| |

Apy ýylan / hekaýanyñ dowamy

Apy ýylan / hekaýanyñ dowamy

Apy ýylan / hekaýanyñ dowamy

…Ýaz  geçdi. Tomus düşdi. Adamlaryň kalbyna wehim salan äpet ýylan bilen  baglanyşykly howsalaly gürrüňler galyşdy. Obadaşlarymyz öňküleri ýaly ekabyrlardan ogryn-dogryn daga ýekelikde-de  gidip  ugradylar.
Tomsuň  orruk ortasy boluberendenem şo-ol mähnet ýylanyň  öldürilen  ýeri bolan “Gyzyl gaýa”  golaýrak  ýerde, ýene-de meniň öz  kartam boýunça  alanymyzda “Boz dagda”, biziň dag jynslarymyzy we ösümliklerimizi  öwrenmek üçin Moskwadan ýörite gelen haýsydyr bir  ekspedisiýa goş ýazdyrdy. Ýokardan gelen görkezmä, şeýle hem çägiň bize  degişlidigine görä olary azyk-suwlyk bilen üpjün  etmeklik obamyzyň başlygy Aly aganyň üstüne ýüklendi. O-da muny öz gezeginde Nowruz aga tabşyrdy. Nowruz aga-da olara suw çekmekligi-hä kakama, nan ýapmaklygam mekdebiň okuwsyz  döwri bolansoň Haltäç daýza  tabşyrdy.
Onsuzam dag içindäki çopanlara agyz suw daşap ýörensoň, ýüzügra  olaryňam her biri elli litrlik  flýagalaryny günde  bolsun, günaşa bolsun, suwdan doldyryp gaýtmak kakam üçin müşgil bolmady. Üstesine ol Haltäç daýzanyň günaşadan ýapýan bir  tamdyr nanynam olara eltip bermekligi  öz  boýnuna aldy.
Et üpjünçiligi çopanlaryň üstüne atyldy. Ýöne , tomsuň güni çöl içinde eti saklamak kyn bolansoň, çopanlaryň  özleri goýny soýup, gowurdak görnüşinde käte goýnuň garnyna dykyp, käte-de syrçaly setile gapgaryp eltip bermeli boldular.
Kakam olary ak-gökden, bakjadanam kem etmedi. Özem ony  görkezme  boýunça däl-de, uzak ýurtdan gelen myhmanlara hormat hökmünde etdi. Ýogsam, suwy bilen çöreklerini  eltip berseň galan  zatlary şeýle-de ýeterlik. Hatda gowurdaksyzam oňup   biljekler. Çünki bäş-alty sany  eplenýän krowat  bilen birgiden goş-golam sygýan ullakan çadyryň çep burçuna münder-münder edilip  basylan pessejik tagta we  karton gapyrjaklaryň içi demir gutulyja, daşyna oralan kagyza sygryň suraty çekilen et konserwalary diýermiň, ýüzi balyk suratlyja, konserwalar  diýermiň, ýarym litrlik  aýna bankajyklara  gaplanan şorja gök önümler  diýermiň leýs bolşup ýatyrlar.
O zatlary men kakam käte: “Ýoldaş borsuň, hemem  çöl bilen, dag bilen öwrenişerçiň” diýip, ýany bilen alyp  gidende görýärdim.
Bir gezek  alymlaryň  iýip-içip  oturan wagtlaryna gabat  geldik-de, men o zatlardan dadybam gördüm. Şonda olar kakama aragam  içirdiler. Kakam:
– Nit, nit, mne nylja, ýa şopur, rol…– diýip, hernäçe gaýra gaýyşsa-da goýmadylar.
Ekspedisiýanyň  ýolbaşçysy, sary saçly, çokga goňur sakgally, timarlanmadyk murtunyň  gyllary  dodaklarynyň  üstüni  ýapyp  duran, depesi beýik, etegi giň  saman  şlýapasy bilen tegelek  gara äýnegini  çadyra  girenden soňam aýyrmaýan Sergeý atly, kyrk  bäş  ýaşlaryndaky, boýy Mäti  kiçjigiňkidenem  kelte, üstüsine-de hor adam içi  arakly bulgury kakama yzadyp oturşyna orsçalap bir zatlar diýdi. Men onuň “inspektor”, “net”, “gory” diýen ýaly özüme  tanyş  bolan käbir sözlerinden çen tutup:  “Arkaýyn  içibersene! Bu  ýerde inspektor  ýok. Daş-töweregiň dag” diýendigine  düşündim. “Prawilno da- prawilno” bolşup ony beýlekilerem goldadylar. Kakamam olara uzak  ýalbartmady. “Dawaýyň onda, saglyga” diýde-de, ýelmäp goýberdi.
Şondan soň  olar  kakam  bilen hasam  dostlaşdylar. Kakam olara hatda bir  gezek  palow iýdirmek üçin öýmüze myhmançylyga-da çagyrdy. Olaryň kakama Moşşy diýmän Maşşy  diýýändikleri henizem ýadymda. Çünki her gezek şeý  diýenlerinde men: “Bular meniň kakama “maşşyn”diýýärler”– diýip, gülerdim.
Elbetde, biz her  gezek  baranymyzda olara düşübam duramyzok. Şolar  ýalyda  gaplaryny  suwdan doldyrýarys,  elten  zatlarymyzam çadyryň  içinde  ýa  kölegesinde  oňa-myňa  dolap ýa  üstüni basyryp goýýarys-da, gaýdyberýäris. “Çöl ýeri, howa-da yssy, zyýany degmez, iň bolmanda ellerini ýuwmana-ha ýarar” diýip, kakam olaryň ownuk-uşak gap-gaçlaryna, hatda arakdan boşan  çüýşelerine  çenli  suwdan  doldyrýar.
Soňky gezek  baranymyzda-da çadyrda hiç kim ýok ekeni. Ýöne  edil           şo-ol, “Gyzyl gaýadaky” ýylany atan  esgerleriňki ýaly  ullakan “sudobekkerleri” welin näme  üçindir çadyryň gapdalynda  dur.
–Ýa  pirçin edendir ýa-da kän  uzaga  giden  däldirler, ýogsam muny goýup  gitmezdiler – diýip, kakam öz-özi hümürdendi. Hemişekisi ýaly bidonlary we beýleki gaplary  suwdan  doldurdy. Elten  gawun-garpyzlaryny, pomidordyr-  hyýarlaryny çadyryň  kölegesinde goýup, üstüne-de köneräk halta  taşlady. Salkynjyk durary ýaly üstüne  suw  sepeledi. Daş-töwereginem suwlady. Elten bäş-üç  kilo  sogany bilen kartoşkasyny  maşyna  suw  guýmak üçin  ulanýan brezent  torbasyndan çykaryp konserwalardan boşan tagta  gapyrjaklaryň  birine  gapgardy. Torbasyny  suwdan  dolduryp buferiň  çep tarapky gaňyrçagyndan, hemişekije  durýan ýerinden asdy. Maşyn ýörände  şemal çalyp, torbanyň  içindäki suw mazaly sowaýar. Islän  wagtyň  durup  içibermeli. Hernäçe  çaýkansa-da, döküljek ýa nem syzjak gumany ýok.
Kakam şol  gezek ýany bilen  bäş-alty hoşa üzümem eltipdi. Ony  medeni zona gideninde Nowruz aga  getiripdi-de,  şolara eltip ber, diýip kakamdan iberipdi.  Kakam onam alymlaryň göş-galamlarynyň arasynsdan çykan köneje  torbajyga saldy-da, bir emel bilen çadyryň  sütüninden asdy.
Şol gün biz suw eltmek üçin  ýolda  çopan  goşlarynyňam üçüsine  dagy  sowulypdyk-da, birneme ýadawrakdyk. Ýadawlyk esasanam  kakamy basmarlapdy. Ölemen çilimkeş bolmasa-da, gün içinde üç-dört çilim  çekäýmesi bardy. Ýöne, şol gün  onuň şoňa-da  eli ýetmändi. O guýuda  çekerin, bu  guýuda  çekerin bilen  çadyra ýeteninem bilmän  galypdy. Şonuň  üçinem ol  ýaňky  hysyrdylardan dynyşy  ýaly elini çep döşündäki jübüsine  sokup, ýarysy boşandygy üçin iki  eplenen  “pamiri” çykardy. Açgy. Bir  çilimi  sogrup aldy. Agzyna elti. Ýöne, otlamady. Bir azajyk böwrüni diňläp  oturansoň: “Gel-aý, ajöze  çekmäýin-le  şuny, – diýip yzyna saldy. Öz-özüne igendi. –Asylam agzyňa almaly zad-a däl welin, nätjek-dä,  şeýtanam  bir  tarapyňdan galanok-da…  –Şondan soň hamala şol  meseläni  men  çözýän  ýaly, depesi  ýagjaryp duran, ak çyzmykly çalymtyl galyň  matadan tikilen  gaşy  uzyn “Stalin papagyny” maňlaýragyna süýşirip, süýem barmagy bilen  ýeňsesini  gaşady – Ýa gelýänçäler garaşaýsakmykak? Hem-ä çaý-suw  içip  dynjymyzy alarys, hemem Sergeý  dagy bilen  salamlaşarys, esli wagt bäri  görşubem  bilemizok, beýleki işlerimizi  bolsa birýüzli etdik. – Men agzymy açyp-açmankamam: –Şeýdäýeli-le  şony – diýip, ýerinden turdy. Maňa daş-töwerekden çöpleme çöplemegi buýurdy. “Wodowozyň” çeleginiň  iki  gapdalyndaky odur-budur atylýan  insizje nowalaryň  çep  tarapkysyndan köneje halta  bölegine dolangy kiçeňräk mis tüňçesini, “bardoçokdaky”  serkeçden gök gülleje, sähelçe möý açan, gyrasy uçukly  käsesini, ak saply pyçagyny  çykardy. Meniň  çöplän  jygramalarymy bir ýere üýşürip  ot ýakdy. Oňa tüňçe goýdy. Gaýnatdy, Gol boýy taýagy gulpuna  ildirip tüňçäni otdan  çykardy. Demledi. Gaýtardy. Şondan soň menem alyp  çadyra  girdi. Çüňki, bu wagt  eýýäm kölege kiçelipdi we ol ýerde iki adam-a däl, bir adam oturmana-da maý ýokdy.
Içerde ornaşanymyzdan soň  kakam özbaşyna, ýöne  meniň  bilen  geňeşýän äheňde  gürledi.
–Gowurdak  bilen iýsekmikäk ýa  bularyň kansirlerinden  birini  açaýsakmykak?
Men gultundym.
–Kansir açaýaly-la, kaka, gowurdak öýde-de bar-a…
Kakam hezil  edip  güldi. Burça basylgy duran agaç gapyrjaklaryň içindäki “tuşonkalaryň” birini  aldy. Pyçagynyň ujuny  dözümliräk basyp  bir ýan gapagyny deşdi. Soň  tegeläp kesdi. Ekspedisiýaçylaryň gap-gaçlarynyň  arasyndan kiçeňräk alýumin  jam  alyp  konserwany şoňa guýdy. Tuşonkanyň ýakymly ysy çadyryň içine  ýaýrady.Ymsynýanymy  görüp, sarymtyl  doň  ýagdan ýaňa  degresi kebir baglap duran  bir  dogramça  eti   pyçagyň  ujuna  dürtüp  aldy-da maňa uzatdy. Soň daşardan iki  sany pomidor blen  bir sogan getirdi. Öwunjak  edip olaram  jamyň içine dogrady.Eltibem çaý odundan galan oduň köregiräk közüniň üstünde goýdy. Bygyrdap ugrandanam pyçagy bilen bulap garyşdyrdy. Boldum edenden soň töweregine  garanjaklady. Çadyryň iç ýüzünde ýatan iki  eplengi, haýsydyr bir orsça  gazete gözi  düşendenem  şol tarapa elini  uzadyp ýüzüme  seretdi. Men ylgap  gidip  gäzeti  getirdim. Kakam ondan ýyrtyp alyp iki sany tutaç ýasady. Şonuň  bilen jamyň  iki  erňeginden tutup  çagyra saldy. Öň  taýýarlap goýan  karton kagyzynyň  üstünde goýdy. Alymlaryňkyny kemmezlik üçin  kabinadan  öz nanymyzy  çykardy.
Şondan soň ataly-ogul bolup naharlanmana oturdyk. Çemçe ulanmadyk.Ýok däl-de, özümiziň  ulanasymyz gelenok. Ýogsam alymlaryň orta ululykdaky dikgije, çoýun  gazanlarynyň içi  ululy-kiçili  alýumin  çemçelerden, dürtgüçlerden doly. Ýöne, bize o zatlaryň  geregi ýok. Eýýämhaçan kabinanyň  ysy  siňip  ýetişen  ýumşajyk  nandan bir dişlemini elimiz bilen döwüp alýarys-da,malgama  dönen  goýy  naharyň  suwlurajyk ýerine  birki ýola  çümrüp çykarýarys. Şonda, şojagaz nanyň  özüne  siňdirip  alýan  çorbasynyň  mukdary öýmüzdäki daşy  gülli  agaç  çemçeleriňki  bilen-ä deňeşdirmäýin welin, alymlaryň  demir  çemçeleriniň tutýan sygymyndan köp  bolmasa  az  däl. Hakykatdan-da şeýledigini  şol bir   dişlem nany agzyňa  salan  badyňa duýmak bolýar. Dişiň-dişiňe  degenden, nandan sykylyp çykýan çorba öwurdyňy doldurýar we “gult” edip aňryňa düşýär. Ýöne, ojagaz bir  dişlem  nan  bilen  çanakdan ýeke  bir  çorba däl, ynsabyňa görä ýoňsyzja  etem alyp gaýdyp bolýar. Ýagny, çorba  çümrüp çykaranyňdan soň  eliňdäki nany bir dogramçajyk ete  ýanaga-da, jamyň erňegine tarap, ýokarylygyna  sürmeli. Erňege  ýetendenem süýem we orta  barmaklaryň bilen  aşakdan tekge beräge-de başam  barmagyň bilen  üstünden çalarak  basmaly. Şonda dogramçajyk jüpdeklenen üç  barmagyň arasynda nan bilen  mäkäm  jebisleşýär, erňekden çykyp daşyna  gaçmana  ýa yzyna, jamyň  içine  gaýtmana mümkinçiligi bolmaýar, şol usul lukmany agzyňa  atmak üçinem amatly. Azajyk  öňli-soňlurak diýäýmeseň, çorba bilen et ikisi ajygýan ýeriňe  bir wagtyň özünde diýen ýaly  düňküldäp düşýär. Yzyndanam eşrepi  ýly ajyja, gyzgynjak gök  çaýdan bir-iki  gezek  öwürtlaýarsyň welin, janyň  heziller edinäýýär. Ýöne,  gyzgyn çaý, gyzgyn nahar, gyzgyn howa, çadyryň içi bolansoň öwüsginem ýok, erbet yssylaýarys. Der  diýeniň ýüzümizden,boýnumyzdan suw bolup  akýar. Kakamyň güne  ýanan garaýagyz  ýüzi  derden ýaňa  edil garaýag  çalnan  ýaly “ýaldyr-r-ýaldyr” edýär. Burnunyň ujundaky peşehordanyň içine  ýygnanýan derler  dolandan soň  kenaryndan daşyp  çykýar-da, baryp  burnynyň ujunda  asyl-asyl bolup durýar. Derrewem “pat” edip dyzynyň  üstüne gaçýar.Ol damjanyň ornuny  başga  bir  damja eýeleýär. Bu  ýagdaý  burnuny  gijedýän  bolsa gerek, kakam häli-şindi elýaglygyny çykarýar-da, burnuny, boýnuny, ýüzüni  süpürýär. Ýöne, der oňa  barydir baş  berenok. Elini aýyrdygy sil ýaly çögup çykyp  dur. Düýn-öňňün  Bekgi mugallyma  saçyny  syrdyrandygy üçin  der onuň süýr depesindenem şaglap inip  dur. Etli-ganly adam  bolançoň ol  asylam-a  derlegiräkdi welin, men onuň  beýle  gara suw  bolup  derleýşini şo çaka çenli  görmändim.
Umumanam ol goýun  gözleriniň üstüni  ortüp  duran galyň  gabakly, daýanykly, ýüzi dolmuşrak, burunlak, dodaklaryny mäkäm   gysyp  gezýän, kän  bir  geplemezek, ýöne, iňňän işeňňir adam. Şonuň üçin ony  oba ýolbaşçylaram, beýleki adamlaram gowy  gorýärler. Möhümi düşçe  hökman  bitirýärler. Sözüne  ynanýarlar. Kakamy  menem  gowy görýärin. Oňa  buýsanýaryn. Şonuň üçinem men  hemişe  diýen  ýaly  onuň ýanynda.
Howwa, şeýdip  oturyşymyza  biz  birmeýdan sesimizi  çykarman  gara   bokurdak bilen  gidişdik.Ýöne, kakamyň eşidenini eşitmänini bilemok, nahara  oturyşymyz ýaly  gulagyma: “şygyr-şygyr”, “şowur-şowur” ses  geldi durdy. Adatça  ýöräp  gelenden soň  tä  sowaýança  biziň “wodowozymyzyň” motoram edil  şolar  ýaly  bolmasa-da, birhili “şyg-şyg-şyg” edip ses  çykarýardy. Arasynda şyt-şyt”, şyňk-şyňk” hem edýärdi. Ilkibada men gulagyma  gelýän ses  şoldur öýtdüm, ýöne, ol wagt  eýýäm onuň galyşaryça  pursat geçipdi. Asyl galyşypdam. Men muňa baryp-ha  çöpleme çöpläp ýören wagtlarym üns beripdim. Gapdalyndan geçenimde  ýörite diň  salyndym. Bu wagtky eşidilýän ses welin galyşanok-da, barha beter  batlanýar. Göwnüme bolmasa golaýlaşýanam ýaly. Oduň tebtine daşy çalarak garalan  alýumin jamyň düýbi  görnüberende muny kakamam duýdy.
–Al,oglum, şuň düýbüni ýala, sogap bor – diýip, jamy meniň öňüme  süýşürdi-de, iki dyzynyň üstüne galyp diňşirgendi. Gulaklaryny taýly gezek gapa tarap gerdi. Söň  gyýalap maňa bakdy. – Beh, bir şowurdy-ha bar,  Ata jan, nämekä bi? Ýa bir bendäň maly boşanyp tanapyny süýräp gaýdyberdimikä?
Ol töwir galdyrmana-da howlugyp eli bilen ýüzüni syldy-da, ýerinden turdy. Böküp daş çykdy. Ýalap-ýalap düýbüni aýna ýaly eden  jamymy  goýup menem çykdym. Çykyşymyz ýalam ýaz aýy öldürilen ýylandanam uly,owadanlygam şondan pes  bolmadyk mähnet bir  ýylanyň  aşaky çöketlikden çykyp, bize tarap  süýrenjiräp gelýänini  gördük. O-da bizi  görenden sähelçe sägindi-de, kellesini  galdyryp “has-s” etdirdi. Dilini  ýalmandyrdy. Duşmançylyk niýetiniň bardygyny bidermekçi bolýan ýaly guýrugy bilen ilk-ä ýer  peşedi, soňam  iki baka  bulady, aşak  ýokary urup “tarpyldatdy”
Kakam:
– Adamlar  dogry  aýdan  ekenler, taýy bar ekeni. Şu  şoldur. Ar almana gelendir. Gaçaly, ýene-de serhetçilere duýdyraýmasak ikimize eýgertmez bi, – diýdi-de, elimden tutup “wodowoza” tarap  ylgady. Baryp kabinany açdy. Öňürti meni saldy. Soň özi girdi. “Şark-şurk” ýapdy. –Ýa Alla!
Elbetde biziň  gaçyp  gutuljakdygymyza  güman ýok. Ýylanyň  yzymyzdan  kowalap ýetibilmejekdigem belli. Juda  gyssansak maşynymyza basdyryp mynjyradaýsagam  bolup dur. Şonuň  üçinem bizde gorky-ürki ýok. Ýöne, näme üçinder biz  ugramyzok. Maşynymyz  ýerinden  gozgananok. Asla  motordan ses  çykanok. Otlananok. Ýylan bolsa  golaýlap  gelýär. Iň ýamanam edil  jadylanan  ýaly men  ondan gözümi aýryp bilemok.  Çaga  bilesigelijiliginiň  erkinden çykyp  bilemok. Synladygymça  synlasym gelýär.
Ahyram özüme zor salyp gözümi kakama tarap aýladym. Ol açaryny tapmaýan bora çemeli, alahasyrdy bolup daş-töweregini, üsti-başyny, sermenýär. “Bardaçogy”  dökýär, jalbarynyň jübülerini çöwürýär, köýneginiň  alyn jübüsindäki iki eplengi “pamiri” bir  çykarýar, bir salýar, soň egilip aýak astyny dörjeleýär. Der  diýeniň  welin hälki nahar iýip  oturandakysyndanam beter. Üsti-başy ol suw.Myžžyk. Birdenem ol meniň  ýüzüme seretdi.
– Ýa ýaňky nan  iýen  ýerimizde galaýdymyka? – Şonda men  onuň  gözleriniň hemişekisinden kän ulalandygyny  gördüm. Ýüzem öňküsinden has garalypdyr. Ýöne, özüni ýitirenok.Oňa  çenli  ýylanam  çöketlikden çykdy. Bolaýsa otuz-kyrk metr aralyk galdy. Indi bize  onuň  owadan  gözleriniň  ýyltyldysyna, käte bir  ýalmanyp gidýän garamtyl diliniň goşa  çawuna  çenli aýyl-çaýyl  görnüp  dur.
Kakam meniň  jogabyma-da  garaşman  kabinadan atylyp çykdy-da, iki  bökende  çadyryň  agzynda häzir boldy. Barşy ýalam  içine  kürsäp urdy. Eglenmänem çykdy. Ylgap yzyna  geldi.
– O  ýerdedem-ä ýok…
Şondan soň ol öz  maşynymyza  görä  ynamlyrak, berkiräk saýdymy ýa onuň  açary  içindedip  öýtdümi, meni  kabinadan garbap aldy-da, elimden tutup on ädim  çemesi  beýle  ýanymyzda duran “sudobekkere” tarap  ylgady. Kabina girişimiz ýalam, ýaňkysyndanam ulalan  gözlerini  açar sokulýana dikip lapykeç seslendi
– Wah, müňňam açary ýok eken-ä…
Men kakam  erbet  aljyrandyr ýa  gorkandyr öýdemok, ýöne, meniň  gorkaýmagymyň ahmaldygyndan  gorkan bolsa  gerek, ekspedisiýaçylar  eşider ýaly uzyn-uzyn  signal berdi. Birdenem sag eli bilen  şapladyp  sag buduna  urdy.
– Wah, o  maşynda  tüpeň  bardy  ahyry…
Megerem çykmak islän  bolsa  gerek, kakam  zarp bilen  kabinany  açdy. Ýöne,  çykmana ýetişmedi. Eýýämhaçan  alkymlap gelen ýylan “has-s” etdirip oňa  topuldy. Kakam  gapyny  açandakysyndanam has çaltlyk  bilen yzyna çekdi.
Ýylan  welin näme üçindir bizden  sowuldy-da, çadyra  tarap ýöneldi. Agzyna  ýetip boýnuny süýndürip  kellesini içine  sokdy.
Ine şunda welin  men  hakykatdan-da  görkdum. Egerde biz “şowur-şowra” üns  bermän, “tuşenka”  bilen başagaý bolup otyrkak şeýdäge-de gapymyzdan gelip içerik  boýnuny  uzadan bolsa  näderdik? Çykybam bilmezdik, çykýanymyzda-da  gaçyp  gutulybilmezdik.  Ikimizem oňa ardurja ýal  bolardyk . Meniň-ä oňa  gözüm düşüşi ýaly  ýüregim  ýarylyp öläýmegimem mümkindi.
Içinde  janly-jemendäniň  ýoklygyna göz ýetiren ýylan kellesini çadyrdan çykardy. “Duruň entek, öňürti şuň bilen bir  bellesini  edeýin, size  soň  dolanyp  gelerin” diýýän ýaly bize tarap  gaňrylyp seretdi-de, howlukman çadyryň daşyna aýlandy.Orandy. Kellesi  bilen  guýrugy tapyşandanam “şatyrdadyp” bir gysdy welin, ep-esli ýerdenem elesläp görünýän uly çadyr bili boglan sübse ýaly bir  gysym boldy ýatyberdi. Direg sütünleri ýykyldy, delil baglady üzüldi. Çözülen çadyr ýelken ýaly aşak  çöküp barşyna “höpür-höpür”, “wassyk-wussuk” edip ýelini çykardy. Töwerek-daşyna  ýel tozatdy. Oňa  çenlem ýylan towuny çözdü-de, guýrugy bilen çadyry  silkip goýberdi. Eplem-büklem bolan  krowatlaryň “şalkyldaşyp” hersi bir  ýere düşdi. Içi  negözel  konserwalardan doly tagta we  karton gapyrjaklar dumly-duşa pytrady. Alýumin jamlar, ululy-kiçili pitijikler bolsa uly  zenzele turzuşyp, çöketlige bakan tigirlenişip gitdiler. Gawum-garpyzlar ýaryldy. Çigitleri guma garyldy. Arakly çüýşeleriň köpüsi döwüldi. Spirtiň  myrtap ysy gelip burnumyza urdy.
Şondan soň nägehan bize  tarap  öwrüldi. Başyny dim-dik edip, göni gözümiziň içine  seretdi.Kellesini yranjyradyp öwsun atdy. “Has-s..” etdirip alkymyny çişirdi. Birdenem alahasyrdy bolup  üstümize okduryldy. Ýöne, onam  çadyr ýaly mynjyratmak islän bolsa gezek özüni biziň üstümize zyňmady-da, örän çaltlyk bilen “sudobekkeriň” daşyna  aýlandy. Orandy. Maşyn leňňer atyp  ugrady, emma ençeme tonna  ýük  göterijiligi bolan agyr tehnika  oňa baş  bermedi.  Ýöne   ýylanyňam bar emeli garşydaşyny gysyp almak däl  ekeni. Ol maşyny  yralamasyny  goýdy. Bir minut çemesi onuň  nirededigem belli  bolmady. Birdenem maşynyň  iki öň tigirleriniň  arasyndan onuň nagyşly, owadan kellesi göründi. Iki-baka “ýalt-ýult” edip sähelçe durandan soň kem-kemden suwulyp tutuş  göwresini  çykardy.Maşynyň  öňünde  guýlundy. Başyyny  galdyryp kakam  ikimize tuňkesini dikdi. Äňini ilki  “buferiň”, soň “kapotyň” üstüne goýdy. Usullyk  bilen dyrmaşdy. Aýnadan bizi bir salym synlap durandan soň, hamala gözleýäni biz däl ýaly üstümizden aşyp kabina dyrmaşdy. Ol ýerdenem nowa girdi. Çörek boldy. Şonda maşynyň  kölegesi  iki esse dagy  ulaldy. Kellesini  galdyryp o ýan, bu ýan ülňeýäninem, ýituk  gözleýän ýaly  uzaklardan-uzaklara nazar  salýanynam biz  kölegä seredip bildik.
Hä diýmänem ol  nowadan aşyp ýere düşdi. Maşynyň  sag tarapyndan  aýlanyp  ýene-de çat  maňlaýymyza  geçdi. Bizi  ýiti-ýiti synlady. Tanajak bolýan ýaly  çiňerilip-çiňerilip bakdy. Boýnuny bize  tarap  bir süýndürdi, bir  yzyna çekdi. Ahyram ýüregini bore baglan  bolsa gerek, öňküje münen  ýerinden kapoda dyrmaşdy.  Aýna  golaýlaşdy. Men  gorky damarlarymyň oklaw ýaly  galandygyny  bildermejek bolup  hernäçe  merdemsiresemem bolmady, kakam ony derrew duýdy. Şonuň üçinem:
– Gorkma, oglum! Gorkma! Hiç zat bolmaz. Hiç zat edibilmez. Men ine  häzirjek tüpeňimi alyp  gelerin – diýip, meni  köşeşdirmäne çalyşdy.
Şonda men onuň ýeke  bir galyň dodaklarynyň däl, diliniňem gurandygyny  geplemesiniň kynalýandygyny duýdum. Özümiňem öler ýaly  suwsaýandygymam men şonda  bilip  galdym. Ýöne, ikimiziňem ýadymyza  suw  düşenok. Sebäbi ol wagt  terezä  goýlan zat teşnelik däl-de, jan! Maşyndan düşübildigimiz biz takyrdan tikilen suwly torbany başymyza çekäge-de  suwsuzlygymyzy gandyryp bilýäris, islesek  üstümizden setilläp  guýup suwa-da düşüp  bilýäris. Çüňki “wodowozymyzyň” äpet demir çeleginiň içinde  suw  entegem näçe  diýseň bar. Ýöne, oňa  ýetmekde, üstümize  topulyp gelýän apy tutandan gutulmakda iş bar.
Yssy welin çadyryň  içindäkisindenem beter. Günüň aşagynda  duran demir kapasa peç ýaly  gyzgyn. Aýnalar petikli. Açyk  bolaýanlygynda-da öwüsgin  ýok.Çöp başy  gymyldanok. Eşiklerimizi   sykybermeli. Kakam dar kabinanyň içinde iki ýana  urunýar. “Bardaçokdan” pyçakmy, ulurak açarmy ýa ujy çiş “otwýortkamy” bir  zatlar  gözleýär.
Ýylan edil aýnanyň öňüne  geldi-de, “haýsyňyzy öňürti alaýyn” diýýän ýaly kellesini saňňyldadyp  herimiziň  ýüzümize bir  seretdi. Bir zaman doňan ýaly bolup  durdy. Soň  haýaljakdan herekete geldi. Bat alýan ýaly kellesini  öňe-yza  ülňedi. Arkan gaýyşdy. Birdenem ýaýdan  sypan ok ýaly öňe  tarap  süýndi-de, nagyşly, süýri kellesini maşynyň  maňlaý  aýnasyna “gülçüldedip” ýelmedi. Aýna “şatyrt” etdirip çat açdy.
Azabynyň ýerine  düşendigini aňan bela ara azajyk maý  saldy-da, kellesini ýene bir gezek aýna urdy. Ondan soň ýene, ýene we ýene-de  urdy. Urgularyň arasynyň  ýygjamlanmagy bilen, aýnalaryň  jygdalary köpeldi. Bagtymyza  düýbi sarsmady. Gopmady.Ýöne, uzak durmajagam belli boldy. Iň  bolmanda  indiki urgulardan soň aýnanyň jygdalanan ýerleriniň hökga deşilmegi,şol deşikden ýylanyň  sümülip kabina  giräýmegi mümkin. Şonuň  üçinem, biz her zat etmeli welin kabinadan çykyp gaçmaly. Özümizi öz  maşynymyzyň içine atmaly. Ýaraglanmaly. Şondan başga bizde çykalga  ýok.Bu ýanyp duran dag  daşlarynyň arasynda bize şol  goşa nilli tüpeňden  başga hossar çykybiljek,  beladan  halas edibiljek ýok.
Kakamyňam häzir ähli küýüniň şol goşa  nildedigini bilýän. Ol eline  ilen haýsydyr bir demir  bölegi bilen ýylana  haýbat atýar, aýnanyň iç ýüzünden oňa tarap demirli elini salgaýar,ürküzjek, görkuzjak bolýar, emma ýylan oňa  ünsem  berenok, gaýtam kakam birki  ýola demir bilen aýnanyň  iç  ýüzünden urup  ýylana “kömegem” etdi. Ana,şondan soň  welin ol hakykatdan-da howsala düşdi. Meniň nä haldadygymy aňmakçy bolýan ýaly birki ýola ýüzüme  seretdi. Ýeňi bilen derini çaldy. Men  uly ilim bilen  möňňüribermekden zordan saklandym.
Egerde biz turuwbaçda öz maşynymyzdan çykman  oturyberen bolsadyk, onda bular ýaly  çykgynsyz güne düşmezligimizem mümkindi.Çüňki, birinjiden-ä tüpeň eýýäm kakamyň  elinde  bolardy,  ikinjidenem meniň  pikirimçe nägehan häzir  biziň  üstümize diňe  şo-ol, öňki  öldürilen ýylany nowasyna ýükläp giden  maşynyň ekiztaýynyň – “sudobekkeriň” içinde  oturandygymyz üçin hüjüm  edýärdi.
… Ine-de aýna “pagşyldap” gitdi. Öwnukly-irili  gyýçaklar kabinanyň  içine  pytrady. Biziň üsti-başymyza, ýüz-gözlerimize-de döküldi. Ýylanyň äpet kellesi süsňäp kabinanyň  içine  girdi. Onuň “gulkunyp” duran ak alkymyna, gorkunç äňine, gaňyrçak ýaly  dişlerine gözüm  düşenden men  çirkin  gygyrdym. Şol wagtam gözlerimiň öňünde gara  ýyldyrym çakyp giden  ýaly  boldy. Ýüzüme ýylymsy bir  zat degdi. Ýylanyň ýalmanyp  duran diliniň  derläp  duran  ýaňaklarymy, maňlaýymy ýalap  gidýändigini  aňanymdanam öňkümden-de beter  “wägirip” özümi kakamyň  gujagyna  okladym. Görkunjymamy ýa  bilesigelijilikdenmi, gaňrylyp ýene-de ýylan tarapa seretdim.
Onuň sag  gözünden, äňiniň aşagyndan  joralanyp gan akýar. Çep gözünde  bolsa bir garyş çemesi uzynlykdaky insizje aýna  gyýçagy  somalyp dur. Hut  şonuň  üçinem ol bizi  saýgaryp bilmäýän bolsa gerek,  owadan, ýöne biziň  üçin ölüm  howply kellesini dar  kabinanyň içinde o ýan, bu ýan ülňeýär, göwresiniň galan böleginem içine  saljak  bolup  jan  edýär, omzaýar, towlanjyraýar. Häzirki ýagdaýda men kakama päsgel berýärdim. Ýöne, ol iňňän çalt hereket etdi. Ýylanyň  alasarmyk ýagdaýa düşenini, ýaralananyny aňandan kabinany zarp bilen açdy-da, meniň  elimden  tutup  daşaryk  okdyryldy. Çykyşy ýalam ýüzün ýykyldy. Menem ýykyldym. Ikimiziňem ýüzümiz  sypjyryldy. Meniň-ä burnumam ganady. Aýalaryma dişleri  awy-zerzaw  bolup duran, guraksy  çakyrtikenler çümdi. Dyz çanaklarym agyrdy. Ýöne, men  o zatlara  üňsem  bermidim-de, kakamyň  yzy bilen  hasanaklap ýerimden  galdym. Iki  bökende öz  maşynymyzyň ýanynda  häzir bolduk. Edil öňki gezekki ýaly kakam öz  oturýan tarapyndaky  gapyny  açdy-da, öňürti meni saldy. Soň özi girdi. Girişi ýalam ur-tut elini oturgyjyň arkasyna sokdy. Şol ýerde kese ýatan “goşany” garbap aldy. “Bardoçokdan”  peşeňli hatary çykardy. Iki sanysyny sögrup alyp “şakyr-şukur” goşanyň  gözlerine sürdi. Hatary  meniň  elime tutdurdy.
–Me, her gezek ber diýenimde  şundan iki sanysyny  sogur-da elime  tutdur-da dur. Biz gaýdanymyzdan soň  ýylanyňam  ýeke  özüniň  boş  kabinada uzak  durasy gelmedi. Garagan bolan kellesini “sudobekkeriň” kabinasyndan silkip çykardy-da, çar  tarapa hekgerilip bizi  gözledi. Bize  gözi düşendenem: Ýok, gadyrdanlar, ýalňyşýaňyz, meniň bar ýagym ýeke  bir  bu  äpet maşyn däl, sizem şoň biri, diýýän ýaly bize tarap  buruljyrap gaýtdy.
Ýöne, bu  wagt eýýäm kakam eli  tüpeňli  basgançakda durdy. Içi iki sany  doňuz okly  goşa nil bolsa äpediň owadan kellesini  nyşana alypdy.
Bu zatlardan bihabar  ýylan  bize barha  golaýlaşýar, hälkisi  ýaly guýrugy  bilen ýer peşeýär, “tarpyldatýar”  gum  sowurýar, guýrugy bilen çöp-çalamlary goparyşdyryp dumly-duşa  pytradýar. Juda çüň çümen bor-a çemeli,  gözündäki gyýçak henizem dur. Ýöne,  indi  somalanok-da, sallanyp dur.Şol wagt men onuň alkymyna-da bir gyýçagyň gadalyp durandygyny gördüm. Ol  gyýçak oňa  kellesini yza çeken mahaly çümen bolmaly.
“Gümp!”
Goşanyň gözünden ot çykyp gitdi. Däriniň ajy ysy  burnuma urdy. Gümpüldiniň ikinji gezek ýaňlanmagy bilen, ýylan sag  tarapa  çalarak  gyşaran ýaly etdi. Ýöne,  ugruny  üýtgetmedi. Ýanynlabragam bolsa  hereketini dowam  etdirdi. Aralyk has  golaýlady. Ol  ýene  bäş- üç ädim ýalyrak süýşdügi “wodowozyňam”  kapodyna  dyrmaşyp biljekdi. Ýöne  biz indi öňki  ýaly  biçäre däldik. Elimizde ýarag bardy.
–  Hany, bol!…– diýen ses  gulagyma degendenem derläp duran çep aýamyň içindäki iki  peşeňi kakamyň  garaýag ýokly, gataňsy, jaýryk-jaýryk aýasynyň üstünde  goýdum. Ol  peşeňleriň ikisinem birden diýen ýaly örän ussatlyk bilen sürdi. Sürşi ýalam diduwany gözüniň  deňine  ýetirdi-de, yzly-yzyna mäşäni gysdy. –  Bol!
Ol muny agzyndan tüsse  tütäp  duran  peşeňleri goşanyň  gözünden çykaryp  durşuna aýtdy. Boşan peşeňler ýere ýetip-ýetmänkä men  ýene-de iki oky onuň eline  tutdurdym.
Şu  ýagdaý telim gezek gaýtalandy. Men hatardan sogryp ýetişsem  kakam atyp ýetişýär.Aşakda boş  peşeňleriň üýşmegi ulalýar. Her  gezek ok niliň agzyndan  çykanda ýylan näme üçinder kellesini şoňa  tarap ülňäp  goýberýär. Yzly-yzyna  uçup  barýan oklar oňa  öňe süýşmäne maý berenok. Soňky iki  ok  göni baryp onyň uludan açylan agzyna girdi. Bokurdaga çümen gyzgyn gülle suwa  sokulan  otly kesindi ýaly “jas-s” etdirdi. Bir dişiniň kül-uşak  bolanyny  gözüm bilen gördüm. Aşaky äňem “şylkyldap” aşak  gaýtdy. Bir gözi çykdy, Akdy. Negözel kellede gork-görmek galmady. Şondan soň ol  başyny ýere  goýdy. Göwre welin henizem hars urýar. Towlanjyraýar, tapyrdaýar, kä  eýlesine, kä  beýlesine öwrülýär, käte garnyny akjardyp arkan düşýär. Esasanam güýruk  işjeň. “Tarp!” “Tarp!” “Gürp-gürp!”. Her “tarpyldydan, gürpüldiden soňam ep-esli meýdan  tozap gidýär.
Kakam menden  ýene iki ok  aldy-da, basgançakdan böküp düşdi. Bir  tobsanda  ýylanyň ýanyna bardy. Käte  bir abat  gözi  açylyp-ýumulýar  diýäýmeseň, bütinleý hereketden galan  kelleden ýene-de iki oky  çüýledi. Kelleçanak pytrady. Aňňal orak ýaly  egreýip duran ýeke dişinden esli  wagtlap gan gatyşykly sary suwuklyk akdy durdy. Endamjanyndan syrkyraýan al gan Güne ýanan ot-çöpleriň üstüni örtdi. Oýrak ýere  üýşenleri  uýap  gowrubermeli  boldy. Her näçe mynjyranan hem bolsa, kelläniň käbir ýumşagrak bölekleri esli wagtlap içinde ýürek  bar ýaly müňküldedi durdy. Göwredir-guýrugyň  welin  käte bir tisginmesi bir sagat  geçenden soňam galmady.
Ekspedisiýaçylar wagty bilen  gelmediler. Şeýle-de bolsa  biz  olara  garaşmaly bolduk. Aýtmaklaryna  görä  olar biziň  beren signallarymyzy eşitmändirler. Tüpeň sesini  eşidipdirler, ýöne, dag  içinde gezip ýören awçylaryň biridir öýdüpdirler. Pyýada  gidensoňlar  owkatlarynam ýanlary bilen  alyp  gidipdirler-de, günortan goşa dolanjagam  bolmandyrlar. Ýogsam her gün günortanyň  yssysyny tä,  salkyn düşýänçä çadyryň içinde  geçirýändiklerini biz  bilýärdik. Şonuň  üçinem olara  garaşyp  çaýa  oturypdyk.
Maşynlary welin kakamyň aýdyşy  ýaly  hakykatdan-da  kemçilik tapan ekeni.Oňa gerekli  şaýlary  şondan iki gün  söň  mehanik  Annak öz  gozakly motory bilen medeni zona  gidip, kolhozyň garajyndanmy, MTS-denmi, bir ýerden tapyp  getirip berdi. Maňlaý aýnasyny  tapmak üçin welin uly  başlyk Aly aga  raýkomyň  birinji  sekretaryna  çenli  görmeli boldy we şonuň  tagallasy bilen  serhet galalarynyň  birinden alyp berdi. Çüňki, ol wagtlar ýeke bir biziň obamyzda däl, tutuş etrap boýunça-da “sudobekker” ýokdy.
Biri-birinden  boýlary tapawutly diýäýmeseň  meniň  gözüme barysy  birmeňzeş görünýän, başlary  Sergeý aganyňky ýaly  depesi beýik, etegi giň örme saman  şlýapaly, gözleri gara äýnekli, dyzlaryna ýetip duran kelte balakly, endamlary gyp-gyzyl, hal-hal, saryçyrmaşyk ýaly sap-sary tüýli, çyparja, gök gözlüje, alymlar çalam-çaş bolup ýatan çadyrlaryny, pytraşyp ýatan goş-golamlaryny, bir  ujy çöketligiň içinden çykýan gap-çanaklaryny görüp  birhili  boldular. Süýnüp ýatan mähnet ýylan welin olary hasam haýran galdyrdy. Ilk-ä ony  diridir öýdüp  gorkdular. Kellesiniň çym-pytrak bolandygyny görübem az-kem  ekezlendiler. Hakykatdan-da diri  däldigine  göz  ýetirmek üçin daşrakda  durup syn  etdiler. Uzyn taýak bilen  o ýerine, bu ýerine  dürtüp  gördüler. Esli  wagtlap hiç  haýsyndan ses-üýn çykmady. Biziň  bardygymyzam, näme  bolandygyny  bizden  soraýmalydygynam  unudan ýaly şo-ol, biri-birleriniň ýüzlerine  seredişdiler  durdular. Başlaryny ýaýkadylar. Öwran-öwranam näme üçindir  boýunlaryny süýndürişip daş-töwereklerine garanjaklaşdylar.
“Wodowozyň”  kölegesinde meni  goltuklap, çalarak üpkiljiräp, käte-de bir tisginip oturan kakamam tä, özleri gelip  soraýançalar hiç  zat diýmedi. Sesinem   çykarmady. Gözlerini süzüp  olaryň  hereketlerine  syn etdi oturdy.
Ahyram Sergeý aga  usullyk  bilen gelip biziň çat  maňlaýymyzda  çommaldy-da, ruhy öçen  ýüzüni  duw-ak  edip kakamyň  ýüzüne  çiňerildi. Şonda onuň  çerrelip  duran göm-gökçe, sary kirpikli gözlerinde uçursyz haýran  galyjylyk,  hormat   hem-de  gorky alamatlary  göründi.
– Мащи! Что случилось? Ты что ли её так? Как это случилось?
Sözme-söz  düşünmesemem, men onuň  näme  diýendigini aňdym. Oňa çenli  beýleki alymlaram gelip Sergeý aganyň  gapdalynda  çömmaldylar.
Şondan soň  kakam  bildigine görä  orsçalap olara  bolan  işi birin-birin gürrüň berdi.
Şeýle äpet ýylanyň hötdesinden onuň  ýeke  özüniň  gelendigine  alymlar ynanmajak  boldular. «Не может быть- да не может быть» bolşup iki ýana  ýaýkanjyraşdylar. Kakamam  ynandyrjak bolup  dyzabam durmady. Gaýtam meniň  egnime kakdy-da:
– Dogrudanam ony men ýeke özüm  öldüremok. Ine, şu ikimiz öldürdik – diýdi «Nädip ähli okuňy  kellesinden urup bildiň» diýen soraglaryna bolsa: – Ýylan  oky gapyp  alýar. Şonuň  üçinem atybildigiň ok baryp onuň kellesinden girýär-diýip jogap  berdi.
Alymlar  ruletka bilen  ýylanyň inini – boýuny ölçediler. Suratyny  aldylar. Gapdalynda kakam ikimizi durzubam aldylar. Kitapdamy ýa  Orsyýediň  gazet-žurnallarynyň  birindemi, çap  etjekdiklerini aýtdylar. Soň  özlerem ýylanyň  daşyna üýşüp  düşdüler. Biziň  bilen durubam, ýeke-ýekelikde  durubam düşdüler. Gapak ýaly döşüniň  üsti  durşuna tüý  bolup duran, goşarlaryndan başlap  kebzelerine çenli  gök reňk bilen ýazylan hatlardan, her dürli  suratlardan doly, tegelek ýüzli, garynlak daýaw  biri bolsa  göwresine bap gelmeýän  inçejik, üstüsine-de gyryljak sesi bilen bir zatlar diýip gaty  kän  käkeledi. Jübüsinden çykaran  gök saply, eplenýän  çakgysyny çoçjaýdyp ýylana  topuldy, o ýerine  bu ýerine  dürtüp gördi. Daşyndan aýlandy. Kakamdan sorap  görsem  ol  adam: munuň derisinden tasma ýasalyň , soňam gönçülere satalyň, pul edeliň diýýän ekini. Ýöne,  bu  äpet  mahlugyň derisini soýmak üçin  ussatlygyň gerekdigini, önsoňam  elleriniň aşagynda  ony duzlar ýaly, eýläp ýaly  hiç  hili  şertiň ýokdugyny, o zatlarsyzam bu  yssyda onuň  hä diýmän  porsap  başlajakdygyny, gurtlajakdygyny aýdyp ony  pälinden gaýtardylar.
Şondan soň  gürrüň  ýylany nätmelidigi barada gitdi. Kimdir biri:
– Hökümede tabşyrmaly – diýdi.
Başga biri oňa  garşy çykdy.
– Öli ýylany hökümet  başyna ýapsynmy?
– Dogry  aýdýaň. Diri bolan  bolsa başga mesele…
– Gerek bolaýanda-da bu wagt muny nirä  äkitjek?
– Kime eltip berjek?
Ahyram ýylany  çöketligiň  düýbündäki hemişe  kölege düşüp duran, ýaz aýlary  ýagyn suwunyň köp ýatandygy sebäpli gök  gyrtyjy  henizem doly gurap  ýetişmedik, ýumşajyk, gazmak üçin  amatly  ýerde  gömmeli diýen karara  geldiler.
Şeýle hem etdiler. Çukur taýyn  bolandan soň  bilinden “tros” salyp ýylany ol ýere kakamyň  maşyny  bilen  süýräp eltdiler. Höwlukman  gömdüler.
Öň ýadyna  düşmändirmi ýa aýdara maý tapmandyrmy, kakam diňe şondan  soň  olara şu  töwerekde öňem şular ýaly äpet bir  ýylanyň  öldürilendigi, munyňam şonuň  taýy bolaýmagynyň ahmaldygy barada gürrüň berdi.
– Adamlar muňa köpden bäri garaşýardylar, – diýibem sözüni  soňlady.
Kakamyň  gürrüňi alymlarda  iňňän uly  täsir galdyrdy. Olar ony tä  aýdyp  bolýança seslerini çykarmak diňlediler. Soň: “…твою мать да твою мать…”– bolşup başlaryny  ýaýkadylar.Gözlerini tegeleşip biri-birleriniň  ýüzlerine seredişdiler. Ömürlerini  dag-güzde  geçirenem bolsalar, henize  çenli bular ýaly waka duş  gelmändiklerini, hatda eşitmändiklerinem aýtdylar.
Şondan soň yraň-daraň edişip çadyrlaryna tarap  ugradylar. Sergeý aga çadyryň aşagyny  sermeşdirip bir çüýşe  döwülmän galan arak bilen iki banka  balyk  konserwasyny tapdy. Kakama tarap baş atdy.
– Садись, Мащи! Это дело надо отметить. Ты сегодня  герой – diýdi.
Kakam  garşy bolmady. Hiç zat  datman diýen ýaly iki gezek  yzly-yzyna  ýelmänden soň, şu  günüň içinde ilkinji gezek çilim çekmek üçin  sag elini  derden ýaňa  bar  ýeri besse-besse bolup duran  gögümtil, şol  döwürde ýoň  bolan iki jubüli “şotland” köýneginiň çep  döşündäki jübüsine sokdy. Iki  eplengi “pamirini” çykardy. Epinini  ýazyşy ýalam:
-Wah-he-eý, muňa seretle! – diýip, süýem barmagyna ildirilgi açary maňa  görkezdi. – Şu jübüme  atypdyryn. Bu-da  çilimiň gabyna gidipdir – Ol açarly wakany alymlara-da gürrüň  berdi. – Şuny wagtynda tapan bolsam-a gaçybam gutulýadyk welin…
Sergeý aga güldi.
–Хорошо, что не нашел, а то героем не стал бы…
Onuň bu sözüne  gyzyl-gyran gülüşdiler.
– Правильно! Правильно!..-  diýşip kakamyň  bulguryna ýene-de arak guýdular. – Пей, Мащы! Пей…
––Ýeri bolýa-da, täkläýeýin-le- diýip, kakam onam  içdi.
Hernäçe hödür etselerem men hiç zat iýip bilmedim. Sebäbi işdäm ýok. Şol gün biziň  içgämiz ýandy. Kakamyň duz  datman içip  oturyşam şonuň üçin. Ýogsam,  günortanky iýenimizden bäri ajygarça wagt  geçiberipdem.
Şondan  soň alymlar bu ganly  wakanyň  bolan ýerinden  daşraga,  öňküdenem  has belendiräk  bir ýere  göçdüler. Para-para bolan çadyrlarynam çatyşdyryp, ýamaşdyryp,kä  ýerini bujak görnüşinde  boguşdyryp, käbir böleklerini  çigişdirip, şol  ýerde  dikdiler.
Göç-gona kakam  ikimizem kömekleşdik. “Sudobekkerem” täze ýere kakam  öz  maşynynyň  ýzyna tirkäp eltdi. O zatlaram bizi  ep-esli  egledi. Şonuň  üçinem, iňrik mazaly  garalandan soň  ýola  düşdük.
Bize  külpet baryny görkezen tomsuň bir  güni  şeýdip tamam boldy.
Kakam  ýolboýy öz  ýanyndan bir  zatlar diýip pyşyrdady gitdi oturdy. Başda  men  oňa  kän bir ünsem bermedim. Has takygy maşynyň zenzelesi, “şakyr-şukury” bilen hiç zat eşitmändirin. Pugta gulak salyp  oturanymdan soň  onuňam edil Haltäç  daýzanyň  öňki  ýylanyň öldürilen güni edişi ýaly, doga okaýandygyny aňdym.
Ýolboýam içimden  äpetleriň ikisiniňem ajala dözer ýaly däl derejede şeýle   owadandyklary, tebigat  tarapyndan ýaradylan ýütgeşik bir  jandar ekendikleri barada pikir  etdim. Ýa Mäti kuçjigiňki  dogrumyka, diýip  oýlandym. Şeýle hem, bir garyşlygyndan  başlap şol  derejä  ýetirýänçä  tebigatyň  olary  nijembir belalardan, howp-hatarlardan gorap saklandygy, “Gyzyl gaýa”, “Boz daga” gelýänçäler nijembir  ýollary geçendikleri, nijembir  mowritleri  başlaryndan geçurendikleri, gör  nirelerden  gelendikleri, haýsy  daglardan, haýsy düzlüklerden aşandyklary, haýsy çöllükleri sökendikleri  barada  oýlandym.
Şol  zatlar  barada men  häzirem  oýlanýaryn. Tebigatyň  şonça  zamanlar aman saklan janawerleriniň gelip-gelip  biriniň-ä Haltäç  daýza sebäpli esgerleriň  elinden, beýleksiniňem “öz aýagy” bilen üstümize gelip kakamyň  elinden ölüşlerine  diýseň geň galýaryn we Haltäç  daýzanyň , kakamyň  edişi  ýaly  bizden kän-kän güýçli  hem  hökmürawan tebigatyň güýjüne, kuwwatyna  haýranlar  galmakdan ýaňa uzyndan-uzyn dogalar okaýaryn.
Şol wakanyň  bolan  döwürleri  obamyzyň iň  ýaşulysy  Zaman aganyň aýtmagyna görä welin, nijembir ýyllapmy, asyrlapmy, gör  nirelerdedir bir ýerlerde adam garasyny görmän  aždarha  çykan, ýuwdarhalyga  ýetişen şol  iki äpet öz  mekanlaryndaky janly-jandarlaryň  ählisini iýip gutaranlaryndan soň, özleriniň şeýle  uzaga çeken ömürlerinden bizar bolup, ajallaryna el bulap adamlaryň arasyna gelipdirler. Serhetçileriň ýa kakamyň elinden ölmäýenlerinde-de, olar barybir başga  birleriniň  elinden öläýmeli ekenler. Sebäbi, islendik zadyň soňy geläýmeli. Baky zat ýok. Ömürem şeýle.
Egerde şol gezek biz olary almadyk bolsak, onda hökman olar bizi  almaly ekenler.
Diýmek, meniň  obadaşlarymyň  tapan  çözgütleri, gyssagara  gelen  netijeleri  dogry ekeni.
Bu  barada ylym näme  diýýär, ony men  bilemok.

2006 ý. Bitaraplyk aýy (dekabr)

Juma HUDAÝGULY. Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle