Altymyradym
Altymyradym
ALTYMYRADYM
Türkmen topragynda dogdy bir ýyldyz,
Ol ýyldyz berdaşly ~ Altymyradym.
Şuglasyn jahana çogdy bir ýyldyz,
Ol kowum ~ gardaşly, Altymyradym.
Çagalykdan çyn zähmetde gaýnady,
Pälwanlaryñ demir oýnun oýnady,
Doganlary tälim berdi boýnady,
Ýaşlykdan gördüşli, Altymyradym.
Janköýerleñ Biribary çagyrdy,
Pälwan doganlaryñ körpe şägirdi.
Älem-jahan ägirtleriñ ägirdi,
Hak ýaratmyş güýçli, Altymyradym.
Hak ogly harlanmaz haramlyk bilen,
Şöhrat almaz para-berimlik bilen.
Ýaryşdan goýdular karamlyk bilen,
Şondan bagry başly, Altymyradym.
Hezreti Dawudy çagyryp joşduñ,
Jahan rekordyna rekortlar goşduñ.
Mes iner dek kükräp, Jeýhun dek daşdyñ,
Bahar kimin joşly, Altymyradym.
Üç altyn medalyñ eýesi sensiñ,
Türkmen sportunyñ söýesi sensiñ,
Goja Köpetdagyñ gaýasy sensiñ,
Ýumry — demir döşli, Altymyradym.
Biribaryñ ady dilinde bardyr,
Rüstem Zal guşagy bilinde bardyr.
Kaşamşam kuwwaty golunda bardyr,
Başy tylla täçli, Altymyradym.
Sporta bagş etgin manyly ömri,
Şeýle bolawersin ýüregiñ emri,
Näçeräk göterdiñ — götärsiñ demri,
Ýaşy ýigrim bäşli, Altymyradym.
Meret MÄLIKOW,
sport weterany.
# "Hakykat" gazeti, 18.03.1994 ý.
Goşgular