| |

Al­tyn gö­ze­ne­giň ben­di­si (He­ka­ýa)

Al­tyn gö­ze­ne­giň ben­di­si (He­ka­ýa)

Eduard USPENSKIÝ,
rus ýazyjysy

Körpeje Olýajyk öňden bäri jüýje saklamaga höwes edýärdi. Ýöne, naharhanalary hasap etmeseň, başga hiç ýerden jüýje tapdyranokdy.

Enesi agtygyna:

— Olýa, biz saňa homýak satyn alaýaly. Ol örän owadanja jandar — diýdi.

Ýöne Olýa öýdäkileriň aýdanlaryna gulak asmaýardy, «jüýje äberiň» diýip, eňegine tutup otyrdy.

Ahyrsoňy, jüýje satyn almaly boldy. Saryja, janlyja jüýjejikler. Ikibaşdan Olýanyň sanamagy öwrenmegi üçin diňe birini däl, alty sanysyny satyn aldylar.

Olary oturgyjyň aşagynda gapyrjagyň içinde ýerleşdirdiler. Olar ol ýerde şadyýan jüýgüldeşýärdiler. Jüýjeleri tertip boýunça atlandyrdylar:

— Birinji, Ikinji, Üçünji, Dördünji, Bäşinji hem-de Edermen.

Ýalňyşmazlyk üçin flomaster bilen olara sanlary ýazdylar. Edermene bolsa gyzyl ýyldyz çekdiler.

Jüýjejikler günsaýyn ösýärdi, tiz wagtdan olar böküp gapyrjakdan çykyp ugradylar. Elbetde, muny olaryň hemmesi başarmaýardy, has sagdynlary oňarýardy. Esasanam, Edermen böküp zol-zol gapyrjakdan çykýardy. Ol bir görseň wannanyň aşagyna girýärdi, bir görseňem aşhanadaky zir-zibil atylýan sebediň içine düşýärdi. Bir gezek bolsa ol düýbünden ýitdi.

Muňa gynanan Olýa:

— Jüýpül-jüýpül! Jüýp! Jüýp! Jüýp! — diýip, kän gygyrdy.

Ol dogumly gyzdy, çasly sesi bardy. Ýöne onuň sesinden peýda bolmady, jüýje tapylmady, olam kem-kemden sesini ýuwaşatmaly boldy. Galyberse-de, jüýje ýitse ýitipdir-dä, sygyr ýitireňok ahyry! Ýöne nirelerdendir bir ýerden onuň jüýgüldisi gelýärdi.

Onsoň has yhlasly gözlemäge başladylar. Hakyky gözleg-agtaryş işlerini geçirdiler, ähli gapyrjaklary süýşürdiler, ýorgan-düşekleriň hemmesini silkdiler. Jüýgüldisi gelse-de jüýje tapylanokdy. Eýýäm näçe gün bäri onuň jüýgüldisi eşidilýärdi, özi bolsa gürüm-jürüm bolup, ýer iýen ýaly, asla hiç ýerde ýokdy.

— Oňa ganat çykyp ugrapdy, uçjak bolup balkondan aşaklygyna gaçan bolaýmasyn — diýip, enesi çak etdi.

Onsoň enesi bilen agtygy Edermeni gözlemäge aşak gitdiler.

Gözlediler, gözlediler, tapyp bilmediler. Ýöne niredendir bir ýerden onuň jüýgüldisi gelip durdy. Belkem-de, Olýanyň gulagyna onuň sesi eşidilýändir? Ýok, onuň jüýgüldisini ejesi hem eşidýärdi.

Ertesi gün olar ýene-de Edermeni gözlemäge çykdylar.

— Siz näme gözleýärsiňiz? — diýip, aşaky gatda ýaşaýan Lýuba daýza dyzeperde oturan ýerinden gygyrdy.

— Biziň jüýjämiz ýitdi!

— Ol bir hepde bäri bizde ýaşap ýör. Geliň-de, äkidiň. Ýogsam, ol jüýgüldäp öýde oturdanok.

Lýuba daýza bilen olaryň jaýyna ýokaryk galdylar.

— Ol nirede jüýgüldeýär?

— Han-ha, gözenegiň içinde.

— Weý-weý, gözenek gaty kiçijik-le, ol onuň içine nädip girdi?

— Biz ony şol ýere saldyk — diýip, Lýuba daýza jogap berdi. — Zordan salaýdyk.

— Hany onda tizräk çykaryň!

— Tizräk diýeniň-ä bolmaz — diýip, Lýuba daýza başyny ýaýkady. — Ol bu wagtyň içinde ösdi, ulaldy, indi yzyna çykanok.

— Onda näme ederis?

— Gözenegi bilen birlikde alyň. Ýöne soňundan gözenegi yzyna bereweriň. Ol gadymy gözenek, zergärleriň ýasan nepis işi. Onuň içinde tow berilýän sarybilbil ýaşaýardy. Oňa açarjyk bilen tow berilýär.

Enesi bilen Olýa gözenegi synladylar: ol, hakykatdanam, ýalpyldap durdy, simlerine altyn çaýylandy. Indi ol ýerden horazy nädip çykarmaly?

Oýlanyşmak üçin içi jüýjeli gözenegi alyp öýlerine gaýtdylar. Basgançak meýdançasynda olara Arseniý Leopoldowiç gabat geldi, ol ýokarky gatda ýaşaýardy, örän medeniýetli adamdy. Ol:

— Gözenegiň içindäki sarybilbiliňiz juda ullakan ýaly-la? — diýip sorady.

— Ol sarybilbil däl, horaz.

— Ony näme üçin ol ýere dykdyňyz?

— Biz ony dykamzok, onuň özi ol ýere dykyldy — diýip, enesi jogap berdi. — Indi nädip yzyna çykarjagymyzy bilemzok.

Arseniý Leopoldowiç gözenegi eline aldy, ýokarky halkasyndan barmagyny geçirip, ony mazaly synlady-da:

— Ony daşyna çykarjagam bolup durmaň. Gözenegi bilen birlikde bişiräýiň — diýdi.

Olýanyň nähili bolandygyny aýdyp oturmagyň geregi hem ýok. Ol Arseniý Leopoldowiçe seretdi-de:

— Daýy, siz näme, samsykmy? — diýdi.

Arseniý Leopoldowiçiň muňa gaty gahary geldi, ol yzyna öwrüldi-de gidiberdi. Soňra bär-

sine garap, Olýanyň ejesine:

— Çagaňyzy gowuja terbiýelemeli ekeniňiz — diýdi.

Enesi bilen Olýa öýlerinden göni «demirbejeriş» ussahanasyna gitdiler. Ol ýerde ýaşy, megerem, kyrkdan geçen daýy bar ekeni. Parahat, mylakatly adam ekeni. Ol gözenege seredip:

— Siz meniň ýanyma gelmeli däl ekeniňiz, dogrusy, ýanyma geleniňiziň zeleli ýok, ýöne meniň size kömegim degjek däl. Bu gözenek gadymy, gymmatly, muzeý gymmatlygy diýseňem boljak. Semawar bejeren bolaýmasam, başga gadymy zatlary bejerip göremok. Size zergäre ýüz tutmak gerek.

Horaza iým hem bermelidi. Şol ýerde «demirbejerişde» oňa dary berdiler, suw içirdiler, soňra hem zergäriň ýanyna ugradylar.

— Bize şu guş gözenegini söküp berseňiz!

— Siz-ä, oňaraýdyňyz muny! — zergär kibtini gysdy. — Boljak-da, indi men guş gözenegini bejermelimi? Tiz wagtdan maňa semawardyr piti getiribem ugrarlar. Men demirbejeriji däl, men zergär. «Demirbejerişe» äkidiň, munyňyzy.

— Biz eýýäm o taýyk bardyk — diýip, Olýa düşündirdi. — Bu gözenek zergärleriň gözenegi. Onda öň ýasama sarybilbil ýaşapdyr. Oňa açar bilen tow berýän ekenler.

— Onda, getiriň, şol sarybilbili!

— Bu horazy näme etmeli?

Zergär ussa oýlandy, hem-de şeýle diýdi:

— Görýäňizmi, girelgäniň agzynda nobatçy duran gojany, han-ha, hol oturan. Şonuň ýanyna baryň. Ol goja örän ussat zergär. Siziň bu işiňizi şol bitirip bilmese, başga hiç kim bitirmez.

Garry babanyň ýanyna ugradylar. Girelgede duran goja:

— Towuga juda nebsim agyrýar — diýdi.

— Bu towuk däl, horaz — diýip, Olýa jogap berdi.

— Onda-da nebsim agyrýar.

— Beýle bolsa, siz ony bize alyp beriň — diýip, Olýanyň enesi haýyş etdi. — Ýöne gözenegi döwäýmäweriň. Onda tow berilýän guşjagaz ýaşapdyr.

Işikde duran goja:

— Men ol guşlary bilýän. Olary Hytaýdan getirýärler — diýdi. — Bu horaz nireden getirilen?

— Ol inkubatordan çykan.

— Diýmek, ýetim-dä, onda — diýip, goja agras gürledi. — Menem ýetimdim. Ýeri, bolýar, ony halas etmäge synanyşyp göreýin. Ýöne meniň gurallarym bärde däl, öýde. Men ony öýe äkideýin. Ertir geläýiň.

Şonda Olýa pikirlenip:

— Zergär ata, siz nirede ýaşaýarsyňyz? — diýip sorady.

− Ine, şujagaz ýerde, goňşy jaýda.

— Onda, ata, ikimiz gidip, horazy gözenekden çykaraly. Enem bolsa siziň ýeriňize nobatçylyk eder.

— Bolýa — diýip, garawul goja razy boldy. — Garry, ynha sapança, ynha-da, gürzi bilen jürlewük.

Nobatçylyk edýän goja hem zergärçilik dükanyny goramak hoş ýakmaýan bolarly.

Garry ene:

— Ýok, sapança bilen gürziniň geregi ýok, bär-

sini goramak üçin maňa şu jürlewük hem ýeterlik bolar. Men köne döwrüň adamy.

Onsoň Olýa bilen goja gojanyňka gitdiler. Garry baba ikinji gatdaky gapyny açary bilen açdy hem-de derrew gurallaryny aldy. Ol gözenegiň simini iki ýerinden atagzy bilen gysyp ýoldy hem-de horazy çykardy.

Soňra ol galaýy bilen simleri ýolan ýerine sepledi hem-de ony altynsow reňk bilen reňkledi. Gözenek öküsi ýaly birkemsiz gözenege öwrüldi.

Altynsow reňkiň galanjasyny goja horaza çaldy. Töwerekdäki zatlaryň hemmesini tozan basypdyr, şonuň üçinem başga bir laýyk zat tapmansoň, garry baba çotgasyny hem horaza süpürdi.

Indi gözenek täze ýaly ýalpyldaýardy, horazam ondan kem däldi, lowurdap durdy.

Tiz wagtdan Olýajygyň jüýjeleri ulaldy, onsoň olary öz etmeli işleri bilen meşgullanmaklary üçin oba alyp gitdiler. Altyn kekeç horazy bolsa Olýa alyp galdy, ol esli wagtlap onuň balkonynda ýaşady. Tutuş howly ony tanaýardy, gowy görýärdi. Hatda girrik Arseniý Leopoldowiç hem gaharlanmasyny goýdy, ol indi:

— Bu horazy bişirmedikleri gowy bolupdyr. Ol gaty ýigrenji, ýöne ýigrenji bolsa-da peýdaly. Şonuň üçin men bir gezegem işe gijä galamok, ol her gün irden meni oýarýar — diýýär.

Şondan bäri Olýalaryň ýaşaýan jaýynyň esasy girelgesiniň agzynda şeýle sözler ýazylan tagta bar:

BU JAÝDA UZAK WAGTLAP

EDERMEN ATLY HORAZ ÝAŞADY HEM-DE GÜÝ-GI-GÜÝ-GI EDIP GYGYRDY.

OL HAKYNDA ÝAKYMLY ÝATLAMALAR HENIZEM BIZIŇ ÝÜREKLERIMIZDE ÝAŞAÝAR.

***

1.Homýak — göwresi ýogyndan tagaşyksyz, duluk haltalary ösen, hinde ýaşap ol ýere däne, çigit ýygnaýan kiçeňräk gemriji haýwan.
2.Flomaster — reňk siňdirilen galam.
3.Balkon — binanyň diwaryndan daşyna çykýan, içki otag bilen birigýän germeçli ýer.
4.Inkubator — emeli ýol bilen ýumurtgadan jüýje çykarýan enjam. 

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle