| |

Anjaýyn jenana

Anjaýyn jenana ANJAÝYN JENANA

Anjaýyn jenana

Ikiýüzli, goý, ýigrenip esetsin
Seniñ, meniñ bu bikanun nikama.
Mähelläniñ ters pikriçe, edebiñ
Ýitenem eken-dä, ýitende näme!
Herhal dünýäñ butlarynyñ öñünde
Dyzymy epmedim, etmedim sežde,
Sen ýaly men olarda şu ömründe
Ne söýgä duş geldim, ne-de ýigrenje.
Häsin berip danañ, akly gowzuñ-da
Diñe öz ýüregim üçin ýaşaýan.
Sen ýaly pyrlanyp şatlyk-şowhunda
Men hiç kimi hökmürowan saýmaýan.
Döwranyñ bimatlap sürýän pelegiñ
Bagt üçin-ä ker men, hasrat üçin lal,
Elin gysýan keýpine çem geleniñ
Ýigrensem-de elin gysýaryn herhal.
Gülki bilen lagnatlaryn bogarys,
Bizi aýra salmaz myjabat asyl.
Başardygymyzça biz bagtly bolarys,
Goý, olaram isleýşiçe ýaşasyn!

Terjime eden: Nobatguly REJEBOW.

* * *

Ýok! Ýok! Baýron däl men. Men bir älemde
Häli nämälim bir, ilden jyda bir
Şoñ ýaly süteme uçran mysapyr,
Ýöne diñe rus kalby bar mende.
Ir başladym, irem eýlärin tamam
Biraz işi amal eder aklym-da.
Ýatyr gursagymda jäç bolan tamam.
Batan gämiler deý deñziñ astynda
Kim syryñy açar gamaşyk deñzim?
Kim jemendä ýetir meniñ pikirlem?
Kim bölüşip biler garjaşyk derdim?
Ýa men — hudaý, ýa-da hiç kimdirin men!

Terjime eden: Nobatguly REJEBOW.

* * *

Kesel heläk edýär, onuñ deminden
Gutulmaryn ýañy gülleýän çagym!
Lezzet alman dünýäñ eşretlerinden,
Nätjek! Özüm üçin aýadym janym.

Diñe biri eýeledi kalbymy,
Ol dagy saýlady, men bolsa düzi.
Aýra düşdük, indi Allañ arzuwy
Duşurmazlyk tabyt başynda bizi.

Güneşiñ yzyndan bakýan gaýradan,
Yzyndan gidäýsen haýry deger oñ.
Ölen eziz zady ýene gaýtadan
Diriltmegi maña salgy berer ol.

Oñ oduna gözüm gamaşsa eger,
Yzymdan galmaýan ajy sözleri,
Hoşlaşyk posasyn, jady gözleri
Şonda az salymlyk undaryn, meger.

Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW.

* * *

Öñler posalarym bilen sanadym
Geçip barýan bagtly günlerimi men.
Indi bolsa şol bagtdan ýadadym,
Söýemok, hoşlaşdym öz söýgim bilen.

Gözýaşlarym bilen hasaplaýardym
Pitneli ömrümiñ günlerini men.
O mahallar küýseýärdim, söýýärdim,
A indi hoşlaşdym öz söýgim bilen.

Ýitirdim o ýyllañ hasabyn eýýäm,
Däl indi täzeden başlar ýaly ol.
Undulyş guşuna ýüregmi berýän,
Eltip bakylygma taşlar ýaly ol!

Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW.

* * *

Diñle, belkem, terk etsek, dartyp ahy-elemi
Bizi bagrymyz bilen gatadan bu pelegi.
Hiledir pirimlerden nyşan ýok ýerde, belkem,
Sen perişde bolarsyñ, arwah bolaryn menem!
Şonda, ýöne dostum diýp, ezizim, şert et diñe
Behişdiñ bar bagtyndan, men diýp, geçjekdigiñe.
Goý, gussaly ykmandañ, ýekirlen ters täleýiñ
Seniñ jennetiñ bolsun, a sen — meniñ älemim!

Terjime eden: Kakajan REJEBOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle