| | | |

Amerikany ilki bolup kim açypdyr?

Amerikany ilki bolup kim açypdyr? Ahmet Bekmyradow
                                                                                   
   ▶ Amerikany ilki bolup kim açypdyr ýa-da  “Türkmennama” giriş

Zehinli   edebiýaçy   alym  Ahmet  Bekmyradow   özüniň   gysga    ömürinde   är   işini   bitirip,  öz  halkynyň  arasynda   meşhurluga   ýetdi. Onuň   faktorlara  baý,  şüweleňli   okalýan  her  bir  makalasy   diňe  bir  edebiýatçylary   däl,  eýsem  ýönekeý  okyjylarady-da   özüne  bendi  edýärdi.  Haýsydyr  bir  neşirde  alymyň   bir   makalasy   çykdygy   bes, oyjylarda   gyzgyn   seslenme  döredýärdi.
A.Bekmyradowy  edebiýatyň   taryhy   bilen   birlikde   küşdüň   taryhy-da,  halkyň   taryhy-da  biparh  goýmady.  Ol soňky  döwürlerde  türkmen  halkynyň  taryhy  bilen   has-da   içkin   gyzyklanyp  ugrady. “Türkmennama”  diýip   at  aljak   saldamly    işiň   yşgyna  düşen  alym  gymmatbahaly   materýallaryň   uly  toplumyny  ýygnapdy.  Şol  kitaba  girjek   bir   makalasyny –“Amerikany  ilki bolup  kim  açypdyr?” atly  makalasyny   gazetde  çap  etdiribem   ýetişipdi. Arman   halk   arasynda  uly  gyzyklanma  döretjek  şol   kitabyny   welin,  tamamlap   ýetişmedi.  Eliňizdäki  kitapda-da  alymyň  adybir   makalasy   bilen   birlikde “ Görogly   haýsy  döwriň  är  ogly?” , “Türkmen”  adynyň   gelip   çykyşy  nähili?” atly   makalalary   ýerleşdirildi.  Bu   makalalaryň   okuwçylada    uly  gyzyklanma   döretjekdigine   ynanýarys.

Makalany   toplan   we   çapa  taýýarlan                    
Myratgeldi   Söýegow.                          

▶ Amerikany  ilki  bolup  kim   açypdyr ?

Dünýäniň  taryhyndan   az –kem  habarly  islendik  okyjynyň  bu  soraga bada-bat “Hristofor Kolumb!”  diýip  jogap  berjegi  öz-özünden  belli. Kolumbyň  köp  wagytlyk   muşakgatly  ýüzüşlerden  soň  “Täze  dünýä” baryp  ýeten  hem  begenç bilen “ ýer hanha ýer!”  diýip  gygyran  güni 1492-nji ýylyň 9-njy  sentýabryna düşýär. Şol ýylyň  13-nji  sentýabry  hem  resmi  taýdan  Amerikanyň  açylan güni  diýilip   yglan edilýär. Göräýmäge  mesele çöp  döwlen  ýaly  edilene meňzeýär.  Emma  bu  uly açyşy   Kolumbyň  adyna  bermek   islemeýän  barlagçylaryň   uly topary  baryp  Xvi asyryň  başlarynda   peýda bolupdyr.. netijede  Amerikanyň  açylyşy  babatda   ençeme  teoriýalar  hem  olaryň  tarapdarlary  ýüze çykypdyr. Şol  tarapdarlaryň  arasynda   şu  günler  hem  jedel  gidýär. Şol  ýerde bir  ýagdaýy  aýratyn   bellemek  gerek. Şol  teoriýalaryň  tarapdarlarynyň  hemmesi  diýen  ýaly Amerikanyň  açylyşyny   bu  golaýlarda  däl-de,  eýsem   alymlaryň “taryhdan ozalky zaman” diýip  atlandyrýan  döwürlerinden  gözleýär.
Geçen  asyrdan  başlap,  bu  mesele boýunça   täze  teoriýa ýüze çykyp,  onuň  tarapdarlary  Amerikany  ilki  bolup aziýalylar, onda-da  türki  kowumlar  açypdyr  diýen   pikiri  öňe  sürdiler. Çeh  alymy M. Stingliň “Çommaksyz  hindiler” (M.1984) diýen  kitabynda   ýazylyşyna  görä ,  bu teoriýany   ilki  bolup , amerikan alymy   Aleş Grdliçka   esaslandyrypdyr. Ol  Amerikan  hindileriniň   we  türk  kowumlarynyň   etniki  aýratynlyklaryndaky, däp-dessurlaryndaky,  ynançlaryndaky  ýakynlyk  barada   birnäçe  işini   neşir  etdirýär. Soň  nemes  alymy O. Rerig   siu taýpasynyň , arasynda  ýaşap, olaryň  dillerini  öwrenip, siularyň   dil  tarapdan   türki  kowumlar  bilen  garyndaş   diýen  netijä  gelipdir. Aslynda meselä  şu  nukdaý  nazardan  çemeleşmek XVII asyrlardan  başlanypdyr.  Amerikan  alymy  R. Uokopyň  “Süýşen  materikler  hem ýiten  taýpalaryň  syry” (M.1966)  atly kitabynda   ýaşylşyna  görä , iňlis  alymy J. Josselin  birnäçe  wagytlap  mohauk  taýpasynyň  dilini  öwrenip, 1674-nji  ýylda   neşir  edilen  kitabynda   “Ol  türki  dilde  gepleýär”  diýip  ýazypdyr. Umuman , Amerikan hindileriniň  ata –babalary   Azýaly  türkiler  bolupdyr diýen   teoriýanyň   wekilleri  hem  mesläniň  ujuny “ taryhdan  ozalky  zamandan” alyp   gaýdýar.  Olar  gadymy döwürlerde, heniz  häzirki  Bereng  bogazy  eremeýän   galyň   buzluklar  bilen  iki  kontinenti  birleşdirip  duran  wagtlarda  Aziýalylar  Amerika  geçipdir   diýen  ynanja  gol ýapýar.
Mälim bolşy  ýaly, Kolumb “Täze dünýäni”  açandan  soň  Ýewropalylar  ýerli  halklara “hindi”  diýip    umumy  at  dakypdyr. Emma  her bir  halkyň , her bir  taýpanyň  öz  ady  bar. Elbetde, Amerikan  hindileriniň  hemmesini   türki  kowumlar  bilen  baglanyşdyrmak  nädogry  bolar.  Emma şol   ýerli  taýpalaryň    käbiriniň  türkiler bilen  berk baglanyşýandygy  welin  hakykat. Ynha , 1976- njy ýylda Leningradda  neşir  edilen “ABŞ-yň   geografiýasynyň  meseleleri”  diýen  ýygyndyda A.G. Karimulliniň   makalasy  ýerleşdirilip , awtor ABŞ-da   hem  Kanadada  ýaşaýan siu, maýa  taýpalary  bilen   gadymy  we häzirki  zaman  türki sözlerini  deňeşdirýär.  Täsin tarapy , onuň  şol deňeşdirýän   sözleri  onçakly  köp  bolamasa-da, olar many   hem  forma   tarapdan  biri-birine  doly  diýen  ýaly  gabat gelýär.
Bu  kitapda A.G. Karimulliniň   makalasy  mynasybetli   belli  gündogarşynaslaryň  biri “Hunlar”, “Gadymy türkiler”  ýaly  tutumly  işleriň   awtory L.N.Gumilewiň   çaklaňja  düşündiriş –makalsy hem  berilipdir. Taryhçy  A.G.  Karimulliniň  deňeşdirmelerinden  şeýle  netije  çykarypdyr: Biziň  eýamymyzdan   ozalky   iki müňünji   ýyllarda   Amerikada  ýaşaýan   ýerli  taýpalaryň  uly topary   häzirki  Bereng  bogazynyň  üsti  bilen  Demirgazyk  Aziýa  aralaşypdyr. Olar Aziýa  taýpalary  bilen   hertaraplaýyn gatnaşykda  bolupdyr.   L.N.Gumilew  bu meselede  ilkinji  bolup , “taryhdan  ozalky  zamandan”   bärik  ätleýär. Ol biziň  eýamymyzdan  ozalky IV hem biziň  eýamymyzyň I asyrlary  aralygynda Merkezi Aziýada  ýaşan     türki dilli hun  taýpalarynyň  gülläp  ösen  döwri  bolandygyny  belleýär. Ine , şu döwürlerde –de   hunlar  bilen Aziýa  gelen Amerikan  hindileriniň  gatnaşyklary  uly  rowaçlyk  gazanypdyr, şonuň  netijesinde –de  olaryň  dillerinde ýakynlyk  ýüze  çykypdyr  diýen   netijä  gelýär.
Biziň  pikirimizçe, awtor    soňky  döwürlerde  näme  üçin Amerikan  hindileri  bilen  Aziýalylaryň  arasyndaky   gatnaşyklary  ýitiripdir  diýen soraga  ynandyryjy  jogap  berip  bilipdir. Onuň  taryhy  faktorlara daýanyp   ýazmagyna  görä , biziň  eýamymyzyň  başlarynda  Bereng  bogazyny hem onuň  töweregini  diýseň söweşjeň  eskimos taýpalary  eýeläpdir. Olar köp  asyrlap iki kontinenti  birleşdirýän   ýek-täk ýoly  bütinleý   ýapýar. Amerikan  hindilerini  bolsa  gyran –jyran  edip , soň  olary  kowup  kontinentiň  has jümmüşine süýşmäge mejbur  edýär. Diňe XXIII asyrda  ruslaryň ekimoslary    özüne  tabyn  edip , Bereng  bogazyny  eýelemek bilen Amerika  täzeden  ýol  açylýar. 
Taryhçylaryň gürrüňini edýän   hun taýpalarynyň  türki  dilli taýpalar  bolandygy ylymda  ykrar  edilen  hakykat.  Gyzykly   ýeri, taryhy  çeşmeleriň , köp  sanly barlagçylaryň   tassyklamagy  boýunça , ine , şu gadymy  hun taýpalarynyň “ ilkinji  we beýik  hökümdary” soň  türkmenleriň  nesilbaşysy  hasap  edilen Oguz  han  bolupdyr. Biziň  eramyzdan ozalky  174-nji  ýylda  dünýäden  öten  bu taryhy  şahys  hytaý  çeşmelerinde “ilkinji” manysyny  beren Mode  sözi   bilen  atlandyrylypdyr. Modeniň  düýbüni  tutan   hem  üç  asyrlap dowam  eden döwleti   ýigrimi  dört sany  hun  taýpasyny  öz  içine alyp,  olar alty  welaýata  bölünnipdir.  Soňky “Oguznamalarda” bu taryhy  fakt belli derejede  rowaýatlaşyp, şol  alty  welaýat   Oguzhanyň  alty   ogly, ýigirmi dört  taýpa  hem onuň  ýigirmi dört  agtygy  diýilip   görkezilýär. Aslynda aslynda  oguzlardan  bolup , XI asyrda  ýaşan Mahmyt Kaşgarlynyň   aýdyşy  ýaly , şol  ýigrimi  dört  agtyk  bolsa,  oguz –türkmenleriniň  ýigirmi  dört  taýpasynyň   nesilbaşysyna   öwrülipdir. Başgaça  aýtsaň soň  halkymyzyň  bu  gadmy  ýigrimi dört  taýpanyň  hers  olaryň  biriniň  adyny  göteripdir.
Dogrudan-da L.N. Gumilýowyň aýdyşy  ýaly, Amerikan  hindileriniň  irki zamanlarda  Aziýa  aralaşandygyny  soňky  ýyllaryň   gazuw –agtaryş   işleri-de tassyklaýar. Aýdaly , altmyşynjy ýyllaryň  ortalarynda Başgyrdystandan  gadymy  adam  kelle süňki  tapyldy. Dünýä   belli  antropolog M.M. Gerasimow şol  kelle süňkini   ozalky  kaddyna  getirdi. Şondan  taryhçy  G.Matýuşin   bu  barada  şeýle  ýazypdy. “Bize F. Koperiň romanyndaky   wagşy  öküz  bilen dikleşýän , gorkyny –ürkini  bilmeýän awçynyň  özi  seredýär. Gäzümiziň  alnynda Amerikan  hindisiniň  suraty   dur” (wokrug sweta /Вокруг света- 1969 №10) Görşümiz  ýaly , tapyndy   L.N. Gumilýowyň pikirine  arka  durýar. Ýöne  taýagyň  iki ujy  bar. Şeýle  diýmek bilen  biz  hem  öz  gezeginde   Aziýaly  türki  kowumlar irki  döwürlerde  Amerikan kontinentine aralaşypdyr  diýen  pikiri  orta atmakçy. Ikinjiden, barlagçylar   Amerikan  hindileriniň hem türkileriň  bagloanyşygyny “taryhdan ozalky  zaman”  bilen  baglanyşdyryp, esasan, çaklamalara daýanýar. Netijede  olar beýleki    teoriýalaryň   tarapdarlary  bilen deň  dawagär  bolup  çykýar.  Diýmek,  hakykat    şol   baglanyşygyň   anyk   döwrüini,  belli  wagtyny   talap  edýär.  Üçinjiden her kim öz  ýitigini  gözleýär. Şony  aýtmak bilen, biziň  türki  kowumlarymyzyň  arasynda   ilkinji  bolup   Amerika  aralaşan oguz-türkmenleriniň   paýyna  düşüpdir  diýesimiz gelýär.
Halk  arasynda aýdylşy  ýaly , gury  sözden palaw  bolanok. Şonuň  üçin  geliň,  faktlara ýüz  tutalyň. Mahmyt   Kaşgarly  öz  işinde türki   dilleriň ,  gepleşikleriň  hersine  ýörite  häsiýetlendirme  berip  barşyna:  “Emma jabarkalaryň  uzakda  ýaşaýandygy, maçyn  bilen  olaryň  arasynda   uly  deňziň  bardygy  sebäpli  bularyň  dilleri  bilinmeýär”  diýip  ýazýar. Şol döwürlerde   Maçyn  diýilip  Hytaý  ýarym  adasyna  düşünilipdir.  Hytaý  ýarym  adasyndan  soň , dogrudan-da  uly  deňiz  -Ýuwaş  okeany ýazylyp  ýatyr. Ýuwaş  okeanyň  aňyrsynda hem  Amerika. Şundan  ugur  alsaň , dilleri  bilinmeýän jabarkalar   şu  ýerde  ýaşan  bolup  çykýar. Eýsem  jabarkalar  kimler? Soňky  çeşmelerde  ýabarka, ýabarly, ýabyr, ýapar  görnüşde  gelýän   bu  jabarkalar  oguz-türkmenleriň  ýigrim  dört  taýpalarynyň  biri. Oguznamalarda olar  Oguz  hanyň   Aýhan atly   oglundan bolan  agtygy  hasaplanýar. Dogrusy, Kaşgarly  öz  kitabynda   bu  taýpanyň  adyny   gypjakça  aýdylşy boýunça   tutýar.
Kaşgarly   jabarkalaryň   dili  hakynda  hiç  bir  zat  bilmeýändigini  belleýän  bolsa , soňky  taryhçylar  ýabarlylaryň  ykbaly  bütinleý   näbelli   diýen  netijä  gelýär. Ynha , ilkinji  bolup, dünýäniň  taryhyny  ýazan  Reşideddin  (XIV  asyr) olar  barada az –kem rowaýatlandyrylan  şeýle  gyzykly  maglumat  berýär: “Ýabarly –oňa , “ýagma”  hem  diýilipdir. Bir  gezek  söweş wagty  olar  uly  günä   edipdir. Oguz han olara   berk  jeza   bermeli  diýen  karara  gelýär. Şol  döwürlerde  gaty  şemal  bolupdyr. Hytaý  tarapyndan öwüsýän   bu  şemala  “bad-e samsürek” (juda sowuk  hem  apy-tupanly  deňiz  ýeli-A.B)  diýipdirler.  Özüde  görülmedik  apat  bolupdyr. Oguz han ýabarlara “ Sen  şol şemalyň  öňüne  gidip  ony  sakla!”  diýip  buýruk  beripdir. Maksady  ony  öz  ölmüniň  üstine  ýollamak  ekeni. Häzirki  wagtda  şol  ülkede   onuň  nesillerinden  bolan  türkmen  ýok. Belki , Hytaýda   bardyr”.  Edil  şeýle  maglumat  türkmen taryhçysy  Salyr  Baba-da 1556-njy ýylda  tamamlan  işind  ýazyp  galdyrypdyr.  Egerde  şondan  çen tutsaň   ýabarly  kowumy  oguzlardan  has  uzaga , sowuk  demirgazyga  tarap gidipdir. Soň olaryň  yzy  ýiten  hasap  edilipdir. Hakykatdan-da çeşmelerde ýabarlylar  diňe  ýatlanyp  geçilipdir, taryhçylaryň  biri –de  olar  barada başga  hiç  zat aýdyp  bilenok.
Görşümiz  ýaly, oguz –türkmenleriň jabarka  ýa-da ýabarly  taýpasynyň ykbaly  barada taryhy  çeşmeler şol bir maglumaty  berýär. L.N.Gumilýewiň barlaglary  boýunça biziň  eramyzyň  90-njy  ýyllarynda hunlaryň  “Demirgazyk  hun”  diýlip  atlandyrylýan   bir kowçumy  Hytaýlylar, hatda  öz  kowumdaşlary  bilen  köp  wagta  çeken   gandöküşikli  çaknyşyklardan  soň  näbelli  ýagdaýda   gürüm-jürüm  bolýar. Munuň  özi   şol  döwürde   hun  kowumlarynyň  arasynda  duşmançylygyň  düşendigini  görkezýär.  Reşideddin bilen  Salyr  Baba hem  ýabarlylara “Ýagma” diýlendigini  ýörite  belleýär.  Gadymy  türki  dilde   bu  söz  ýagylyk,  duşmançylyk  manysyny  aňladypdyr.  Biziň  pikirimizçe, hunlaryň ine , şu “Demirgazyk  hun” kowçumy  jabarkalar  ýa-da  ýabarlylar  bolupdyr.  Olar  soňy  görünmeýän  ganly  söweşlerden bez  bolup, dynç  ýaşar  ýaly täze  mesgeniň  gözlegine  çykandyr  hem Bereng  bogazynyň  üsti  bilen   Amerika  kontinentine  geçendir  diýip  pikir  edýäris. Şol  dýwürde  bolsa bogaz   şindi  eskimoslaryň   geçmän  ekeni. Şonuň  yz  ýanyndan  hunlaryň  özü-de  köpçülikleýin  häsiýetde   Günbatara  tarap süýşüp  ugraýar. Biziň  eramyzyň II asyrynda eýýäm olaryň  uly  bölegi   Ýewropa, Kiçi Aziýa, Arabystana  çenli baryp  ýetýär.  Soňky  Ýewropa  çeşmelerinde  indi olar “gun”, “kun” atlary  bilen  ýatlanýar.   Şeýle şagdaýda  hem “Demirgazyk  hun” kowçumynyň   ýa-da ýabarlylaryň  soňky  ykbalynyň   bütinleý   näbelli  bolup   galmagynyň  esasy  sebäbi  bolsa gerek.
Eger bir oguz-türkmen  taýpasy  baryp  hunlar  döwürinde   ýokardaky  ýagdaýa  görä  bölünip , Amerika  aşan  bolsa , heý  olardan nyşan  galmadymyka?  Biziň  pikirimizçe, nyşan  bar. Häzirki  Panama   respublikasyna  degişli   San-Balas  arhipelagynda   ýerleşýän   adajyklarda  kun  diýen  taýpa  ýaşaýar.  Irki  döwürlerde  kunlar  Amerikanyň  iň  iri    taýpalarynyň   biri  bolupdyr.  Ýöne  beýleki   taýpalar  bilen   bolan  üznüksiz  söweşler  sebäpli  olar  kem- kemden azalyp  başlapdyr. Soň  kunlary  Ispan  kolnýaçylary   gyrgyna  beripdir.  Ispanlar bilen   ençeme asyra   çeken  göreşlerden   soň , kunlar  ahyry “ Uly  ýeri” terk  edip , San –Balas  adalaryna  geçýäge  mejbur  bolýar.  Kunlar  köp  wagtlap  kolonýaçylara  boýun  egmän egmän , olara garşy  batyrgaý  göreş  alyp  baran   ýeke-täk  söweşçeň  taýpa  hasaplanýar. 1903-nji ýylda Amerikadaky  iň  soňky  hindi  gozgalaňyny  hem kunlar  turuzypdyr. Häzir  bu  taýpa azalyp –azalyp , ondan  25-26 müň  töweregi adam galypdyr. Täsin  tarapy , bar bolan az sanly faktlar  hem Amerika  göçüp  gelen jabarka ýa-da  ýabarly taýpasynyň  nebereleri  bolsa  gerek  diýen  pikiriň  üstüne  alyp  barýar.
Dogrusyny  aýtsak, bizde şindi Panama kunlary  bilen hunlaryň    olaryň soňky  dowamy  bolan  oguz –türkmenleriň  arasyndaky  etniki –psihologik  baglanyşygy  barada   gutarnykly  ylmy  nertijä  gelmäge   mümkinçilik ýok.   Munuň  üçin  ençeme wagtlap   kunlaryň  arasynda  ýaşap, olaryň  däp –dessurlaryny  dil  aýratynlyklaryny, taryhyny  ymykly  öwrenmeli. Häzirlikçe biziň  çeşme  mümkinçiliklerimiz  çäkli.  Şu  makalany  ýazanymyzda   ýokardaky  ýaly  baglanyşygy tapmak  üçin R. Uokopyň, M.Stingliň  “ iki okeanyň  arasyndaky  ýer” (M.,1983)   ktabyndan, W. Listowyň “San-Balas  arhipelagyndaky    kunlaryňkyda”  (wokrug sweta /Вокруг света- 1987 №12) atly  makalsyndan peýdalandyk. Başgaça  aýtsak, bu makala heniz  saýlanyp  alnan  meseläniň   deslapky  degşirmeleri   bilen okyýjylary  habardar  etmek  maksady  bilen  ýazyldy.
Häzirki  döwüre  çenli  kunlaryň  taryhy, dili hem  etniki  aýratynlyklary, däp –dessurlary, ynançlary  barada juda  az  iş edilipdir. Esasy bellenilýän aýratynlyk-  olayň  beýleki  Amerikan hindi  taýpalaryndan   köp  tarapdan  tapawutlanýanlygy. S. Syçew  kunlaryň  derisiniň   beýleki  hindi  taýpalarynyňky  ýaly garaýagyz  däl-de, bugdýreňkdigini  ýörite  belleýär. Käbir barlagçylar  bolsa   bu  taýpa  biziň  eýýamymyzdan  ozalky  dört  müňünji   ýyllarda  Ýefratyň   boýundan  göçüp  gaýdypdyr  diýen   pikiri  öňe   sürýär. Olar  kunlaryň  nagyşlarynyň , keşdeleriniň  hem  bezeg  işleriniň   Mesopotamiýanyň  häzirki  ýaşaýjylarynyňka   meňzeş   gelýänligi   esasy   tutaryk  bolup  hyzmat  edýär. Elbetde  çürt-kesik  netije  çykardygymyz  däl   welin, berilýän  fotosuratlary   siňňin  synlasalar  kunlaryň  nagyş –bezegleri  bilen  türkmen gelin –gyzlarynyň   el  hünäri  işleriniň   arasynda  ençeme  ýakynlyklary   tapsa  bolýar. Dogrusy, munuň  özi  ýörite   hem  çynlakaý  barlagy  talap  edýär.
Kunlaryň  dini  düşünjeleri-de özboluşly.  W.Listow  bu  barada şeýle  ýazýar: “Latyn Amerikasynyň  ähli  hindi halklaryna  diýen  ýaly  ilkinji  hudaý Gün  bolan  bolsa, olardan  parahlylykda   kunlarda  hemme    zadyň  başlangyjy  diýlip  Ene  Ýer  hasaplanylýar”. Edil  şeýle  düşünje    hunlarda-da  bolupdyr. Biziň  “Ene ýer”  düşünjämiz  hem   şondan  bolmaly. Kunlaryň  düşünjesine  görä, ilki  ýer  döräp, soň  aý  emele gelipdir.  Olar  Ene  Ýeriň  simwoly  diýip  Aýa düşünýär.  Özlerini  “Aý  perzentleri”  hasaplaýar.  Gadymy  hunlar  hem  Aýa  şeýle   hormat  bilen  garapdyr.  Şol  hormatyň  yzlaryny   häzirki  türkmenleriň   düşünjelerinde –de  görse  bolýar. Hut  şu  günki günlerde  hem  Aý  ilki  doganda  ýüze  sylmak  däbi  halkymyzyň   arasynda  saklanýar.  Türkmen adam  atlarynyň   arasynda  Aý  bilen   bagly  atlar  hem  juda  köp. Biziň  hasaplamalarynmyza  görä, Aý  bilen  bagly  adam  atlarynyň  görnüşleri  tas   ýetmişe  ýetýär. Egerde  kunlar özäni  “Aýyň  perzentleri”  hasaplaýan  bolsa , biziň  şu     kunlaryň  ata-babasy  bolmaly  diýen  jabarkalarymyzyň  ýa-da  ýabarlylarymyzyň  nesil  basyşy  Aý han  bolupdyr. Oguznamalarda  olar  Aýhanyň  ogullary  diýlip  bellenilýär.  Gyzykly  tarapy, baryp biziň   eramyzyň  başlarynda   döredilen  hasaplanýan  hem  iň  soňky   golýazmasy XIV  asyrda  uýgur  elipbiýinde  göçürilen  “Oguznamada”  Oguz  hanyň  ejesiniň  ady-da   Aý  kagan  diýlip  görkezilýär. 
Adatça  etniki   aýratynlyklar  aýallarda  gowy  saklanýar. Amerikan   hindilerinden  esasy  etniki aýratynlyklarynyň  biri-de  kun  aýallarynda   burna  ortasy  deşik, tegelek  ysyrga  dakmak  dessurynyň    berk  däbe  öwrülenligi.  S.Syçew  bu  dogruda  şeýle   maglumat  berýär. “Aşdyşlaryna  görä , bir  gezek  hindileriň  bir  baştutany Tamir  Son Pon  öz  ýigitleri  bilen  uzak  ýörişden   gaýdyp  gelýär. Olary  taýpadaşlary  uly  dabara  bilen  garşy  alýar.  Serkerde  bir  seretse , özüniň  ýaşajyk  aýaly   şol  ýöreişde  has  edermenlik  görkezen  söweşijini  ogşap   goýberipdir.  Muny  görüp   ol  gaty  ynjaýar. Gören  ýerde  posa paýlap  ýörmez  ýaly  aýalyna  burnuny  deşip  ysyrga  ötürmegi  buýrýar.  Serkerde  bu  onuň  beýlekileri  ogşamagyna  päsgel  berer  diýip  pikir  edýär.  Taýpanyň  ähli  aýallary-da   şeýle  etmeli  diýip  höküm  çykarýar. Şondan  soň  bu  hemmeler  tarapyndan   kabul    edilen    däp   bolup  galypdyr”  Elbetde bu  dessuryň  haçan , nähili  dörändigi  dogrusynda  bir zat  aýtmak  kyn. Ýöne   Hytaý  çeşmelerine  görä, aýallarynyň  burnuna  ysyrga  dakmak  däbi   gadymy  hunlarda  hem  bar  eken.  Taryhçylar  şeýle  däbiň  ýaňy –ýakyna    çenli   türkmenlerde –de   bolandygyny  tassyklaýar. “Türkmen  diliniň  sözlüginde  ysyrga “ Bezeg  üçin  burna  dakylýan  tegelek  kümüş  halka”  diýip  düşündiriş   berilmegi-de  muňa  güwä  geçýär.
Taryhdan  belli  boluşy  ýaly,  gadymy  türki  kowumlarda   şamançylyk esasy   däpleriň  biri  bolupdyr. Halkymyzyň  arasynda  ýaňy –ýakyna çenli  ýörgünli  bolan “şaman odyny”  , al  kakypdyr diýip, ony  kowmak  üçin  näsag  adamyň  daşynda   “alas  odyny”   aýlamak  däbi, “Butparazdan otparaz ýeg” , “Ot-oraz”  nakyllaryny  ýatlalyň. Bellemeli  tarapy , kunlar  hem  şamançylyga  uýan  ekeni.  Kun  tebipleri-de  erbet  ruhlary  kowmak  üçin  şaman  odunyň  daşyndan  aýlanyp   aýdym  aýdypdyr. Gyzykly  ýeri, oduň  başynda  şeýle  aýdymlary  aýtmak  gadymy, oguzlar da  berk  däp  bolupdyr.   Kaşgarlynyň  bellemegi  boýunça   oguzlar  erbet  ruhlary  kowup  aýdylan  aýdymlara –“jadyly  sözlere” ýörite  gowuz  diýip  at beripdir.  Soň  orta  asyr  şahyrymyz Ahmet Ýasawy  oguzlaryň  bu  däbini  sufizme  ornaşdyrýar.
Kunlarda  şeýle aýdyjy  tebiplere “kuntile” diýipdir. Göwnümize  bolmasa, söz  aslynda   iki  sözden  däzälip, onuň  gadymy  türki  dil  bilen  baglanyşygy  bar  ýaly. Gadymy  türki  dilde  berjaý  etmek, ýerne  ýetirmek “kan”  sözi  bilen  aňladylypdyr. Şonuň  ýaly-da, olarda  biziň  “dile”  sözümiz  “tile”  sözünde aýdylýar.  Eger  kunlaryň  ýokardaky  sözi  “kan tile”-“dileg et”  sözlerinden  diýsek,  onda  ol  şamançylygyň  mazmunyna  doly laýyk  gelýär.  Galyberse-de,  kun  tebiplerinde gaty  agaçdan edilen  ujy  çiş  taýak  bolup, olar  şol  taýak  bilen  erbet  ruhlary  kowupdyr, ýok edipdir.  Bu  simwoliki  taýaga bolsa “uçu”  diýlipdir. Gadymy  türki  dilde  “uç”  sözi ýok  bolmak, gitmek,  ölmek  manylarynda –da  gelipdir. Kunlaryň  şu “uçu” sözi  bilen  türkleriň  “uç”  düýp  sözüniň arasynda –da  baglanyşyk  bar  ýaly  bolup  görünýär. Ýagny  kunlar  “uüu”  diýip  şol  jadyly  taýak  bilen  erbet  ruhlary  uçurmak  manysynda  aňladypdyr  diýesim  gelýär.    
Çeşmeleriň  güwä  geçmegine  görä,  gadymy  hunlaryň   administratiw –jemgyýetçilik   gurluşy  sadadan  demokratik   häsiýetde   bolupdyr.  Olar  ilki  taýpa  kethudasyny  saýlapdyr. Bu  ýagdaýa Mode- Oguz    han  düzgünleşdiripdir,  ol  köp  asyrlap dowam  edipdir. Soň  bu  kanun  oguznamalarda  has  anyk  täsirli  beýan   edilip  görkezilipdir.  Edil  şeýle  ýagdaýy  kunlarda-da  görse  bolýar. Olarda  maslahat  grçrilip,  taýpa  kethudasyny  saýlamak  ata-baba  däp  bolupdyr. Häzirki  wagtda-da şeýle  däbe  görä,  obanyň  aksakgaly  saýlanyp, oňa  hem  “saýla” diýlip  at  berilýän  ekeni. Biziň  pikirimizçe, kunlaryň  öz  aksakgallaryny  atlandyrýan  “saýla”  sözi  bilen biziň  “saýlamak”  sözümiz  genetik  taýdan  bagly  ýaly  bolup  görünýär.
Gadymy  hunlarda  dört sany  keramatly  sanlaryň biri  saýlypdyr.  Çeşmeler  olaryň  iň  bärkisi  söweşde –de  reňki  boýunça biri-birinden  parhlanýan  dört  dürli  bedewleri  münüp  çykýandygy  habar  berilýär. Hunlar  bir  zada baha  berende  onuň  dört  tarapyny  göz  öňüne  tutupdyr.  Ynha , gadymy  “Oguznamada” täze  dünýä  inen  Oguz hana şeýle  häsiýetlendirme  berilýär: Çyraýy  gök, agzy gyzyl, gözleri ala, saçy, gaşy  gara. Ýa-da  aýagy  öküziňki  ýaly, bili  böriniňki  ýaly, ýagyrnysy  guşuňky  ýaly, kükregi  aýynyňky  ýaly.  Oguzhan  her oglundan  dört  agtyk  görýär.  Bu  sanyň  ýörgünliligi  biziň  halkymyzyň  arasynda  häzire çenli  saklanyp  gelýär. Muňa  näçe  diýseň,  mysal  getirse  bolardy. Ýöne  säzi  uazldyp  oturman, diňe  Japbaklaryň  dört  bolsaň, pag-da!”  säzüni  ýatlap  oňaýalyň. Edil  şonuň  ýaly, bu san  kunlarda-da   keramatly  sanlaryň  biri  ekeni.  W.Listow “Kunlaryň  filosofiýasy  çylşyrymly  sistema  bolup, ol  ýaşaýşyň  hem  syrly  düşünjeleriň  içinden   akyp  geçýär.  Bu sistema  dört sany  esasy  prinsipe   uýgunlaşdyrylypdyr” diýip  ýazýar.  Munuň  özi kunlaryň  durmuşynda –da  dört sany  ýörelgä  gulluk  edýändigini  aňladýar.
Häzirlikçe   biziň  elimizde   kunlaryň    dil aýratynlyklaryna  degişli  düýpli  maglumat  ýok. Olaryň  dilinden  birnäçe  sözleri  bilýäris.  Biziň pikirimizçe, şol sözleriň  öz  manysy  hem  formasy  boýunça  gadymy  türki, şol sanda türkmen  dili bilen  baglanyşygy  bar.  Kunlar  durmuşdaky  başarjaňlygy, ökdeligi, ezberligi  “tule”  sözüniň  üsti   bilen  aňladýar.  Ýalňyşmaýan  bolsak , ol   gadymy  “tole” , häzirki  türkmen  “doly”  sözi  bilen  baglanyşyp, hemme  tarapdan  dokuzy  düzüw  manysyny  berýär.  Türkmeniň “Ýigit  ýa  doly  bolsun,  ýa   däli”  naklylyny  ýatlalyň. Kun  dilinde meýdan “tola”  sözi  bilen  berilýär.  Gadymy  türki  dilde  hem  meýdana  “tala”   diýilipdir.  Bu  säz  öň  türkmen  dilinde   ýörgünli  ekeni.  Soň  ulanyşdan  galan  bu   sözi  “ Enäniň  göwni  balada, balanyň  göwni  dalada” diýen  nakylda  görýäris. Kunlarda  nagşa, keşdä  “mola” diýýärler.  Ol  biziň  keşdä, nagyşa,  dahylly  “ala-mula”  aňlatmamyz  bilen  bagly  bolaýmasyn?! Zehinliligi, ukyplylygy  kunlar “kurgin” säzi  bilen  aňladýar. Gadymy    türki  dilde  “kur”  säzi batyr  başarjaň  manysyny  beripdir. Biziň  aňlaýşymyza  görä, asyl   köki “kur” bolan  bu  säzi  türkmen  dilinde   “gurgun”  aňlatmasynda  saklanypdyr.  Häzir  bu  säz  hemişe ýagdaýyň  guratlygyny ,  düzüwligini  soramak  üçin  ulanylýar: “Gurgunmyň?”, Kunlarda “näme?” sorag  säzi “nuga?”  görnüşde.  Geçmişde  türkmenlerde  hem  bu  säzi  “näge”   görnüşde bolupdyr.  Mysal  üçin, Magtymgulynyň “Näge  ýatyp  sen” şygry.  Gärşümiz  ýalr,  bar  bolan  şujagaz  faktlar  hem  kunlar  bilen  türkmenleriň  diliniň  arasynda  baglanyşygyň  bardygyna   köp  derejede  şaýatlyk  edýär.
Badyhowa  gürrüň  etdigimiz däl. Türkmen dili  dünýäniň   iň  gadymy  dilleriniň  biri.  Gazaklaryň  belli alym –şahyry  Oljas  Süleýmenow  diýmişleýin “…taryhy  döwre   çenli  ňhli  türkler  türkmen  dilinden  sähelçe  parhly  dilde  gürläpdir”. Ol  äzüniň  bu  pikirini  töwerekleýin  delillendirmägi –de  başarypdyr. E.W.sewortýan, A.M.Şerbak  ýaly   belli  dilçileriň  gadymy  türki   diliň  taryhyny  dikeldýän  işlerinde   munuň  üçin  häzirki  türki  dilleriň  arasynda  türkmen  dilini  nusgalyk  höküminde   saýlap  almaklary-da   şunuň  bilen bagly.    Gelejekde  türkmen  diliniň  hakyky  taryhy  döredilen  diýen   ýagşy  umydymyz  bar.  Belkide  şonda  gadymy  zamanlarda  Amerika  aşan  kunlaryň   hem  dil  aýratynlyklary  hasaba  alnar! Sebäbi alymlaryň  biragyzdan   tassyklaýşy   ýaly,  islendik  halkyň  bir  söý  bilen öz  kowumdaşlaryndan  alyslara  düşüp  galan  kowçumynda  şol  halkyň  diliniň ,  diňe  diliniň  däl, etniki —  psihologik  aýratynlyklarynyň   gadymylygy, özboluşlylygy  gowy  saklanyp  galýar.
Sözümiziň  ahyrynda   bir  ýagdaýy  aýratyn  belläsimiz  gelýär.  Biz  bu  makalany  hähilidir   şowhun  turuzmak ,  gyzyklanmak döretmek  maksady  bilen  ýazmadyk. Arzuwsyz  adam  ýok. Edil  şonuň  ýal, biz  hem  indi  esli  wagt  bäri “Gadymy  türkmenler”   diýen  taryhy  kitap  ýazmagyň   arzuwynda .  Gadymy  oguz –türkmenleriniň   ýigrimi   dört  sany  taýpa  bölünendigi  hemmä  belli  hakykat.  Biz  şol  kitapda her taýpanyň  taryhyny,  etniki  aýratynlyklaryna  ýörite  bölüm  bagyşlasak   diýýäris.  Çeşmelerden  ýigirmi  üç  taýpoa  degişli   fakytlary, maglumatlary  tapsa  bolýar. Emma  jabarka  ýa-da ýabarly  taýpasynyň   taryhy   henize  çenli  garaňky  bolup  gelýär.  Indi  uç  tapdyran  bolaýmagy-da  ahmal.  Geljekde  gürrüňi   edilen kunlaryň  taryhynyň  ters  yzy  çalynsa, onda şol  jabarka  ýa-da  ýabarly  taýpasyny  taryhyny –da  dikeldip  bolar  diýen   tamamyz  bar.

(dowamy bar)… Taryhy makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи