doktorlar maña howany çalyşmaly diýýäler.
— Bir hepde tagapyl kyl, gelin baý, şonda howa myrtar sowajakmyş.

*    *    *

— Keýwany, gel, ikimiz siziñ baýramçylygyñyzyñ öñüny beri jenjelleşmejek bolaly-la?
— Bolýa, ýöne sen maña aýt? Heý, sen ömrüñde ýakynlañña kömek edipmidiñ?
— Elbetde. Ynha, saña öýlendim ahyry!

*     *     *

— Jora jan, entegem söýşüp ýörenmisiñiz?
— Söýgi birçak gutarandyr. Biziñ nikalaşanymyza eýýäm bir aý bolup barýa!

*     *     *

Iki arakkeş duşuşýar.
— Hany, biziñ üçünjimiz?
— Hudaýa şükür, ol, dünýäñ azabyndan dyndy.
— Näme, öläýdimi ol.
— Ýok-how, aýaly bilen aýrylyşyp ýör.

*     *     *

— Näme üçin sen saçyñy sarymtyl reñke boýap göreñok?
— Oñ nämä derkary bar, är jan?
— Sary gelinleñ eli süýgi bolýa diýýäler-dä!

*     *     *

— Siz näme üçin aýrylyşmak isleýäñiz?
— Adamym ähli bişiren zatlammy özüme iýmäge mejbur edýä.

*     *     *

— Men diri samsyk ekenim! Näme üçin saña öýlendimkäm?
— Bäý-bä! Samsyklar hemişe bagtly bolýa diýip ýöne ýere aýtmaýan oguşýalar?

*     *     *

— Sen-ä halys bihaýa ekeniñ. Bir aýyñ içinde menj on gezek aldadyñ! — diýip, aýaly gaharlanypdyr.
— O nähili on sapar? Dokuz sapar diýsene… Şu ýalan sözleseler meñki bolanok-da! — diýip, adamsy ör-gökden gelipdir.

*     *     *

Aýaly ärine:
— Ezizim, sen düýşüñde maña ýakmaz zat diýdiñ. 
— Ýalñyşýañ, söýgülim, men bütinleý ukuda däldim.

*     *     *

— Gelin baý, meni bir aýlyk okuwa iberýäler.
Muny eşiden aýaly aglaberipdir.
— Goýsana walla, bir ýyllyk däl, bir aýlyk gidýän-ä…
— Men saña belet… Bir aýlyk diýýäñ-de, üç-dört günden dolanyp geläýýäñ!

*     *     *

— Sen haçandan bäri beýle doñuz bolduñ?
— Saña öýlenenim bäri!

*     *     *

— Aý, är jan, gözüñe-başyña döneýin, turaý indi. Horazlar eýýäm üç gezek gygyrdy.
— Gygyrsa-gygyrybersin, maña dahyly ýok olañ wakgyldysynyñ! Goý, towuklar tursun!
— Turaý, bu günüñ sekizinji martdygyny-da unutma!
— Sekizinji martyñam maña dahylly ýeri ýok, goý, aýallar tursun!

*     *     *

— Söýgülim, sen maña durmuşa çykarmyñ?
— Aý, oglan, näme beýle howlugýañ?
— Men ejeme dokuz bolmanka öýe gelerin diýip söz berdim-dä!

*     *     *

Adamsy işden gelýär. Aýalynyñ bütinleý keýpi ýok.
— Ýalbarýan, gelin jan! — diýip, adamsy ýüregini eline alypdyr. — Şum habar bir aýtmaweri!
— Ýagşy — diýip, aýaly zordan gürläpdir. — Hudaýa şükür, biziñ dört oglumyz bar, şu gün şolañ üçüsi elini-aýagyny döwmedi.

*     *     *

— Keýwany, sekizinji martyña näme sowgat etmeli?
— Täze aýna satyn alyp beräý, köne aýnamyñ soñky wagtlar halys görki gaçypdyr.

*     *     *

Bankda kassir bolup işleýän zenan ýüregini dökýär:
— Jora jan, menem indi garrap ýörün öýdýän.
— Kim diýýä muny.
— Hiç kim. Ýöne geçen ýylam erkek kişilere pul beremde olar sanaman gidýärdiler, şu ýyl welin barmaklaryna tüýkürişip sanaşyp otyrlar.

*     *     *

— Keýwanymyñ sesi gyrlypdyr. Nätsekkäk?
— Içip-içip, dañdanlar öýe bar, nädersiñ, derrew sesi düzeläýse!

*     *     *

— Ýadyña düşýämi, hol yzyñda ser-sepil gezip, saña öýlenjek bolan ýigit bar-a, ana, şol aýalyny biwepalykda tutup, ony atyp goýberenmiş.
— Toba-toba! Alla görkezmesin. Şol haramzada durmuşa çykman saña durmuş çykyp oñarypdyryn. Ýogsa…

*     *     *

— A gyz, goñşy jan, maňa az-owlak pagta ýagy, az-owlak et, az-owlagam sogan-käşir gerekdi.
— Ýogsa-da, gazandyr suwy, odundyr otluçöpi beri özüñden önjekmi, goñşy?..

*     *     *

— Sen näme üçin maña ullakan köýnek satyn alypsyñ?
— Dükançy gyz meñ keltejik adama durmuşa çykanymy bilmesin diýdim-dä!

*     *     *

Mugallym:
— Sekizinji mart haýsy güne düşýä?
Okuwçy:
— Kakamyñ nahar bişirýän gününe!

*     *     *

Aýalym maña beýleki aýallary söýmäge rugsat berdi. Menem, onsoñ, aýalymy öñküden-de beter söýdüm.

*     *     *

— Durmuşa çykjagymy hiç kime aýtma diýmedimmi näme?
— Hiç kime aýdamogam. Men diñe joralarymdan señ olary durmuş toýuña çagyryp-çagyrmanyñy soradym.

*     *     *

— Gyzyñ jany kyrk bolar diýýäler.
— Köýnegem.

*     *     *

Iki aktrisanyñ gürrüñinden:
— A gyz, adamym maña teatrdan gidersiñ diýip hiç günüme goýanok.
— Bäý-bä, tomaşaçylar adamyñy satyn alaýdymyka?

*     *     *

— Äre barmamy yza çekmeli bolandyryn, jora jan!
— Eýgilikmi özi?
— Barjak ýigidimiñ kakasyny işden pyzypdyrlar…

*     *     *

Aýaly:
— Şu gün señ bilen ymyklyja düşünişäýsem diýýän.
Esentanyş:
— Sen başlaber! Men häzir gelýän…

*     *     *

— Aýalym bir diýenimi iki gaýtaladanok.
— Tüweleme, batyr gelniñ bar eken-ow!

*     *     *

Esentanyş:
— Haý alan ýaglygyñ bar bolsun! Dereksiz-ä munyñ señ…
Aýaly:
— Häzir ýaglygyñ bahasyny aýdaryn welin, nädersiñ, gülki ýadyñdan çykaýsa…

*     *     *

Esentanyş gijäniñ bir mahaly aýalyny yralap turzup, şeýle diýipdir"
— Bessir, mundan artyk çydamaga ýagdaýym ýok. Häziriñ özünde pyçagy tapyp getir!
Oýaly-ukuly halda galan aýalynyñ zähresi ýarylypdyr:
— Pyçagy näme etjek?
— Biraz çörek kesip iýjek — diýip, Esentanyş öýüñ biş-düşüne seretmän ýören gezegem aýalyndan bizar bolsa-da, gaharyny ýuwudypdyr. — Açlygymdan surnukdym.

*     *     *

Esentanyş ojakda ot tutaşdyrjak bolupdyr. Ýöne çalman çyg bolansoñ, wagty bilen hiç tutaşmandyr. Ol gaharyna aýalynyñ bürenjegini alypdyr-da, şonuñ bilen ýelpäpdir welin, ot derrew tutaşaýypdyr.
  —     Muña  sered-ä — diýip, Esentanyş içini çekipdir. — "Aýaldan gorkmadygyñ imany ýok". Gör-ä, muny! Gudraty güýçli aýalymdanam gorkýan eken…
  Degişmeler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle