| | |

Amerikany ilki bolup kim açypdyr -2 / dowamy

Amerikany ilki bolup kim açypdyr -2 / dowamy ♣ Türkmen”  adynyň  gelip  çykyşy  nähili?

Adatça  haýsydyr bir  halkyň  gelip  çykyşy  öwrenilse, agtaryşlar  ilki onuň  adyndan  başlanýar. Ozaly  bilen  şol  halkyň   adynyň nähili  häsiýetde  ýüze  çykandygy  seljerilýär.  Ýagdaý  türkmenleriň  ady  babatda  hem  şeýle. Ine tas  müň  ýyl  bäri dünýäniň  onlarça  alymy “türkmen” säzüniň  nähili   ýol  bilen  emele   gelendigi  barada  kelle  döwýär. Edil şonuň  ýaly, indi  müň  ýyl  bäri  taryhda “türkmen”  säzi  hem  ýaşap  gelýär.ýöne  alymlar  bu  säzüň  haçan  peýda  bolandygy,  nähili  many  aňladýandygy  dogrusynda  belli  bir  çukura tüýkürip  bilenok. Ol  hakda  köp sanly   pikirler  aýdydy, çaklamalar  orta  atyldy. Şeýle  bolsa-da, “türkmen” säzüniň ýüze  çykyşy  barada mesele heniz  açyklygyna  galýar.
Häzirlikçe türkmenleriň  ady  duşýan  iň   irki  taryhy  çeşme  X  asyra  degişli.  Şu  asyrda  ýaşan  Makdysy  Syrderýa  boýlaryna   syýahat  edipdir.  Ol  şol töwereklerde   ýerleşen Beruket  hem  Balaç şäherleri  barada  maglumat  berip  barşyna : “Berukt –uly  şäher. Ol hem  Balaç  häzirki  wagtda   musulman  goşunlaryndan gorkup,  yslamy  kabul  eden  türkmenleriň  garşysynda   ýerleşen  serhet  galalary”  diýip  ýazýar. Soň  ol  sözüni  dowam  etdirip : “Ordu –kiçijik  şäher. Onda  türkmenleriň  hökümdary  ýaşaýar” –diýip   belläpdir.  Şu  ýerde  bir  zady  bellemek gerek: Makdysy  öz işinde  “Oguz”  hem “türkmen”  säzlerini  tirkeşdirip   ulanypdyr.  Iň  esasy  bolsa, şol döwürlerde   onuň  görkezen  ýerlerinde   oguzlar  däl-de, garlyklar  ýaşapdyr. Makdysydan  bir  asyr  öň  ýaşan  Mahmyt  Kaşgarly “Garlyklar –oguzlardan   başga   bular  hem  türkmendir”  diýip  ýazypdyr. Diýmek, Maksydy  öz  işinde garlyk türkmenleri  barada  maglumat  beripdir.
Türkmenleriň  gelip  çykyşy  hem  olaryň   bu  ada   eýe  bolşy  barada   has  töerekleýin   maglumat  XI asyrda  ýaşan  Mahmyt  Kaşgarly  beripdir.  Ol  özüniň  meşhur “Diwany lugat  attürk”   diýen  säzlüginde   ilki  “Oguzlar-bular  türkmenlerdir”   diýip  ýazypdyr. Soň  kitabyň  ahyrrynda   bolsa , “Türkmenler –bular  oguzlardyr”   diýip  ýazyp,  türkmenleriň  adynyň  ýüze  çykyşy barada  gyzykly  bir  rowaýat  getirýär. Şol rowaýatda  aýdylşyna  görä,  Iskender Zülkaýneýin  dünýäniň  köp  ýerlerini  özüne  tabyn  edip, ahyry  türki  kowumlaryň  ýaşaýan  ýerine  ýetýär. Onuň  çozup  gelýändigini  eşidip, ilat  gündogara  tarap  göçýär. Şol  gaçyp  barýanlaryň  arasynda   ýigrimi   dört  adam  ulag  tapyp  bilmän, yza galýar.   Iskender  öz  goşuny  bilen  olaryň  yzyndan  ýetýär.  Bu  adamlara  barmagyny   batyrman, gaýta olaryň  ýüz  keşbini   türklere  meňzeş   görüp,  olary “türkmanend”, ýagny türklere  meňzeş  diýip  at  berýär.  Rowaýatda  aýdylyşyna  görä “türkmen”  sözi ine, şu “türkmanend”   sözünden  emele  gelipdir.  Şol  ýigrimi  dört  adam bolsa,  türkmenleriň ýigrimi  dört    urugynyň ata-babasy  hasap  edilipdir.
Mahmyt Kaşgarlydan birneme  öň, 973-1048 –nji  ýyllarda ýaşan Biruny   hem  şuňa  meňzeş   maglumat  beripdir.  Onuň  minorologiýa  hakynda  ýazan traktatynda şeýle  sözler  bar:”Geçmişde  şeýle  bolupdy.  Oguz  türkleriň  yslamy  kabul  edenleri   hem  musulmanlara   garyşanlary  iki  tarapyň  arasynda   terjiman  boldy.  Şonlukda ,  oguzlar  yslamy  kabul  edenlerinde   olara  “türkmen boldy  “ diýdiler.  Musulmanlar   bolsa olaryň   türkmen  bolanlaryna “türkmenend” diýdiler”. Biziň “terjiman” (terjimeçi, dilmaç) säzüni  aýratyn  görkezmegimiziň  ýz  sebäbi  bar.  Taryh  ylymlarynyň  doktory S.Agajanow  şu  söze  agram  berdi. Ol terjiman   sözi  soň “terguman-türkmen”  görnüşine  geçendir  diýen  çaklamany  öňe  sürdi.  Ýöne, biziň  pikirimizçe,  onuň  bu  çaklamasy  heniz  doly  esaslandyrylan   ylmy  netije  däl. Taryhçylaryň  nazarlan sözi   türkmenleriň   atryhy  durmuşyna –da, etniki gurluşyna-da ,  ruhy-psihologik  häsiýetine-de   onçakly  bap  gelip  duranok.
Umuman, orta  asyr   taryhçylarynyň   köpüsi  türkmenleriň  ady  öňde  ýatlanan “türkmanend”  sözi  bilen  bagly  diýen  pikire gol  ýapypdyr. Ilki bu  dünýä   taryhyny   ýazan  Reşideddin  hem şeýle   pikiriň  tarapynda  bolupdyr. Onuň “Jamy at-tawaryh”   diýen  işinde   şeýle  sözler bar: “ Dünýädäki ähli  türkmenler  öňden  ýatlanan  ýigrimi  dört  kowumdan  (Şundan  öň ol  Oguzlaryň  ýigrimi  urugnyň  birin-birin  häsiýetlendirme   berýär –A.B.)   ýa-da  Oguz hanyň  ýigrimi  dört  neberesindendir. Osallar “türkmen” sözi  bolmandyr.  Ähli  türki  keşpli  sähra  taýpalaryna   umumy “türk”   diýilip  at  berilipdir. Her taýpanyň  aýratyn  ady  bolupdyr.  Oguz  kowumlary  öz  ülkelerinden  gaýdyp, Mawerennahra (Syrderýa bilen Amyderýanyň  aralygy –A.B.)  hem Eýran  topraklaryna   gelenden  soň   olar  şu  ýerlerde  önüp, köpelip  gitdiler. Suw  hem  howa  şertleriniň   täsiri  bilen kem-kemden  olaryň ýüz keşbi   täjiklere  ýakynlaşyp   ugrady.   Emma  bütinleý   täjiklere meňzemedi. Şonuň  üçin  hem  täjik   ilaty  olara “turkmanend” diýip  at  berdiler. XVIII asyr Hywa  taryhçysy   Abylgazy  hem  özüniň “Şejereýi  terakime”  diýen   işinde  Reşideddini  tarapyndan  aýdylan  ýokarky  pikiri  täzeden  gaýtalapdyr.
Dogrusy  şu  hili  düşündiriş  soňky  döwür  taryhçylaryny   özüne   doly  imirindirip  bilmedi.  Köp  taryhçylar  ony  folklorlaşan  düşündiriş  höküminde   kabul  etdi. Hakykatdan  hem ,  ol  belli  derejede  ýasama  görünýär.  Galyberse –de meseläniň  esasy   tarapy  bar.  Irki  zamanlarda  bir  halkyň  köplenç  iki ady  bolupdyr.  Olaryň  ilkinjisi  şol  halkyň  özüne    dakan  ady  bolup,  ikinjisi  oňa  goňşularynyň  hem  beýleki halklaryň   beren  ady.  Muňa taryhda  näçe  diýseň  mysal  getirse  boljak. Edil  şonuň  ýaly,  bu  ýerde hem  türkmenlere  häzirki  adyny  parslar  dakan bolup  çykýar.  Geçmişde  türkmenler  pars  dilinden ýokardaky “türkmanend” säzüni  alyp, özlerine  at   dakypdyr  diýseň,  munuň  özi  onçakly  heňe  gelmeýär.  Eýsem ,  halkyň  öz  dilinde   özüne  beren  ady näme  bolupdyr? Esasy  mesele,  ine şunda. Edil şunuň  ýaly ,  ikinji  bir  ýagdaýy  hem  ýatdan  çykarmaly  däl.  Bir  halka  beýlekiler  tarapyndan  dakylan  at  şol  halkyň  diliniň  tebigatyna   doly  laýyk  gelip  hem  durmandyr. Iň  bärkisi  bir  halkyň  özi  tarapyndan  döredilen  ady  beýleki  dillerde  köp  üýtgeşmelere  sezewar  edilipdir. Hatda  olaryň käbirini  tanap  hem  bolmaýar. Muny  türkmenleriň  öz  adynyň hem  irki   rus  senenamalarynda  “taurmen” görnüşinde, orta  asyr  arap  çeşmelerinde “terakime” görnüşinde  ýazylyp  gelinendigi   hem  tassyk edilýär.
Giçki orta  asyr gündogar  taryhçylarynyň “türkmen”  säzüni  has  başgaça  düşündirmäge   synanşypdyr. Şeref Merwezi, Badreddin  Aýny,  Ibn Kesiri, Mehmet  Neşiri   ýaly  taryhçylar  türki  halklaryň  yslamy    kabul eden  bölegine “türkmen”   diýlipdir  diýen  pikiri  orta  atypdyrlar.  Mysal  üçin , XV asyr  taryhçysy  Neşiri  şeýle  ýazýar:” Hijriniň üç ýüzünji  ýylynda  (näzirki  hasap  bilen 999-njy  ýyla düşýär –A.B.) türkileriň   iki  müň   öýlisi   yslamy  kabul  edip,  musulman  boldylar. Şonuň  üçin  “türk  iman” diýdiler”. Biziň  pikirimizçe , “türkmen” sözüniň  manysyny  ýokarky  ýaly  düşündirişden  gözlemegiň  ylmy  esasy ýok. Birinjiden “türkmen”  sözi Neşiriniň  diýýän  möhletinden  has  öň bar.  Iknjiden , hut X  asyrdan  başlap, türkileriň  yslamy  kabul  eden  diňe  bir  bölegi  däl,  eýsem  ähli  oguz  taýpalaryna “türkmen” diýlip  ygralypdyr. Üçünjiden, araplar  baryp VIII asyrda  türki  kowumlaryň   köpüsini  öz  dinine  uýdurypdyr.  Şuňa  esaslanyp,  araplara  tabyn  bolanähli  türki  halklary “türkmen”  adynyň  aşagyna  dykmak   taryhy  hakykata  laýyk  gelmeýär. Dördünjiden,”türkmen”   adynyň şeýle  düşündirilişi  oguzlaryň  ýa-da  türkmenleriň  şol  döwürlerdäki   etniki  gurluşy  bilen hem  doly  badaşyp  bilmeýär.
Diňe  orta  asyr  taryhçylary däl  soňky  döwrüň  taryhçylary  hem  “ türkmen”   sözüniň  ýüze  çykyşynyň   hem  onuň  aňladýan   manysynyň  üstünde az  kelle  döwmedi.  Bu  ugurdan bir  topar  pikirler orta  atyldy.  Şu  ýerde  şolary  ýekän-ýekän ýatlap  geçsek  kem  däl.
Geçen asyrda türkmenleriň  arasyna  syýahat  eden wenger  alymy  A.Wamberi   türkmenleriň  ady”türk”  hem “men” sözlerinden  emele gelip, ol  “hakyky türk”   manysyny  berýär  diýen  pikiri öňe  sürüpdir.  Aşgabatda ýaşaýan A.Aliýew  hem  şeýle pikiriň   tarapynda  durupdyr.  Ol  1916-njy  ýylda ýazan  bir işinde   şeýle  rowaýaty  getiripdir. :”Gadym zamanlarda türkmenleriň  nesilbaşysy  Salyr  Gazan   bolupdyr. Bir  gün Salyr  Gazan awa  çykýar.  Awlagda onuň  öňünden bitopar  nätanyş     adam  çykyp, olar Salyr  Gazandan :”Kim  sen?” diýip  soraýar. Salyr  Gazan :”Türk men”  diýip  jogap berýär”. Taryhçy  şu  rowaýata  esaslanyp , “türkmen”   sözi “türk”  hem “men”   diýen  sözlerden düzülipdir diýip  ýazypdyr. Umuman, A.Wamberiniň   ýokarky  pikiri ylmy  jemgyýetçilige  ýetirenden  soň ,  türkmenleriň  ady “türk” hem “men” sözlerinden   emele  gelpdir  diýen  pikire meýilliler  köpelipdir.  Fransuz  alymy J.Deni, wenger alymy L.Ligeti, türk  alymy I.Kefesogly dagy  hem  şu  pikire  goşulyp, türkmenleriň  ady “türk” hem “men”   sözleriniň  esasynda  döräp, ol “hakyky, arassa  türk” manysyny  berýär  diýip  ýazypdyrlar.  Biziň  pikirimizçe bu  düşündiriş  hem  doly  esasly  däl.  Birinjiden, marksizm –leninizm  klassyklarynyň aýdyşy  ýaly , etniki  tarapdan  sap  arassa  halk  bolmaýar.  Ikinjiden, bu  at  hem türkmenleriň irki zamanlardaky  etniki  gurluşyna,  taryhy  durmuşyna  berk  badaşyp bilmeýär.
Geçen  asyryň ahyrynda  belli rus  alymy N.A. Aristow   türki  halklaryň   taryhyna  bagyşlanan  saldamly  işini neşir  etdiripdir. Alym şol  işinde   gadymy  türki  dilde “ban” ýa-da “man”  sözüniň   ýer,  ýurt  manylaryny  aňladýandygyny  belläp, “türk”  we “man”  sözleriniň birikmegi netijesinde “türkmen”  sözi  emele  gelip, ol  “türkileriň  ýeri ýa-da ýurdy” manysyny  berýär  diýip  ýazypdyr. Akademik W.W.Bartold  onuň  bu  işine ýörite syn  beripdir. Ol  şol  synda N.A.Aristowyň türkmenleriň  adynyň ýüze  çykyşy  baradaky  çaklamasyny  ylmy  taýdan esassyz  hasaplapdyr.  Görşümiz  ýaly,  türkmenleriň  adaynyň   ýüze  çykyşy   hem   onuň   aňladýan  manysy  dogrusynda  aýdylan pikirler  az  däl  eken. Ýöne  olaryň  hiç biri-de   meseläni  çöp   döwen  ýaly    edýän  doly  bahaly  ylmy  netijäniň  derejesine  ýetip  bilenok. Eýsem, türkmenleriň  häziki   ady  nähili  ýol  bilen  döredikä? Biziň  pikirimizçe, bu  adyň  gelip  çykyşyny  daşky meňzeşliklerde   gözlemeli  däl.  Ony  halkyň  taryhy  durmuşyndan, etniki  gurluşyndan  gözlemeli. Özü-de  biziň  aňlaýşymyza  görä,  meseläni  dogry  çözmäge    beýleki  halklardan  bolan   taryhçylaryň  berýän   maglumatlaryna  garanda  halkyň özüniň   döreden  taryhy  pikiri  has  giň   mümkinçilik  berýär. Geçmişde  türkmenleriň  öz  eli bilen  döreden  taryhy “Oguznama”   diýip  at berilipdir.  Gadymy  zamanlarda   ýüze  çykan “Oguznama”   hekaýatyna  türkmenleriň  nesilbaşysy  Oguz handan   başlanýan   taryh  siňdirilipdir. Onda  halkyň  tutuş   geçmişi,  ruhy  gazananlary  umumylaşdyrylypdyr.  Reşideddiniň  aýtmagyna  görä,  türkmenleriň  köp  bölegi “Oguznamany”  ýatdan  bilipdir. Türkmen edebiýatynyň   taryhynda  ýörite    oguznamaçylyk  çäbi  bolupdyr. Bu  däbiň  kökleri  gadymyýetiň  çuňluklaryndan  gaýdýar. Baryp  biziň  eramyzyň VI asyrynda bir “Oguznamanyň”   türki  dilden  gadymy  parsy  diline   terjime  edilendigi   barada  maglumat  bar. Onuň  awtory Ulug  han  Ata  bitigçi  bolupdyr.   Biziň   göwnümize  bolmasa,  türkmenleriň  adynyň   ýüze  çykyşy   hem  onuň   aňladýan  manysy  halkyň  öz  döreden   taryhyndan – “Oguznamadan”  tapyljak  ýaly  bolup dur.
Asyrlaryň  dowamynda dilden-dile , nesilden –nesle  geçirlendigi,  dürli  awtorlar  tarapyndan   ýazylandygy  sebäpli “Oguznamanyň”  ençeme detallary, faktlary  üýtgeşmelere  sezewar  edilipdir. Ýöne  esasy  zatlar  saklanypdyr. Hekaýatyň ähli  nusgalarynda   Oguzhanyň  alty  sany  oglunyň    bolandygy, onuň  her oglundan  dört agtyk   görendigi  aýdylýar.  Eger şonuň ýaly –da , ähli   nusgalarda  biziň  temamyz üçin ähmiýetli  bolan  bir  detal  gaýtalanyp  gelýär. Ynha , türki  halklaryň yslam  dinini  kabul  etmezden  has  öň  döredilen   gadymy  golýazmanyň soň   XIV asyrda uýgur  elipbiýinde   täzeden  göçürilen “Oguznamada”   aýdylşyna  görä, Oguz hanyň  pähimdar  geheşçisi  Ulug Törük  düýşünde bir  altyn  ýaý  hem üç  sany   kümüş  ok  görýär.  Ol  düýşüni  Oguzhana aýdyp, oňa  şol   ýaý bilen   oklary  tapyp  almagy  maslahat  berýär. Oguz han  alty ogluny üç-üçden iki  topara  bölüp, ýaý  bilen okuň  gözlegine  iberýär. Onuň  uly  üç  ogly   ilki  altyn ýaýy tapyp  getirýär.  Oguz han  ýaýy  üçe  bölüp, her bölegini  bir  ogluna  berýär. Şol  üç ogluna  hem BOZUK diýen at berýär.  Sebäbi  ol  ýaýy   deň bölmek  üçin   ony  döwmeli, bozmaly  bolýar. Soň  galan  üç  kiçi  ogly  üç  kümüş  oky Oguz  hana gowşurýar. Kakasy  olaryň   hersine  bir  oky  berip,  olara ÜÇOK diýip  at  dakýar.   Şondan  soň  ol  Bozoklardan  bolan on iki  agtygyny   sag   tarapa, Üçoklardan bolan on iki agtygyny  hem  çep  tarapa  geçirip,  olary  iki  topara  bölýär.  Şeýdip  oguzlaryň  iki  taýpa  birleşigi  döreýär.  Sebäbi,  ähli  “Oguznamalarda”  bellenilişi  ýaly,  Oguz hanyň  her  agtygynyň  ady  soň –soňlar bir  oguz-türkmen  urugynyň  adyna  öwrülipdir.  Şeýlelik  bilen  oguzlaryň  Bozok  birleşiginiň  keramatly nyşany ýaý-keman, onuň  üçok  atlandyrylýan birleşiginiň  keramatly  nyşany  hem  ok-tir  bolup  galypdyr.
Elbetde,  bu  ýerde ok we ýaý  bilen bagly  detal  çeper  pikirlenmäniň   eleginden gowy  geçirlipdir. Ýöne  onuň  taryhy  esaslary  bar.  Hytaý  çeşmeleriniň  berýän  maglumatlaryna görä, Oguz  han  biziň  eramyzdan  ozalky III-II asyrlarda ýaşapdyr. Hytaýlylar oňa  öz  dillerinde  “Mode”  diýip  at  beripdir. Mode-Oguz han öz  döwrinde  örän  güýçli   Hun  döwletini  berkarar edipdir. Onuň  guran döwelti  alty  welaýatdan, ýigrimi  dört taýpa  birleşiginden  emele gelipdir. Görşümiz  ýaly, bu  taryhy  faktlar  soň “Oguznama” hekaýatynda  folklorlaşdyrylypdyr.  Hunlaryň  alty  welaýaty, Oguz hanyň  alty ogluna ,  olaryň  ýigrimi  dört  urugy  hem  onuň  agtyklaryna   öwrülendir. Ýöne  “Oguznamalada”  bu   logiki  tarapdan   esaslandyrylýar. Olarda Ogu hanyň   alty  ogluna  öz  ýurdyny  bölüp  berendigi,  olaryň  ýigrimi  dört  agtygynyň  soň  bir  taýpanyň  nesilbaşysy bolandygy  aýdylýar. Ogyz  hanyň  bu  döwlet  gurluşy   diňe “Oguznamalarda” beýan  edilmändir. Ol gadymy  hun  gelin- gyzlarynyň   el  hünäri  işlerine-de   aralaşypdyr. 1947-nji   ýylda   sowet  arhiologlary  Altaýyň  Pazrak  depesinde   gazuw  işlerini  geçirenlerinde,  iňňän  nepis  dokalan   bir  haly  tapdylar. Haly Mode-Oguz  hanyň  ýaşan   ýerinde hem  onuň  zamanynda  dokalypdyr.  Tapyndyny  şwrenijileriň bir  agyzdan  tassyklaýşy  ýaly,  çitim  sany 1 million 250 müň  bolan bu haly  ýere düşemek üçin  dokalmandyr. Ol  hunlaryň  uly  märekelerde görkezilýän  etnografik  gerbi  bolupdyr. Halynyň  merkezinde  dört –dörtden alty  hatar  birmeňzeş  göl  salnypdyr. Bu öňde  gürrüň  edilen  alty  welaýat  hem  alty  ogul, ýigrimi  dört  urug  we  ýigrimi  dört  agtyk  baradaky  düşünjäniň   özboluşly  beýany  bolupdyr. Şol  ýigrimi dört  gölüň  hemmesiniň içinde bolsa  inçelik  bilen ýaý we okuň  şekili   suratlandyrylypdyr. Pazrak  halysyny  öwrenen Nejat  Diýarbekirli   şol  içi okly  göllere  häzir  dünýä  halyçylyk sungatynda “Türkmen  göli”  diýilýändigini  belläpdir. Pazrak  halysynyň  göllerindäki   bu  nagyş  türkmen türkmen  gelin-gyzlarynyň  häzirki   “okgözi” nagyşyna  meňzeş  gelýär.  Görşümiz  ýaly, oguzlaryň Bozyk we Üçok  taýpa  birleşikleriniň  ýaý  we ok  bilen  baglanyşdyrylmagynyň  çuň taryhy esaslary  bar  eken.
Okyýjylaryň  bu  ýerde näme  üçin oik  bilen ýaýa   köp  agram  salynýar  diýilmegi  mümkin. Munuň  öz  emmasy  bar. Biziň  pikirimizçe ,”türkmen”  sözüniň  ýüze  çykyşy  oguzlaryň , ine, şu  keramatly  nyşany  ok-tir  bilen ýaý-keman bolan Üçok we Bozyk   taýpa  birleşikleriniň  taryhy  bilen  bagly  bolmaly. Ozaly  bilen  şeýle bir  mysal.  Rus  alymy I.F. Balaramberg 1841-nji  ýylda Peterburga  türkmenleriň  taryhy  hakynda  ýazylan kitaby  neşir  etdiripdir. Ol  bu  işinde  “türkmen” sözi “tir-u-keman”  diýen iki sözden   emele gelipdir  diýen  pikiri  orta  atýar. Öz  pikirini türkmenleriň  geçmde  ok-ýaýa  ýa-da tir-kemana türgen  bolandygy  bilen  delillendirmäge  synanşypdyr. Alym  diýseň  gyzykly  meseläniň  başyny  başlapdyr.  Ýöne ol ahyryna  çenli  alyp  gidip  bilmändir. Taryhçylaryň “türkmen” adynyň “tir” we “keman”   sözlerinden  emele gelipdir  diýen  pikiri  welin üns  berilmeli   fakt. Biziň  pikirimizçe, “türkmen” ady  şol sözlerden emele gelipdir. Emma  ol  diňe türkmenleriň  tir-kemana  türgenligi  bilen  bagly  bolmandyr. Ol  has  düýpli  zat  bilen, oguz-türkmenleriň  öňde  ýatlanan  iki taýpa  birleşiginiň  taryhy  bilen  bagly  döredilipdir.
Eger  türkmenleriň taryhy  bilen  bagly  çeşmeleri  içkin  yzarlasaň,  bu  ýagdaýy  aňşarmak bolýar. Tä X asyra çenli  olaryň “oguz” ady ýörgünly  bolupdyr.  Bu  asyrdan başlap  “türkmen” ady   hem  peýda  bolupdyr.  Eýýäm XI asyrda  “oguz” ady-da “türkmen” ady –da  deň   derejede   ulanylypdyr. Muny  Kaşgarlynyň  “Oguzlar- türkmenlerdir”  diýip  berýän  maglumatlary  hem  tassyklaýar.  Bellemeli  tarapy, XII asyrdan   soň  “oguz”  sözi  kem-kemden aradan  aýrylyp başlapdyr. Tersine “türkmen”  sözüniň  işçeňligi  artypdyr.  Soňluk  bilen  ol “oguz”   sözi  bütinleý  gysylyp çykarypdyr. XII asyrdan soňky   çeşmelerde  “oguz”  türkmenleriň  ozalky   ady  höküminde   gelýär.  Diýmek, “türkmen”  sözüniň   ýüze  çykyşyny  hem, ine  şu  iki adyň   biri-birini  çalyşma  döwrüniň   öň syrasyndaky   oguzlaryň  taryhyndan gözlemeli. Bize  oguzlaryň  Üçok  hem Bozuk atlandyrylan   iki  birleşikden  ybarat  bolan dygy   indi  belli. Bu  birleşikler  “türkmen” sözüniň   ýüze  çykan   asyetbdan hem has  öň  dörändir. VIII asyra degişli sak  ýazgylarynda  oguzlaryň  öň  iki  urugdan  ybarat  bir  birleşigi  barada   gürrüň  edilipdir. Sak  taryhçysy  şol  ruglaryň  adyny   hem görkezipdir.  Ýöne  şol  birleşikler barada has gymmatly  maglumat “Gorkut atanyň  kitabynda”  saklanyp  galypdyr. Onda  şeýle sözler bar. “üçok, Bozauk  ýygnak  olsa , Gazan  öýün  ýagmaladardy. Gazan ýene öýün  ýagmalatdy. Emma DAŞOGUZ bolmady. Diňe  IÇOGUZ  ýagmalady”. Bu oguzlaryň  irki orta asyrlarda öz aralarynda Daşoguz hem Içoguz  diýen  iki topara  bölünendigini bildirýärdik.  Eposdan  alnan  ýokardaky  fakt  bolsa, meseläni  hasda  aýdyňlaşdyrýar.  Diýmek, Daşoguzlar  oguzlaryň   Üçok  birleşigi, Içoguzlar hem  olaryň  Bozyk birleşigi  eken.  Indi  biziň  öňümizde  şol  birleşikleriň   nähili  ýaşandygyny  seljermek  wezipesi  durýar.
Oguzlaryň  taryhyna  dahylly  çeşmeleriň   köpüsinde  esasy  böleginiň  Syrderýa boýlarynda, merkezi Gazagysytanyň sähralarynda ýaşandygy aýdylýar. Oguzlaryň bu  esasy  bölegi  keramatly  nyşany  ýaý-keman  bolan  bozuklar  bolupdyr.  Esasy  merkezde  ýaşandygy üçin olara Içoguz hem diýlipdir. Irki döwürlerde   Oguzlaryň  ikinji bölegi  Balkan  dagynyň  etraplarynda ,  Mangyşlakda oturypdyr.  Bular  keramatly  nyşany  ok-tir  bolan Üçoklar bolupdyr. Esasy  merkezden  daşda  otrandygy  sebäpli olara  Daşoguzlar  diýlipdir. Geçen  asyrda  öaşan  belli rus  alymy P. Melioranskiniň  ýazmagyna  görä , “Üçok”  sözi  etniki  birleşik  höküminde demirgazyk Türkmenistanda  XIX  asryň  ahyrlaryna  çenli  saklanypdyr. Oguzlaryň  bu  birleşikleriniň   arasynda  tir  bilen   kemanyň  roly, ähmiýeti uly bolupdyr. Köp  meseleler  olara goýlan  hormatyň   üsti  bilen  çözülipdir. XII  asyrda  ýaşan Zahyreddin Nişapury  muňa degişli  şeýle bir  mysaly beýan  edipdir. Ol XI  asyryň  birinji  çärýeginiň  taryhy  wakalary  barada   gürrüň edip  barşyna  Mahmyt  Gaznawy  bilen  Selžuk serkerdesi  Ysraýylyň   arasynda bolan gürrüň   getirilýär. Gaznawy oňa “Bir wagt  güýçli duşman döräp,  bize  kömek  gerek bolsa, näçe  goşun kömek  berip  bilersiňiz?” diýip  ýüzlenýär. Ysraýyl oňa bir  tir-peýkam berip “Şuny  Balkan  daglaryna  iberseň  ýüz müň  goşun  geler” diýýär.  Mahmyt  “eger köpräk goşun gerek bolsa   nähili?” diýip  soraýar. Ysraýyl  oňa bir  keman-ýaý berip,”Şuny  Türkistana (Syrderýa boýlary  IX-X asyrlarda  bu ýerde  oguzlaryň  Ýaňykent  diýlip  atlandyrylan paýtagty ýerleşýär – A.B.) iberseň , iki ýüz müň  goşun   gerek bolsa-da  geler” diýip  jogap  berýär. Görşümiz  ýaly, şularyň  özi hem   biziň  gözümiziň   öňünde  oguzlaryň   şol  döwürdäki  tayhy  ýaşaýşyny-da, geografiki  ýerleşişini-de   köp  derejede janlandyryp  bolýar.
Halkymyzyň  şol döwürdäki taryhy,  onuň  mesgen tutan  ýerleri  dogrusynda  Gündogaryň  beýik  alymy Biruny  hasda  gymmatly  maglumatlar  galdyrypdyr. Şu ýerde şeýle bir  zady  belläsimiz  gelýär. Taryhçylarymyzyň  diňe  bir  taryhy  işlerinde däl-de, eýsem  beýleki  ylymlara  bagyşlanan  işlerinde   hem  halkymyzyň  taryhyna  degişli  ähmiýetli  maglumatlar  bar.  Alymyň  astronomiýa  hakyndaky “Kanuny Meshudy”  işinde  biz  ilkinji  gezek  “Türkmenistan”  diýen söze  duşýarys. Beýik  alym Türkmenistan  diýp Syrderýa  boýlaryny, ýagny, Bozuklaryň  ýaşan  ýerlerini  görkezipdir. Biruniniň   geodeziýa  bagyşlanan işinde   bolsa “türkmenleriň  ýeri”   diýip  Balkan  dagynyň  töwerekleri görkezilipdir. Bu  Üçok birleşiginiň  ýaşaýan  ýeri bolupdyr. Diýmek,  baryp Biruniniň  döwründe   oguzlaryň Bozyk  hem Üçok  birleşikleri “Türkmen”  diýlen umumy at bilen  atlandyrylypdyr. Biziň  pikirimizçe, mundan  has öň, takmyndan VIII-IX asyrlarda  oguzlaryň  keramatly  nyşany tir  bolan  Üçok  birleşigine  Tirler   diýlip  at  berlipdir.  Nowaýynyň  ýazmagyn  görä , bu söz  sap  türki  söz  boliupdyr. Şol döwürlerde   oguzlaryň  keramatly nyşany  keman bolan  Bozuk  birleşigi  hem  Kemanlar  diýen  ada  eýe bolupdyr.  Şeýlelik bilen, iki toparyň  — Üçok –Tirleriň  hem Bozuk –kemanlaryň  şol  bir  etniki  topara , ýagny  oguzlara  degişliligine görä, kem-kemden  “tir” hem “keman”  sözleri  tirkeşdirlip ulanylypdyr. Soň  bolsa  olar bir-birine   birigip  gidipdir diýip  pikir  edýäris. Belli derejede  muny  orta  asyr pars   çeşmeleinde   türkmenleriň  adynyň  “turkeman” ýa-da “turkoman” görnüşinde ýazylýandygy  hem  tassyk edýär.
Elbetde “türkmen” hem “tirkeman”  sözleriniň  arasynda  tapawut  bar. Ýöne  dilçileriň  nukdaý  nazaryndan  çemeleşilende, olaryň  agzyny  bir edip  boljak: Türkmen dilinde çekimli sesleriň  biri-birine  uýgunlaşmagy –singormonizm   ýörgünli  kadlaryň biri. Şu  esasda “tirkeman”  sözi “ tirkemen”  görnüşine  geçendir  diýip pikir edýäris.  Bellemelei  tarapy, türkmen dialektleriniň   köpüside  “kemana” “kemen”  diýilýär.  Hatda “kemenli” diýen  etnonom  hem bar.   Soňky  asyrlarda  türkmen dilinde   birinji  bogundaky “i”  çekimliniň  ýerine “ü”   çekimliniň  geçmek   kadasy güýçlenipdir. Mysal  üçin gadymy türki   didäki  “ýinji”,”ýip”, “min”, “miň”,”tiz”,”tiwe”  ýaly  sözlere türkmen dilinde  “hünji”, “ýüp”, “mün”, “müň”,”düz”, “düýe”  görnüşine   geçipdir. Arap-pars   dillerinden alnan  “mirze”, “misir”,  “mişk”,  “sitem”, “himmet”, “hijre”  ýaly  sözler hem  türkmen dilinde “mürze”, müsür”, “ müşk”, “sütem”,”hümmet”,”hüjre” diýlip    aýdylýar.  Şu ýagdaýa görä ,”tirkeman”  sözi  “türkemen”  formasyna  geçen  bolsa  gerek. Profesor  J. Amansähedow   türkmen diline  häsiýetli   bolan bir  kadany  belläpdir. Ol  köp bogunly    sözleriň  ikinji  bogunyndaky   çekimli  sesleriň   düşüp galmak  kadsy. Alymyň  getirýän  hem alynma   sözlere  häsiýetli. Mysal üçin, “telefon”, telegramma”, “papiros”, “hökümet”,”patyşa”,”bilet”,”minut”, “eşit”  ýaly   alynma sözler gepleşikde  hem dialektlerde  “tilpun”, “tilgram”, “ paprus”,  “hökmet”,  “paşa”,  “bilt”,  “mint”,  “eşt”  görnüşde  ulanylýar.  Edil  şonuň  ýaly “keman” sözi  hem  alynma  söz. Ol  türki dile  VIII  asyrdan  soň   aralaşypdyr. Ine  şu  kada  boýunça   ozal “türkemen”   görnüşinde  bolan   söz ahyry “türkmen” formasyny  alypdyr.  Başgaça aýtsak, ýokarky ýaly  dil   özgermeleri  boýunça ol  şeýle  ösüş  ýoluny  geçipdir: tirkeman- tirkemen- türkemen- türkmen.
Biziň  “türkmen”  sözüniň  ýüze  çykyşy   hakyndaky  şahsy  garaýşymyz, ine  şeýle. Elbetde biz  meseläni  doly   çözdük  diýen  pikirden  daşda. Ýöne,  göwnüme  bolmasa, “türkmen” adynyň  şeýle   düşündirilişi  halkyň  gadymky  taryhy durmuşy, etniki  gurluşy  bilen  has berk  badaşýan ýaly  bolup  dur.

Dowamy bar… Taryhy makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle

Больше на Kitapcy.su

Subscribe to get the latest posts sent to your email.

Похожие записи