|

Alysdaky oýlanma

Alysdaky oýlanma ALYSDAKY OÝLANMA

Alasarmyk pikirlere çolaşyp
gidip baryan ýat iileriñ ýolundan.
Sensiz galan ykbalymdan sowaşyp
bu dünýeden ýok bolmakdy pälim meñ.

Heññam agyrlygy duÿman aÿlanÿa
ýol-ýodalar bir — birinden saýlanýa.
Sen bolmasañ saklap bolmaz ýolundan
Umydyn ýitiren köñül saýlansa.

Umytsyz asdym men alys yollary
ganatym gyrylgy, göwnüm ýaraly.
Meni ýene dereklige çagyrýa
oraşan düýşlerim başy saralgy.

Ýaşlygymy ýazlara peşgeş etdim,
öÿmäm sähra siñen ýaly hamala.
diñle sesin «Seni söýýän» diýýändir
Peşgeş berdim bu jümlämi şemala.

Çünki, saña yşkym götärden agyr
hem ýere goýardan juda ary ol.
Seniñ ücin ýarym ömrüm ýitirdim.
diýseñ-de «Gel, ykbalymyñ ýary bol!»

Umytsyz ojakda ojar ÿanarmy
Göwnümiñ çyragy söndi ömürlik.
Seni söýýän diýen pyşyrdymy meñ
Kimse saña aýtmaz indi öwürlip.

Herhalda niýeti gowy türkmenim
Gut bolsun diýýändir janym gorkanyñ.
Men bir zady bilýä bu ykbal entäk
Saña mensizligiñ jebrin görkezer.

Şonda…
ah-hh, sen şonda neneñ ederkäñ
Seni dözmän barýan çekjek jebriñe.
Bu jebri bir ömür gerdende çekip,
ykbalymy kül etdim ýar çünki men.

Zöhre ÖWEZOWA.

Stambul, 2022 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle