Amatly gün (tymsal)
Günlerde bir gün talyplar mugallymdan:
— Täze bir işe başlamak üçin haýsy gün has amatly? — diýip sorapdyrlar.
Mugallym:
— Elbetde, men beýle güni bilýärin. Ol gün çarşenbedir — diýip, jogap beripdir.
Talyplar dessine galamlaryny ellerine alyp, mugallymyň aýdýanlaryny ýazmaga başlapdyrlar. Olaryň diňe birisi hiç zat ýazman oturansoň, mugallym onuň bolşuna geňirgenip:
— Sen näme üçin ýazmaýarsyň? — diýip sorapdyr.
Şonda ol talyp:
— Ussadym, men siziň indiki aýtjak bolýan zadyňyzy bilýändigim üçin ýazamok — diýipdir.
— Meniň näme aýtjagymy bilýärsiňmi? Ol näme bolup biler? — diýip, mugallym agraslyk bilen sorapdyr.
— Ol soňra penşenbe, anna, şenbe, ýekşenbe, duşenbe we sişenbe günleri.
Beýleki talyplar ýerliksiz jogap berendir öýdüp, oňa gahar bilen seredipdirler.
— Ýok, men beýle jogap bermezdim. Men şenbe gününden başlap sanardym — diýip, halypa gaharly aýdypdyr-da, bir salymdan hem ýylgyrypdyr. Şonda talyplar mugallymyň ýalandan gaharlanandygyna, batyrgaý talybyň bolsa mamladygyna göz ýetirseler-de, başky sowalyny ýene-de gaýtalapdyrlar:
— Mugallym, täze işe başlamak üçin haýsy günüň amatlydygyny anygrak aýdaýsaňyz?!
Mugallym uludan demini alyp, hiç zat ýazman oturan okuwça baş atýar. Ol bolsa:
— Diňe bir gün, ol hem şu gün — diýip, ynamly jogap beripdir.
* * *
Söýgi we gahar
Günlerde bir gün halypa talyplaryna ýüzlenip:
— Näme üçin adamlar gaharlananlarynda sesine bat berýärler? — diýip sorapdyr. Şonda talyplaryň biri:
— Sebäbi olar rahatlygyny ýitirýärler, rahatlygyny ýitiren adamyň hem gahary gelýär — diýip, jogap berýär.
Onda halypa:
— Eger-de gaharyň gelse, hökman gygyrmalymy? — diýip, ýene sowal bilen ýüzlenýär.
Talyplar dürli jogaplary berýärler, ýöne olaryň hiç birisi halypany kanagatlandyrmaýar. Bir salymdan ol:
— Haçanda adamlar öýkeleşseler, gaharlary oýanýar-da, ýürekleri biri-birinden daşlaşdyrýar. Şoňa görä, seslerini ýürege ýetirmek üçin olar gygyrmaly bolýarlar. Munuň tersine, sarpaly-sylagly adamlaryň ýürekleri ýakyn bolýar. Onsoň, olarda gygyrmak zerurlygy döremeýär, pessaýja ses bilen gürleseler-de, gowy düşünişýärler. Bu ýagdaý aşyk-magşuklarda has-da äşgär duýulýar, olaryň birek-birege söýgüsi, mähri juda ýokary bolansoň, ýürekleri-de biri-birine has golaý bolýar. Şonuň üçin, olar ýuwaşja pyşyrdaşyp, hatda hiç hili gürlemezden, ýöne nazarlary bilen-de düşünişip bilýärler — diýip, sesiň gatalmagynyň sebäbini düşündiripdir.