| |

Ar alyş / hekaýa

Ar alyş / hekaýa AR ALYŞ

Hekaýa

Köçe tarapky otagyň penjiresi şakyrdap açylanda
Gaýyp oýa ýatyrdy. “Şirmyrat gelendir” diýip, ol ýatan
ýerinden çak urdy. Durşy bilen gulaga öwrülip, goňşy
otaga diň saldy. Birazdan aýalynyň ýarym pyşyrdy
bilen gepleýän sesi eşidildi.
— Ýuwaşrak. Gaýyp ýatyr-a. Oýanaýmasyn.
— Oýananda näme?!
Gaýyp ýalňyşmandyr. Pejiň turbasyndan çykýan
ýaly güňleç ses penjireden geleniň Şirmyratdygyny
tassyk etdi.
— Şonda-da gowy däl-dä… Men beýleki äpişgäni
açyp goýdum ahyryn. Şakyrdadyp ýörmän, şondan
giräýmeli ekeniň… Köwşüňi nirede goýduň? — diýip,
Gaýybyň aýaly gepleýärdi. Onsoň hiç zat eşidilmedi.
Gaýybyň aýaly Zylyha myhman-mediwan gelende
bolaýmasa, köplenç başga otaga geçip, ärinden aýra
ýatardy. Telim gün bäri bolsa mekdebiň bedenterbiýe
mugallymy Şirmyrat giçden soň penjireden girip,
Zylyhanyň ýanyna gelýär. Bigäne erkek kişiniň il
ýatansoň bukdaklap, kesekiniň nikaly aýalynyň ýanyna
näme iş bilen gelýändigine Gaýybyň akyly kesýär.
Birki gije ýatman, ukyny harama çykaryp, olaryň
gürrüňini-de diňledi. Oýnaş bilen ograşyň arasynda,
elbetde, döwletli gürrüň bolup bilmez. Şirmyrat bilen
Zylyhanyň ukudan galyp diňläniňe degmeýän
gürrüňlerini Gaýyp halamady.
Eýsem, indi Gayýp nätmeli? Dogrusy, ol aýaly
bilen Şirmyradyň bu bolup ýörüşlerini oňlanok. Ýöne
seniň öz ýanyňdan oňlap-oňlamazlygyň, bu başyna
gidenlere jinnek ýaly kär etmese nä. “Şulaň şu bolup
ýörüşleri bolanok. Men şony oňlamak” diýeniň bilen
ýagdaý üýtgänok. Nätmeli?
Gaýybyň kellesine bir pikir geldi. Äpişgelere
gözenek goýdurmaly! Ynha, erte-birigün aýlyk
berilýär. Zylyha aýtman, bazar çykaga-da demir
gözenek satyn alsaň! Aý, ýok, ol bolmaýar. Zylyha ony
etdirmeýär. “Gözenekleri sat-da, aýlygyňy elime getirip
ber” diýip galmagal eder. Eýdip-beýdip, gözenek
goýaýaňda hem “Penjire bolmasa, gapy bar-a” diýip,
Şirmyrat işikden giriberse nätjek. Bar, işigem içinden
kiltläp ýatdyň-da, heleýiňi nädip saklajak? Ýok, başga
bir ýol tapmaly.
Edil häzir üstlerine giribem Gaýybyň utjak zady
ýok. “Halypa, heleýyiň özi göwneýä” diýip, Şirmyrat
hakykaty wazladyp, ýüzüňe basaýsa, nädersiň?!
Zylyha-da onuňka galat diýmese, gaýta “Hawa, özüm
göwneýän. Edibiljek zadyň barmy?” diýäýse, heý,
boldugymy? Garaz, ýatanyň üstüne turan giren halaty
gowulyk bolmaýar.
Zylyhanyň talagyny bermek baradaky pikir hem
dürs däl. Sebäbi otuz ýaşap, aýaly bilen aýrylyşsa,
Gaýybyň il içinde galanja abraýy-da döküljek.
Bir oňatja maşgala tapyp, ikinji gezek öýlenmek
baradaky gury hyýaldan hem daş durmaly. Ýogsa, iki
aşdan galan bolarsyň. Çünki, senden çaga ýüzi
düşmejegini bilse, kim saňa heleý bolsun?! “Aslynda
saňa heleý nämä gerek? Seň özüň heleý-ä. Erkek
eşigini geýen heleý!” diýip, Gaýyp özüni günärtledi.
Şirmyrat bilen bolsa bellisini edip boljak däl. Çola
ýerde pyçakly-paltaly topulsaň, bu günüňi özüňe köp
gördügiň bor. Meselem, aýagyňy sallap, türmä
gidersiň! Pyçakly-paltaly topulmaga sende gaýrat bir
barmy, Gaýyp?
Gaýyp ýerden ýeke çykan däl. Agalaryna, inilerine
duýduraýmaly. Şeýtse emele gelen ýagdaý azda-kände
oňyn çözüljek. Emma sen ertir iliň-güňüň ýüzüne nädip
seredersiň? Belanyň körügi seniň özüňde ahyryn.
Eýse, nätjek, ä? Gara başyňy alyp, ümdüziňe gaçyp
gitjekmi? Ýa utanman, hökümede ýüz tutjakmy?
Gowusy, hol bassyrmanyň agajyndan asylyp, öl!
“Ýataýyn. Ertirem daň bilen işe gitmelidirin” diýip,
Gaýyp pallady. Birazdan uka gitdi.

* * *

Zylyhanyň pikiriçe, zenan gözelligini duýmak erkek
kişiniň borjy. Erkek kişi aýalynyň göwnüni
tapmalydyr, oňa hoş söz aýtmalydyr, mylakatly
garamalydyr. Şeýtse, aýal ondan mährini gysganmaz.
Gerek bolsa, nogta saçlaryny sübse edip, äriniň ýörejek
ýollaryny sübselär. Şunlukda är-aýal söýenişer-de,
dünýäniň ähli zadyny ýeňip bilýän ägirt güýje öwrüler.
Niçikmi, äriň aýal diýlen jynsyň dünýesine
düşünmeýärmi, sen dünýäň bar eşretinden mahrum.
Aýal mährini bilmeýän erkek kişi nadandyr.
Ynha, meselem, Gaýyp! Heý, şuňa erkek diýip
bormy? Zenan görende ýüregi gobsunmasa, ol-a
Zylyha ekeni, peri-peýker bolaňda nä peýda!
Gelin bolup gelen mahallary Zylyha muňa kän yhlas
etdi. Zylyhanyň maslahaty bilen Gaýybyň özem
lukmana telim gatnady. Tebibe-de bardy. Em aldy.
Ýöne Gaýybyň aýala bolan garaýyşy üýtgemedi. Bu
ýagdaý Zylyhany örtese-de, Gaýybyň göwni bir ýaly,
düňderilip ýor. Ir bilen işine gidýär. Agşamlyk gelýär.
Nahar edinip ýatýar. Ertesi ýene işe gidýär. Onuň
şäheriň haýsy edarasynda näme iş edýänini Zylyha,
dogrusy, bilenok.
Bir gün Zylyha onuň göni bäbenegine seredip: “Sen
erkek däl!” diýibem gördi. Gaýyp nätsin? Ýüzüni
sallap otyr. Mahal-mahal Zylyha oňa paýyş sözler bilen
sögýär. Gaýyp sesini çykaranok. Başyny aşak salyp,
dymýar. Şonda ol Zylyhanyň gözüne nähak şarpyk iýen
neresse çaga bolup görünýär.
Gaýyp gaty gahary gelende: “Boldy et, how indi!
Masgara etdiň” diýip gaýtargy berýär. Şol wagt Zylyha
onuň gözlerinde ärine mahsus bolmadyk dogum
görýär.
Zylyha bireýýäm Gayýp bilen aýrylyşjakdy. Başga
äre gitjekdi. Ýöne o diýeni hiç ugruna bolmazdy.
Çünki ikisiniň ejesi dogandy. Aýrylyp gitjek ýeriň
nire?! Aýrylyp gidäýeniňde kime barjak? Boý oglan-a
tapdyrmaýa. Tapdyraýanda-da onuň başyny aýlamaga
Zylyhanyň güýji ýetmez. Hany indi öňki Zylyha
barmy? Hawa, telpegagan kändir. Ýöne seniň
maňlaýyňdan kim çykjak? Ana, şo näbelli.
Barybir perzent küýsegi Zylyhany biparh goýanok.
Eýsem-de, dünýeden zürýatsyz ötmek duýgusy Gaýyba
ezýet bermeýärmi? Bir gezek ol Zylyhanyň ýanynda şu
hakda agzady. Hossarlarynyň birinden ogullyk perzent
almak pikiriniň bardygyny, beýleki önelgesiz
adamlaryň-da şeýdýändigini ýaňzytdy. Zylyha
göwnemedi. “Gurt çagasyndan ekdi bolmaz” diýdi.
Gaýybyň, bilýäňizmi, nämä güýji ýetýär? Diline.
Onuň keýpine adamlary aldamakdan, ýalan
sözlemekden, kezzapçylyk etmekden başga oňarýan
zady ýok. Ýalan sözlemäge-de bijaý ökde. Sepini
bildirenok. Özem aldanan adamlaryň bolşundan keýp
alýar. Işi tükenen wagty o deýýus Zylyhany-da it oýnan
ýaly oýnap ýör. Ýogsa, kän gezekler uçugyny hem
aldy.
Ine, Gaýyp şeýle adam!

* * *

“Şularyň şu bolup ýörüşleri hiç bir kowahata
syganok” diýip, Gaýýp öz ýanyndan Zylyha bilen
Şirmyrady ýazgarýardy. “Zylyha-ha arli heleý.
Şirmyradam heleýli-zatly. Birgidenem çagasy bar.
Bular şagal, ýaly uzak gije ýatman beýdişip ýörseler,
men bilmediksirän bolup gezsemem, bu gün bolmasa,
ertir üsti açylar. Daban ussanyň heleýi Miwe ýaly öň
etegini dişläp, gep gözläp ýöreniň biri görse-hä bar
onsoň, şo gijäň özünde ymmata bellentgi borsuň.
Şeýdibem ikarada men biabraý, masgara bolaryn.
Onsoň öňýetenem giçden soň it örüzip, köçe tarapky
äpişgäňi kakar durar. Aý, ýok, mundan-a mydar
bolmaz. Näme-de bolsa, bir zat etmeli!”
Öýünde dörän adatdan daşary ýagdaý, ynha, indi
telim gün bäri Gaýyba ynjalyk berenok. “Bulara al-hile
salyp, emel bilen kär edip bolmazmyka?” diýip, ol
pikirlenýärdi. Gaýybyň ýanynda ýalan söz gyt däl.
“Ejeň ýaranok diýdiler. Iki gün bäri ýüregini tutup
ýatyrmyş. Git-de, sorap gel” diýäge-de, Zylyhany
aldap, atasy öýüne iberäýmeli. Ýöne munuň soňy puç.
Zylyha irden gider-de, günortana yzyna geler. “Nä
oýnatgyň barmy, ýerçeken?” diýip, galmagal eder.
Onda Şirmyrada bir emel etmeli. Meselem, Şirmyrat
işde wagty göni aýalynyň ýanyna baryp, “Äriň gijesine
nirä gidýänini, näme edýänini bilýäňmi?” diýmeli.
“Pylanylarda üýşüp, kart oýnaýarlar” diýip, bir
kartkeşiň adyny tutaýmaly. “Ähli ýygnanjaňy bir gün
karta goýar. Jaýyňyzam utdyr” diýibem gorkuzmaly.
Ýa-da Şirmyrat her gün gije tirýek çekýä. Ynha, bir
gün tutulyp, işden kowular. Işden kowulany bilen
sypmaz. Çagalaryny döküp, türmä-de gider. Ahmal
bolma!” diýmeli. Göwnüne güman gitmez ýaly
“Tirýekilerdir, kartkeşleri çemine garap, tutup, türmä
dykyp ýören birki sany tanşym bar. Ana, hol pylany
bilen pylanyny gümgidene ýollanam şolar. Eýýämden
ugruna çykyp, Şirmyrat dagynam gözastyna alypdyrlar.
Biziňk-ä bir duýdurmak” diýäýmeli. Onsoň Şirmyrat
kim aýtdy diýip aýalyny gyssar. Aýalam Gaýyp aýtdy
diýer. Onsoň Şirmyrat öňküsi ýaly penjireden gelmez.
Göni işikden girer. Gaýyba-da “Halypa, men-ä seň
heleýiň ýanyna geldim. Senem meň heleýimiň ýanyna
baryp, “Şirmyra-da meň heýelim bilen ýatyr” diý-de
aýdaý” diýer. “Kart oýnaýa, tirýek çekýä diýip töhmet
atypsyň. Meň günümi bulajak bolupsyň. Şuň üçin seni
türmede çüýrederin” diýip haýbat atar. Türmä
basdyrmakdanam gaýtmaz. Gaýyp pylança ýyl alyp,
türmä gidiberse, Şirmyrat üçinem kem bolmaz. Belki,
Zylyha-da şony isleýändir. Gaýyp öýde wagty ymmata
sygmajak wejeralyga baş goşup ýören Zylyha bilen
Şirmyratdan her zat çykar.
Gaýyp hopugyp, zöwwe ýerinden galdy.
Näme etmeli?

* * *

Agşam Gaýyp ýatmady. Köçe tarapky otagyň
gapysyna gulagyny goýup, Zylyha bilen Şirmyradyň
gürrüňini diňledi.
— Çaga galsa, aýyrtmaly borsuň — diýip, Şirmyrat
maslahat berýärdi.
— O nämüçin aýyrtmaly borun. Aýyrtmaryn — diýip,
Zylyha ters gürrüň edýärdi.
— Beh, beh, aýyrtman, nä, eýsem, şu ýaşdan soň
doguraýjakmy? — diýip, Şirmyrat geň galýardy.
Zylyha torsarylyp:
— Hawa dogurjak. Nämä şu ýaşdan soň diýen
bolup… Entek otuzam ýaşamok — diýýärdi.
— Men saňa neme diýjek bolamok, garrapsyň diýjek
bolamok. Ýöne şunça ýyl arli halyňa dogurman, indem
çagalap-beyleki edip ýörseň, birhili bolmazmy?.
— Nämesi birhili bolsun? Maňa nä çaga dogurmak
gadaganmy? Ýa gysyr sygyr ýaly, topugyma gan
degirmän, müjerret ötmelimi? Menem goltugyma çaga
alyp, perzent söýmeli ahyryn.
“Hudaýyň bermedik zadyny alyp bilmersiň” diýip,
gapy diňläp duran Gaýyp öz ýanyndan akyl satdy.
— Sen meni söý. Ine, men bar-a — diýip, Şirmyrat çyn
gatyşykly degişdi.
— Seň öz ýeriň bar, çagaň öz ýeri bar.
Onsoň birsellem ikisindenem ses çykmady.
— Beh, seň çynyňm-aý? — diýip, ahyry Şirmyrat
dillendi.
— Hä, saňa çaga dogurjak diýip, oýun etsem
gowumy?
— Aý, şu gürrüňi, how, oýun edibem aýtma. Birhili
çyna meňzäp barýa.
— Hm… Sen henizem maňa oýun edýändir
öýdýäňmi?
— Gepiň gysgasy, Zylyha, sen menden çaga
dogurmarsyň!
— Dogyraryn!
— Dogurmarsyň!
— Şirmyrat bular ýaly hökümli gepiňi git-de, öz
heleýiň ýanynda aýt.
“Hä-ä, häý, berekella! Sögüşäýbilsediler” diýip
Gaýyp begendi.
— Goýaly-la şu gürrüňi, Zylyha! — diýip, Şirmyrat
Zylyhany öz ugruna kowdy. — Men-ä seň, ýanyňa
ukudan galyp, dynç almaga gelýän. Sen bolsaň…
— Dogdu-da. Käşgä öz adyňa geçiren heleýiň bolan
bolsam…
— Men seni nädip öz adyma geçireýin? Men heleýim
bar.
— Men sana heleýiňi kowup, meni al diýemok.
— Onda näme?
— Şirmyrat, men çaga dogurjak!
— Bäh, nähili heleý eken-aý bi?!
— Sen diňe öz işiň biterini bilýäň.
— O-how, adam, sen boljak zadyň gürrüňini edeňoga.
— Bolar. Näme bolman?!
— Bolarmy, hä? Eýse, nädip bolsun? Şu wagt sen
çaga dogursaň, ilin näme diýjegini bilýäňmi?
— Ah, ildir-dä diýer-goýar. Asla il näme diýsin? Meň
ärim bar, zadym bar. Iliň nä işi?
— Il seň äriňi bilýän däldir-ow.
— Hawa, bilýän däldir. Çagasy bolman-bolman
bolýanam bar-a.
— A sen öz äriňi nämetjek?
— O nähili nämetjek?
— Sen häzir çaga dogursaň, Gaýyp biler-ä, o çagaň
özüniňki däldigini.
— Bilmez.
— Bilmezm-aý, bilmezmi? Heriňiz bir jaýda ýatyp, o
nähili bilmez?
— Men oň boýnuna goýaryn. Sen o tarapdan arkaýyn
bol.
“Men-ä boýnuma alman. Hany, etmedik zadymy
boýnuma goýubilşiňden goý-da, göreýin” diýip, öz
ýanyndan Gaýyp gaharlanjak boldy.
— Onsoň birden seň ol är diýip saklap ýören zadyň
boýnuna almasa nätjek? “Men seň bilen ýatamogam
welin, bi çaga nireden geldi? Kimden aldyň muny?”
diýäýse, näme jogap berjek?
“Geple, näme jogap berjek?” dýiip, Gaýyp öz
ýanyndan Şirmyrat bilen deň gopdy.
— Hm… Aý, ol oňňaly zady sorabam durasy ýok.
Onsoňam aş saýlap ugramda men oň ýanynda ýataryn.
Çaga galypdyr diýibem aýdaryn.
— Birden soraýsa nätjek? Kimden diýäýse näme
diýjek?
— Men oňa senden başga ärim barmy diýerin. Eňek
bermen. Ynandyraryn.
“A men ynanman. Şonda nädersiň? Hm…” edip,
Gaýyp içinden haýbat atdy.
— Haý, näbileýin-dä, Zylyha?!
— O zatlaň hasabyny özüm tarapyn — diýip Zylyha
arkaýyn gürledi.
Ýene birsalym dymansoňlar, Şirmyrat:
— Heý, Zylyha, şu pikiriňi taşla — diýdi. — Gaýyp öz
aýbyny bilýändir. Bolmajak zady edip, birden
nemedäýme…
— Nämedäýme?
— Bulaşaýma.
— Bulaşman.
— Ony öňünden bilip-bilmersiň.
— Bulaşsamam, saňa azarym ýetmez.
— Wah, şü maňa azaryň yetermikä diýip gorkýan-da.
Soň ikimizem birden masgara bolup…
— Masgara borusmy? Äre çykmadyk halyna ejesiniň
öýünde çaga dogrup ýörenler masgara bolsun.
— Onsoň birden o doguran zadyň maňa meňzäberse
nätjek? — diýip, Şirmyrat iňkisli sorag berdi.
— Meňzemez!
— Birden meňzedi-dä, nätjek?
— Diňe saňa meňzemez-ä. Maňa-da meňzemeli bor-a.
Onsoňam saňa meňzäýende-de, kim şüý-ä Şirmyradyň
dogmasy öýdýän diýip yzarlap ýörsün — diýip Zylyha
parahat jogap berdi.
— Aý, bor-da, gör özüň. Erteki gün meni nemetmeseň
bolýa — diýip, Şirmyrat ahyry ylalaşdy.
— Men ony saňa aýtmanam dogrubilýän. Şonda-da
edibiljek zadyň bolmaz. Ýöne seňem pikiriňi bileýin
diýip aýdaýan — diýip, Zylyha şondan soňam bu gürrüňi
goýmady. Onsoň Şirmyrat:
— Sen birhili soňky döwürde semreýäňmi, nämemi…
Hany, gel meň ýanyma — diýensoň, ikisindenem ses
çykmady. Birazdan Zylyha:
— Heleýiň ýanynda-da şular ýaly ölüp-öçüp
barýaňmy? — diýip sorady.
— Üstünde ölüp-öçüp barar ýaly heleýim bolsa, seň
ýanyňda nä körüm bar?! — diýip Şirmyrat jogap berdi.
“Bular-aý, walla, utananoklaram-aý. Şoňňaly
suwjaryşyp-süýjeşer ýaly näme barka?” diýip, Gaýyp
öz ýanyndan geň galdy. Pallady. Ýatmalydy. Ertir ir
bilen turup, işe gitmelidi.
Ýatyş düşegine geçse-de, mahaly bilen Gaýybyň
gözüne uky gelmedi.

* * *

Ertesi Gaýyp ir bilen işe diýip çykan-da bolsa,
şähere gitmedi.
Şirmyradyň duldegşir goňşusy Annaguly jalaýyň
öýüne bardy. Annaguly jalaýyň aýaly Aknabat ärini

işe, çagalaryny hem mekdebe ugradyp, ertirlik çaýyny
ýaňy öňüne alan eken. Gaýyp bärden baranda ol:
— Annaguly-ha şuwatjyk işe gitdi — diýip, heniz
soralmadyk zada jogap berdi.
Gaýyp tasdan “Wiý, şeýlemi? Aý, jany sag bolsa
bor-la. Birki günlükde “Annagulyň çep tarapyndan
paraliç urup, öýünde düşekli zatly ýatyrmyş” diýip
eşitdim-de, soramaga gaýdyberdim” diýipdi. Ýöne
aljyrady. Tas yzyna-da dönüpdi. Ony Aknabat saklady:
— Annaguly bolmasa, ynha, men bar-a. Aýdyber
näme habaryň bar bolsa!
— Habar bolup, üýtgeşik bir neme ýok-la. Ýöne özüni
göräýjekdim — diýip, Gaýyp anyk bir zat aýtmady.
— Keýpinemi özi?
— Keýpine adam soralýan döwürden oba göçdi,
ýeňňe.
— Onda nä?
— Aý, bir zerura düşdüm-de, birazrak karz pul
soraýjakdym.
— Karz pul? Heh-he, pul üçin-ä Annagulyny görüp
oturmagyň peýdasy ýok.
Aknabat Gaýybyň soragly garaýşyna anyk jogap
berdi:
— Ýok-da. Ýok zady Annaguly nädip bersin?! Öýde
hojaýyn bolmasamam şon-a bilýän. Huruşlyk et
almaga-da pul ýok. Unumyzam tükenip barýa. Bir
aýlyga dikginip otyrys. Oňam müň sany deşigi bar.
Haýsy birini ýapjak…
— Ýa-heý, at oýnatmasana, ýeňňe — diýip, Gaýyp
Aknabadyň ýatsa-tursa ömürylla ýadyna düşmejek
gürrüňini tapdy. – Hökümet mugt göçürip goýberesi
ýog-a. Berer-ä kömek pul diýdi, ýene gör diýdi.
— O nähili? Näme ol? Nämäň kömek puly?
— Göçýän adama hökümet kömek puly bermeli bora.
Ýa indi bir daban ýer berip, wüşt, göçüň
diýäýýämikä?
— Kim göçmeli, nirä göçmeli, düşnükliräk geple! —
diýip, Aknabat aljyrap ugrady.
— Ýa entek size aýdanoklarammy? Wi-iý, siz
Şirmyratlar bilen gatnaşygy kesensiňiz-ow. Ýadyma-da
düşenok. Men birhili şum habar getiren ýalam bolýan.
Iki aý mundan öň Şirmyrat çilim çekýänligi üçin
mekdepde Aknabadyň oglunyň mazaly gulagyny
towlapdy. Şu sebäpli, aýalynyň ýel bermegi bilen
Annaguly jalaý çisip-çişip, bardy-da, Şirmyradyň
ýanynda ýaryldy. Oňa ite diýmezini diýdi. “Çaga
meňki. Gelip maňa aýt. Ol-a çilim eken, tirýek çeksede,
çaga barmagyňy batyrmaga hakyň ýokdur. Şuny
ýaman gowy bilgin” diýip haýbat atdy. Şeýdibem
tersleşdiler.
… Aknabat ör-gökden geldi.
— Nämäni aýtmaly? Kim goçmeli? Nirä, nämüçin?
— Niräligin-ä bilemok. Aý, o “Doňuzbatanyň”
töwereklerinden täze mellek bererler-dä.
Nämüçinliginem ertir ýa birigün hökümediň adamlary
mellegiňizi ölçeşdirip-zat edip, aýdarlar.
Aknabat birhowa doňup oturdy. Ol häzir Gaýybyň
gürrüňleriniň çyndygyna ýa-da ýalandygyna
şühbelenmeýärdi, ony parahat oturan adama duýdansyz
abanan howpuň nämälim gorkusy basypdy.
— Şirmyradyň-a mellegini düýn ölçäpdirlerem —
diýip, Gaýyp mojukdan-mojuk gürrüň tapdy.
Aknabat aljyrap ugrady.
— Nämüçin ölçeýärler? Nämetjek bolýarlar?
Nämüçin ala-böle biz? Sen kimden eşitdiň şuny?
— Men-ä biljegem däldim, welin, düýn işden
gelýäkäm Şirmyratlardan üç-dört sany galstukly
adamyň çykyp barýanyny göräýdim. Bular kim diýdim.
Guýymyň suwuny barlan adamlar diýdi. Mellegimi
ölçäp gördüler diýdi. Gepiň gysgasy neme bolupdyr.
Şirmyradyň guýusy barmy?
Şirmyradyň melleginiň ortarasynda guýusy bardy.
Ol bu guýyny öňräk ýörite ussa tutup, mallaryny suwa
ýakmak üçin gazdyrypdy.
— Ana, şo guýyň suwy beýleki suwlardan üýtgeşik
diýýä. Pylan keseliň dermanymyş. Indi hökümediň
niýeti — Şirmyradyň, mellegini kurort etmek. Bu günerte
ýokardan has güýçli alymlar geljekmiş. Şolaram
barlansoň, işe başlabermeli diýýä.
Aknabat gudrat görýän dek aňalyp oturyşyna:
— Onsoň? — diýdi.
— Onsoňy şol. Şirmyratlar bilen siz göçersiňiz. Biziň
şu duran ýerimizem, nesip bolsa, anyrsy bir aýdan
kurort bor — diýip, Gaýyp parahat gepledi.
Aknabat oturan ýerinden ot alyberdi.
— Kurord-a bolmaz şo. Hymm, hany bolubilse
bolsun. Ölini direldýänem bolsa şu taýdan-a kurort
etdirmeris. Oturan adamy göçüräýmek beýle aňsat
diýýä. Maslygymy göçüräýmeseler men-ä göçmen.
— Göçersiň! Näme göçmän?! Hökümediň kejine
gitme! Hökümet zordur.
Hökümediň zordugyna şübhesi bolmansoň, Aknabat
başga sowal berdi:
— O nämüçin diňe biz göçmeli?
— Sebäbi häzir siziňem mellegiňizi gazyp görseň,
şoňňaly üýtgeşik suw çykar.
Aknabadyň muňa ynanasy gelmedi.
— Çykmaz — diýdi. — Artyp galan ekin-ä bitenok şu
mellekde.
— Onçasyny biljek däl. Ýöne düýnki alymlar
Şirmyrada şu iki mellegi kurort etmeli diýipdirler.
Şirmyradyň öz aýdyşyndan ol-a eýýäm şu guruljak
kurortdan bir işem sorapdyr. Bor, boş goýmarys
diýipdirler. Sizem iň bolmanda garawulçylygyny bir
alyň. Kurort boljak bolsa gelim-gidimi köp bor.
“Doňuzbatanyň” oýunda, täze berlen mellekden
salnan jaýy göz öňüňe getirip gören bolsa gerek,
Aknabat gözüni süzüp, birhowa dymdy. Onsoň birden
dikeldi-de:
— Guýusy başyny iýmişiň guýusyny başyna
ýumraýaryn men. Birki bedre duz guýasam,
nädäýersiň, beýleki guýulaň pohuça-da bolmasa, hymm
— diýip, Gaýybyň hälinden bäri diýdirjek bolup duran
sözlerini aýdyp goýberdi. Özem muny Gaýyba bakyp
däl-de, göni Şirmyratlaryň işigine seredip, gaty-gaty
gygyryp aýtdy.
Onsoň Gaýyp:
— Aý, bi mellegiňden göçesiň gelmeýän bolsa,
bilmedim-dä, men näme diýeýin?! — diýip, haňk-huňk
etdi-de, maslahat berýän äheňde şuny diýdi. – Ýöne
näme etjek bolsaň, hiç kime görünmänjik edewer! Biri,
göräýse, sen hökümede zyýan eden adam borsuň.
— Men oňa zeýkeşiň suwuny guýmaga-da ýaltanman.
Onsoň alymlaň atasy gelende nä. Hökümet bize zyýan
etjek bolsa, bizem hökümede zyýan ederis, dek
ýatmarys.
Gaýyp gaýtmak bilen boldy.
— Gaharyňa maňa bir gargyş edäýme, ýeňňe. Men bir
gideýin.
— Gyýw, dur entek — diýip, Aknabat ony saklajak
boldy.
— Aý, barybir pul bolmajak bolsa, näme işim, bar?!
Men zerur pul tapmal-a. Gybat edip oturmaly däl-ä —
diýip, Gaýyp ol ýerden zut gitdi.
— Men ýene-de bir zad-a sorajakdym, gyz… Gyýw,
dur-a! Gitdi-dä kellejigi kesilen — diýip, Aknabat onuň
yzyndan gygyryp galdy.

* * *

Aknabadyň ýanyndan gaýdyşyna Gaýyp tamynyň
kölegesinde orak dişäp oturan Daban ussanyňka
sowuldy. Sowulmady-da, ony ussanyň özi çagyrdy.
— Ýer-ow, Akyň ogly! Käte bir gümür-ýamyra gel-ä —
diýip, ussa oňa oturara ýer görkezdi.
— Meň-ä, Daban aga, dogrusy, gümür-ýamyra-da
elim degenok. “Kel gyza är gaýgy” diýen ýaly biziňem
öz aladamyz. Şu wagt Şirmyratlara baryp gaýtdym.
Birki ýyllykda oňa biraz pul karz beripdim. Aydylýan
gürrüňler çyn bolup, aýagyny sallap gidiberse, kim
bilýä, soň ol haçan boşap geljek, haçan bergi berjek?! —
diýip, Gaýyp ur-tut ýalan sözläp başlady.
— Weý-weý, Akyň ogly, bi nähili gep boldy? Kim ol
aýagyny sallap gitmeli? Şirmyratmy? — diýip, Daban
ussa allaniçigsi boldy.
— Ýa,walla, Daban aga,senem, indi menden gep aljak
bolýaňmy?
— Öwlüýä kessin, habarym ýok.
— Goýsana, how, Daban aga, sen goňşusy bolup
bilmedik bolýaň. Biz ony obaň o çetinde oturyp
eşidýäs.
— Ant iç diýseň, ynha, nan iýyän sannalymdan ant
içeýin. Ynha, senden eşidip durşum.
— Eşitmedik bolsaň, indi eşitdigiň bor-da.
— A-how, ol öňňin öýlänem-ä şu seň oturan ýeriňde
oturyp, çaý içip gitdi.
— Şol wagt üns berdiňmi, saçy syrylgymydy?
— Hawa, syrylgydy. Hä, näme?
Şirmyrat bäş-alty günlükde “Ýaz çykdy. Kellämi
şemalladaýyn” diýip, dellege saçyny aldyrypdy.
— Saçy syrylan bolsa boldugy bor-da. Türmäň
serteraşy saçyňy syransoň, arkaýyn gezermiň?!
— Mundan çykd-ow bi. Asyl soňky gezek gelende
birhili keýpsiz gördüm-le şony.
— Keýpi bolmaz. Çagalaryny döküp, türmä gitjek
adamda keýp nireden bolsun?!
— Bäh, dogry şo… Türmä basylar ýaly näme iş etdikä
o işigaýdan?
— Kim bilýä? Şu wagt güýçli derňew-ä gidýämiş.
Entek üsti açylsa, sizem sorag etmekleri mümkin.
— Bizi sorag edip näme, biz oň eden işine şärik däl-ä
— diýip, Daban ussa öňünden gaçyp ugrady.
— Aý, indi şaýat hökmünde sorag etmekleri mümkindä.
— Biz-ä şaýat bolmarys. Biz oň näme goparanyny
näbileli. Öz eden günäsini özi çeker-le.
— Hawa-la, özi çeker-le.
— Baý, dek gezmegem ýaman kyn-ow. Ýeri, näme
etdikä bi basylar ýaly?
— Be-eý, Daban aga, algymy nädip alsamkam indi
ondan?
— Türmä şaýlanyp oturan adamdan algyňy hantama
bolýan bolsaň, inim, seňem kelläň gaty düzüw däl.
— Ozalynda karz bermeli däl ekenim. Ýeri, beýle
işleň boljagyny men doňuz bolup, düýşürgäp
bileýinmi?
— Güýçli derňew gidýän bolsa, tirýek satyp
bulaşandyr bi. Şeýledir, ine, gör-de duruber, meň
diýenim dogry çykar. Äl-aýt, goňşusy bolup, şu çaka
çenli zatdan habarsyz oturypdyrys… Öňküje günüňi
özüne köp görendir o. Ýaňy özüni tutup, mesirgäp
ugrapdy-da. Bulaň injigi mesligi götermeýä. Mesligi
goýun götärmiş, goýnuň garasy, garaň garrysy, garryň
hürrüsi diýýä — diýip. Daban ussa ýene birginden zatlar
samyrdady.
— Sen, how, Daban aga, birden Şirmyradyň ýanynda
şu zatlary aýdaýma. Bilmedik bol — diýip, Gaýyp ýene
bir emel etdi. — Meň aýdanymy aýdaýsaň, maňa ýaman
uly zyýan edersiň. Men bir sag-aman algymy alaýyn.
Onsoň näçe aýtsaň aýdyber.
-A-how, Akyň ogly, seň aýdan gepiňi baryp, oňa
ýelmär ýaly, meni nä heleýdir öýdýäňmi? — diýip, ussa
gatyrgandy.
Şondan soň Gaýyp Daban ussanyň ýanynda kän
eglenmedi. Ondan-mundan gürrüň edip, tiz öýüne
gaýtdy.

* * *

— Ýaňy şäherde ejeňi gördüm. Şähere çykan jigiň
bar, Aýsenemmi şol, ana şolara barýan eken. Şu gün
agşam bize-de geljek diýdi. Özem ýatymlyk. Gep
salgydan seň bilen bir gürrüňjigem bar ýaly şoň — diýip,
Gaýyp gelşine ýüzüniň ugruna Zylyhany-da aldady.
— Bize-de baýramçylyga diýip iki günlik rugsat
berdiler — diýibem sözüniň üstüni ýetirdi.
Nesip bolsa, bu gün Zylyha Şirmyrada garaşmaz,
ejesine garaşar. Şirmyrada-da gelmesin diýip, kimden
iberýänem bolsa habar iberer. Büý-ä şeýle. Şirmyradyň
guýusy bu wagta eýýäm zäk atylan ýaly bolandyr.
Daban ussanyň aýaly Miwe ärinden gep alyp bilse-hä
birki günläp Şirmyrada şo-da iş bor. Daban ussanyň
bolsa içinde hiç mahal gep ýatmaz.
Bu gün-ä, ynha, şeýdip geçer. Ertirem, garaz, bir
alaç tapylar. Meselem “Ejeň düýn gelibilen däldir.
Aýsenemlerde ýatandyr. Şu gün hökman geler” diýip,
Zylyhany-ha ertirem boş gürrüňe daňaýmaly.
Şirmyradyň, juda bolmasa, malynyň daşyna geçmeli
bor-da. Jumadurdy ýaly tüýs ogurlyk üçin dörän,
ömürboýy kişiň malyna göz dikip ýören zannyýaman
ogrularyň ýanynda Şirmyradyň agyl doly dowaryndan
söz açyp, ebeteýini tapaga-da, sepini bildirmän, gepgürrüň
bilen bir emel edip bolsa… Ha-ha! Nädäýersiň
Şirmyradyň ýadyna Zylyha düşmän, ogry-jümrüler
bilen tut-da-bas bolup ýörse!.. Umuman söwesi şu
hörpde alyp gitseň bolmazmy?
Taňryň güni darydan köp bolsa, goý, bolubersin!
Esasy zat dek ýatmaly däl. Hereketde bolmaly. Soňun
saýan batyr bolmaz!
Gaýyp soňuny saýmaýardy.

Sentýabr, 1998. Mary.

Kakamyrat Ataýew. Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи