Alym hem gämiçi hakynda hekaýat
Alym hem gämiçi hakynda hekaýat
Öñ bir alym gämä münen badyna,
Şeý diýipdir ony sürýän adama:
«Meniñ sowalyma jogap ber basym,
Ylym diýlen zatdan habardarmysyñ-»
Gämiçi aýdypdyr: «Kitap okamok,
Señ diýýän ylmyñdan bilýän zadym ýok».
alym şeýle diýen: «Bu bolşuñ erbet,
Onda ömrüñ ýaryn köýdi hasap et».
…Olar alys syýahata ugranda,
Birden güýçli gaý turupdyr ummanda.
Gämiçi sorapdyr: «Jogap ber basym,
Ýüzmek diýlen zatdan habardarmysyñ-»
«Men diñe ylyma berilen bende…»
«Ömrüñ baryn köýdi hasap et onda…»
Deñziñ holtumyna düşende elin,
Ylymly bolmagam gerekdir welin,
Ýüzmegi başarmak has zerur ondan,
Ine, şu barada oýlanyñ çyndan. Goşgular