Alymlar has ýeñil »Plastik» gyzyly (altyny) döretdiler
Alymlar has ýeñil ''Plastik'' gyzyly (altyny) döretdiler
ALYMLAR HAS ÝEÑIL ''PLASTIK'' GYZYLY (ALTYN) DÖRERDILER
Alymlar topary barlaghana şertlerinde täze materialy almagy başardylar. Daşyndan edil adaty gyzyl ýaly görünse-de, onuñ agramy hakykysyndan birnäçe esse ýeñildir.
Alymlaryñ pikirine görä, olar materialyñ agramyny 5 — 10 esse ýeñledip bilýärler. Adaty metaldan tapawutlylykda täze materialda gyzylyñ kristallary belokly süýümlerden we polimer lateksinden ybarat esasly gapda saklanylýar. Şol sebäpli şeýle gyzylyñ dykyzlygy pes bolýar.
''Bu gyzyl plastigiñ häsiýetnamalaryna eýedir'' diýip, Sýurihiñ Şweýsar ýokary tehniki mekdebinden alym Rafael Mazzenga aýdýar.
Wideoýazgyda täze materialyñ 18 karat gyzyldygyna garamazdan, sesiniñ we beýleki häsiýetnamalarynyñ plastige meñzeşdigini görmek bolýar. Döredijiler bu gyzyly himiýa, elektronika senagatynda ulanmagyñ mümkinçiligine ýokary baha berýärler.
Şonuñ bilen birlikde alymlar öz döreden täze materialyny zergärçilik bezeg işlerinde ulanylmaz diýip çak edýärler, çünki adamlar hakyky gyzylyñ hiliniñ onuñ agramy bilen baglanyşyklydygyny gowy bilýärler.
Ogulnabat HEZILOWA.
31.03.2020.
Maliýe we ykdysadyýet