Alty emjekli düýe / ýomak
Alty emjekli düýe / ýomak

Bir gün irden ýoldaşym hem onuň atasy Annaly aga üçimiz tirkeşip barýarkak, garşymyzdan ýoldaşymyň tanşy çykdy. Ol az-kem içgili eken. Şonuň üçin hem keýpi kök. Oňaryp bilse-de, degişjek bolýar. Hemmämiz bilen birin-birin salamlaşandan soň, ol ýoldaşyma garady-da:
— Hany, telpegiňi tersine öwür, göreli bakaly, gelişýärmikä? — diýdi.
— O näme üçin?
— Eýýäm ýadyňdan çykaraýdyňmy? Alty ýyl mundan ozal: «Sen alym bolsaň, telpegimi tersine geýerin» diýmänmidiň näme?
— Zalywat, henizem ýadyndan çykarmandyr-ow. Indi ýadyma düşdi. Gutlaýaryn, dost!
— Gutlajak bolsaň, bulgur göterip gutlarlar. Agşam gel, zaşitadan soň oturşarys. Bir restorany ýörite satyn aldym. Ana şonda gutlaýarlar. Ýoldaşlaryňy hem alyp gel — diýip, ol maňa garady. — Ýalňyşmaýan bolsam, gazet işgäri bolsaňyz gerek? — diýdi.
— Dogrudyr.
— Dogry bolsa, agşam sizem geliň! Žurnalistlerem alymlyk derejesiniň nädip goralýandygyny öz gözleri bilen görseler kem bolmaz. «Eşiden deň bolmaz gören göz bilen» diýilýär ahwetin. Belki, ojuk-bujuk ýazyp, hem-ä bizi begendirersiňiz, hemem jemgyýet üçin peýdaly iş etdigiňiz bolar, galyberse-de, sowalga… garnyňa depýärmi näme?!
Men onuň soňky sözlerini göwnüme alsam-da, gödek bir zat aýtman, sypaýylyga saldym-da:
— Sowalga diýýäniňiz-ä bolman duranok welin, dissertasiýaňyzyň temasy näme? — diýip soradym.
— Çalyň adam organizmine edýän položitel täsiri.
— Haýsy çalyň?
— Elbetde, düýe çalynyň!
Niredendir birden bu ýigide degmeklik meniňem küýüme düşdi.
Ýoldaşyma gözümi gypdym-da:
— Ýagşy ýigit, düýe çalyndan dissertasiýa gorajak bolsaňyz, bir zada jogap berseňiz-le: düýede näçe emjek bolýandyr? Agşam baraýsag-a, hatyrjem bol, şu soragy hökman bereris — diýdim.
— Bar berjek soragyňyz şu bolsa, onda arkaýyn baryberiň! Düýede dört emjek bolýandyr — diýip, ol pert-pert jogap berdi.
Men ol ýigide tarap barmagymy çommaltdym-da, ha-ha-haýlap güldüm. Ýoldaşymam güldi. Ol ýigit bolsa nämäniň nämedigine düşünmän, aňk-taňk bolup dur.
Men gülküden ýaňa ýaşaran gözlerimi süpürip:
— Munuň diýýänine seretseňiz-le?! «Düýede emjek dört bolýandyr» diýýär-aýt. Päheý, ýigid-ä oňard-ow, özem çaldan alym boljak bolýar. Bize duş gelmedik bolsa, ile masgara bolaýjak eken! — diýdim. Soňra ýoldaşyma garadym-da, ondan:
— Düýede näçe emjek bolýandyr, hany aýt? — diýip soradym.
Ýoldaşym maňa düşünen eken. Ol:
— Telpegi onuň özi ters geýäýmeli boldy. Düýede alty emjek bolýar ahyry. Dogrudanam, bileňokmydyň? — diýdi.
Men soňra ýaşula ýüzlenip:
— Annaly aga, düýäniň emjegi näçedir? — diýip, gözümi gypdym.
— Ýetmiş üç ýaşymyň otuzysyny düýe çopanlykda geçiripdim. Biziň gören düýelerimiziň-ä emjegi alty bolardy. Indi, elbetde, ylym-bilim ösýär. Mallaryňam täze-täze tohumlaryny döredýärler. Mäkiýandan horaz edenlerini-hä öz gözüm bilenem gördüm. Onsoň, tohumyny gowulandyrjak Bolmazbolup, dört emjekli edäýen bolmasalar! «» diýip bolmaz, inim, bu zamanada. Indi-hä düýe mala has hem köp üns berilýär — diýip, Annaly aga gara çyny bilen gepledi.
Ýigidiň gözleri tegelendi, mazasy gaçdy. Ol:
— Aý, oýun etmeseňizläň… — diýip, ysgynsyzja ýylgyrdy.
— Oýny özüňiz edýäňiz. «Düýede dört emjek bar» diýip, bu adamlary çagadyr öýdýäňizmi?
— Aý, oýun etmeseňizläň, walla… — diýip, ol öňki sözüni ýene-de gaýtalady.
— Siziň çynyňyzmy? — diýip, menem geň galan boldum-da, soragymy has çynyrgatdym. — Şunça ýyl çal barada işläp, düýede näçe emjegiň baryny görmedik bolsaňyz, onda biz-ä bilmedik! Ýeri, bolýar-la, gorkup oturmaň, agşam barsagam, sorap durmarys. Arkaýyn bolaýyň. Ýöne hergiz ýadyňyzdan çykarmaň-da, belläp goýuň: geçi, goýun ýaly mallarda emjek iki bolar. Sygyrda, eşekde, baýtalda emjek dört bolýandyr, düýäniňki, piliňki altydyr. Itiňki bilen towşanyňky sekiz bolýandyr, martyşka atly kiçijik maýmynlarda-da sekizdir. Orangutanyňky bolsa, adamyňky ýaly, iki bolar. Diňe doňzuň emjegi on bolar. Muhammet pygamber şonuň üçin doňzy öz ymmatyna haram hasap edipdir diýýärler — diýip, agzyma gelenini uruberdim.
Alym boljak ýigidiň halys weji gaçdy:
— Ýeri bolýar-la, oýny ertir ederis — diýip, onuň bar aladasy sypmak boldy. — Sizi hem ýoldan saklaýdym öýdýän. Özümiňem ony-muny görmek işim bardy. Agşam görüşýänçäk, hoş! — diýdi-de, ýanymyzdan ýelk ýasaýdy.
Ol şo gidişine göni Teke bazaryna baryp, taksi tutupdyr-da, Garadamaga tarap gamçyny basaýypdyr. Barsa, düýeler örüde eken. Sagymçy aýallardanam soramaga çekinipmi ýa-da olara ynam etmän, hut öz gözi bilen görmek isläpmi, garaz, maşyny meýdana sürüpdir.
Baryp, öňýeten düýesini, soňra ikinjisini, üçünjisini… jemi on düýäni birin-birin tutup, olaryň emjeklerini sanapdyr. Görse, onusynyňam emjegi dört-dörtden eken. Diňe şondan soň onuň ýüregi ýerine gelipdir.
Agşam ol döşüni gaýşardyp, tribuna arkaýyn çykdy.
Döwlet ESENOW.
«Edebiýat we sungat» gazeti, 23.01.1963 ý. Satiriki hekaýalar