Ali Şeriati: Käte perýat edibersem diýýärin, ýöne ýene görýän welin, sesim gysylypdyr
Ali Şeriati: Käte perýat edibersem diýýärin, ýöne ýene görýän welin, sesim gysylypdyr

Ali Şeriati kyrk üç ýyl öñ, şu gün, bolýan oteliniñ myhmanhanasynda öldürildi. Onuñ ölümi Eýranda rewolýusiýanyñ ilkinji uçgunlarynyñ biri boldy. Millionlar şa režimine garşy köçelere dökülende, köpçüligiñ dilinde Şeriatiniñ «Durmuş: iman we jihat» sözleri bardy.
Ali Şeriati Maşat uniwersitetiniñ pars dili we edebiýaty bölümi tapawutlanan bahalar bilen tamamlandan soñ 1959-njy ýylda Ýewropa gitmek mümkinçiligini gazandy.
Durmuşynyñ öwrülişik sepgitlerinden biri bolan bu tejribe pikir fantaziýasynyñ kämilleşmegine uly goşant goşupdy.
Fransiýada Sorbonne uniwersitetinde Yslam taryhy bölümine kabul edilendigine garamazdan Parižde geçiren ýyllarynda esasy ünsüni çeken ugur sosiologiýa boldy.
Şonuñ üsti bilen A.Kamýu, J.P.Sartr ýaly şahsyýetleriñ pikirlerini we hut özlerini ýakyndan tanamak mümkinçiligini tapdy.
Hususanam din sosiologiýasy boýunça pikirleriniñ kämilleşmegini üpjün eden möhüm unsurlaryñ başyny parižli intellektuallar bilen geçiren işleri çekýärdi.
Doktoranturany tamamlap ýurduna dolananda, Türkiýäniñ serhedinde SAVAK-yñ operasiýasy netijesinde tussag astyna alyndy.
Bu tussag edilme onuñ ömrüniñ ahyrky ýyllaryna çenli dowam etjek tussaglygyñ we ýanalmalaryñ başlangyjy boldy.
Aslynda Şeriati çagalygyndan bäri tussaghana girip çykypdy, emma mundan beýläk bu tussag edilme kontrrazwedkanyñ gönüden-göni öz ünsündäki zatdy.
Şeriati «näme bolsa şo bolsun» edilip, türme koridorlarynda taşlanar ýaly akyldar däldi.
Bir sorag edilmäniñ netijesinde dosty Felsefi bilen bile demir gözenegiñ añyrsyna düşdi.
Felsefi Şeriati üçin özüni pida edip, ähli jogapkärçiligi öz boýnuna alypdy.
Ali Şeriati dostunyñ bu pidakärliginiñ garşysynda çuññur gynanja batdy, çünki Şeriati ynanan we ugrunda göreşýän pikirleri üçin janyny gaýgyrjak adam däldi.
Şeriati dostunuñ pidakärligini özi üçin ylalaşyp bolmajak ýagdaý hökmünde görýärdi:
«Elbetde, dostumyñ meniñ üçin pidakärlik edendigini bilýärdim. Bar günäni boýnuna alyp, ol muny meni azatlyga çykarmak üçin edipdi. Emma onuñ eden bu işine men erbet bolýardym. Muña döz gelip biljek däldim!»
(«Ýalñyzlyk sözleri» — «Fecr» neşirýaty)
Şeriatiniñ Felsefiniñ pidakärligi üçin aýdan sözleri aslynda onuñ göreş formasy we syýasy pozisiýasy hakda bize möhüm ýüpuçlary berýär:
«Dostum Felsefiniñ pidakärligine çydam eden on ýedi günümde ne hasratlary çekdim men! Ol-a syýasy tussag, men bolsa ýakasy gaýyşly jenaýatkärdim. Ol halkyñ pidaýysy, men öz baýlygymy goramagyñ pidaýysy… Şeýlemi!
Nähili masgaraçylykly ýagdaý! Ol syýasy jenaýatkärdi we etmişi bellidi. Meni halas etjek bolup özüni öñe oklapdy. Derñewçilere meni tanamaýandygyny aýdýardy. Şeýtmek bilen syýasy tolgunşyklara gatnaşmandygymy aýtmak isleýärdi.
Emma men özümi halas etmek üçin bu peslige yrza boljakmydym? Men azatlyga çykmaly, ýöne dostumy sütemkärleriñ eline bermeli, şeýlemi?
(«Ýalñyzlyk sözleri» — «Fecr» neşirýaty)
Ali Şeriatiniñ ýaşan Eýrany şa režiminiñ diktaturasy astyndady.
Ýapyk we ýowuz her bir režim ýaly azat pikiriñ tarapyny tutýan intellektuallar ýa satyn alynýardy, ýa-da döwletiñ gaty ýüzi bilen setire düzülýärdi.
Şeriati-de häkimiýetiñ taýagyndan öñ para-peşgeş duzagy bilen ýüzbe-ýüz bolupdy. Režimiñ özüni satyn almak üçin eden tekliplerini ullakan hapysalyk hasaplady we ony ret etmekden duýan buýsanjyny şeýle ýazdy:
«Maña «Boýun sun, iki kürsüden başga islän kürsiñde otur» diýdiler. Men bolsa gidip gyzylgala harby zyndanlaryndaky hüjrelere girdim.
Belli bir wagtdan soñ eli boş daşary çykdym. Bu gezek ýurduñ «ýaşylgala» zyndanlaryna düşen ýaly boldum.
Bag-bakja eýe bolan beýleki dostlarym bilen özüni deñeşdirenimde, begenç, şükranalyk we şöwk derýasynda ýüzýärdim.
Ol iñ uly hapalyga aslyşmadym, dünýäge bulaşmadym.»
(«Ýalñyzlyk sözleri» — «Fecr» neşirýaty)
Şeriati režimiñ özüne eden teklibine meñzeş teklipleriñ egindeşlerine-de edilendigini bilýärdi. Ol puluñ we wezipäniñ humaryna aldananlary «olar at-abraýlaryny çörege satdylar, men suwa berdim» sözleri bilen tankyt edip, berk ýazgardy.
• Şeriatiniñ düşünje dünýäsi
Ali Şeriati ýaşlyk ýyllaryndan başlap okamaga başlan Möwlananyñ «Mesnewi» eseriniñ düşünje dünýäsiniñ astroidlerinden biridigini aýdýardy, ýöne ol aklyny we köñlüni ýerinden gozgan sowallaryñ jogabyny Muhammet Ykbaldan tapjakdy.
Ykbaly musulmanlar ücin çelgi hasaplan Şeriati oña düşünjewi manyda takyrlaşan topraklarda tebsirän ýolagçy hökmünde garaýar:
«Musulmanyñ dilinden gürleýärin… Menem olardan, meniñ ýaly dertlileriñ dilinden seslenýärin: Ykbal bir çelgidir.
Bu gurak topraklarda, döwrümiziñ joşguna we gaý-tupana gaplanan «çölünde» gözleglere ilgezik akyldar hemme düşünjä ýa-da dine ýönelýär, halas boluş ýollaryny salgy berýän hemme pikirlere seredýär, emma doýanok.
Dogry ýoly tapan we oñyn netijä baran wagt muña garamazdan ýene ähli dertlerine çäre tapyp bilenok. Çünki meniñ ýalylar asyrymyzdaky akyma bagly diñe öz ýurtlarynyñ geografiki çäklerinde, öz jemgyýetlerinde, öz taryhlarynda ýaşaýarlar.
Şeýlelikde ösen tehnologiýanyñ we täze ylymlaryñ, diýdimzorlaryñ, pitne-pisatçylygyñ we Günbataryñ ýalñyş düşünilen siwilizasiýasynyñ garşysynda durandygymy, bu çapraz frontlaryñ öñünde barlygymy ýok etmäge niýetlenen gaý-tupanyñ garşysynda durandygymy bilmelidirin.»
(«Biz we Ykbal» — «Fecr» neşirýaty)
Şeriatiniñ Muhammet Ykbaly özleşdiriş biçüwi we pozisiýalandyryşy-da üns bererliklidir.
Beýik akyldarlardan hasaplaýan Möwlanadyr Gazalynyñ syýasy pozisiýasyny tankyt edýär, şeýle-de görnükli syýasy şahslardan Selaheddin Eýýubydyr Eba Yslam ýaly şahslary düşünje dünýäsine bolan aralygyny ýalñyş hasaplaýar:
«Muhammet Ykbal Ymam Gazaly ýa-da Muhiddin Araby we hatda Möwlana ýaly ýalñyz we ýalñyz yrfan älemine çümüp, maddadan añyrsyny oýlan we nebis terbiýesi bilen özüni hem-de özi ýaly birküç sany kişini ýetişdiren, daşarky dünýäden we mongollaryñ ymmatyñ üstündäki başyşyndan hem-de zulumyndan habarsyz ýaşan aryf däldir.
Eba Müslim we Selaheddîn Eýýuby ýaly yslam taryhynyñ diñe uruş, göreş we gylyç adamlaryndanam däldir.
Diñe düzediş girizme w üýtgeşme geçirme bilen meşgullanan, düşünjede öwrülişik eden we sosial gatnaşyklarda adamkärçilik terbiýesini duşmana güýç we zorluk ulanyp kabul etdirmegi ýeterlik hasaplanlar ýaly-da däl.
Hindistanly Seýit Ahmet Han ýaly yslam jemgyýeti nähili ýagdaýda-da bolsa, hatda iñlis boýunturygynyñ astynda-da bolsa, onuñ bileleşmeçi täsiri bilen ýa-da ylmy we ýigriminji asyryñ mantykly teswirleri hem-de Kuranda çuñ, pelsepewi gözlegler geçirmek bilen janlandyryp biljegine-de ynanmaýar.»
(«Biz we Ykbal» — «Fecr» neşirýaty)
Şeriatiniñ pikiriçe Muhammet Ykbal akyl-paýhasy, kalby we syýasaty bir ýere jemläp başaran iñ gowy mysaldy.
Ykbal Hezreti Isa (a.s) ýaly kalby, Sokrat ýaly intellektual güýji we Kaýsar ýaly dolandyryş ukyplaryny bir ýere jemlän çelgidi.
• Musulman progressiwiñ kopiýa keseli
Ali Şeriati tradision manyda şaýy terbiýesini alypdy, emma alan bilimi ony Eýranyñ ýa-da şaýylygyñ çäklerine dañyp goýmagy başarmandy.
Onuñ göz öñüne getirmesindäki progressiw düşünjesi tutuş yslam ýurtlaryny gurşap alýardy we fanatizmi ýykyp-ýumurýardy.
Şoña görä hem progressiwiñ iki esasy wezipesi bardy: ilkinji nobatda öz dar galyplaryndan çykmak we halky yzyndan äkitmek.
Munuñ üçin progressiw adamyñ ilki bilen-ä kopiýa bolmak (gaýtalamak) keselinden saplanmagy zerurdy:
Hut özi jemgyýeti tanamaly, gitmeli we gatlaklary yzyndan äkitmeli ýollary ýöräp aşmalydyr.
Biz soñky asyryñ ikinji ýarymynda öz seljerişimizden geçirmeli progressiw synpy faktory bilen ýüzbe-ýüz bolduk. Hemme zatdan ötri bu gatlagy gowy seljerme mejburylygyny duýýarys.
Munuñ bilen bir hatarda hut biziñ özümizem şu gatlaga girýäris. Iñ bolmanda özümizi tanap, nireden gelendigimizi, haçan gelendigimizi, nämüçin gelendigimizi bilmek iñ dogry çykalga boljakdyr.
Hakyky progressiw we progressiwiñ kopiýasy aýdylanda, Ýewropadan başga (Afrika, Aziýa we Latyn Amerika ýaly) ýurtlarda progressiwleriñ Ýewropadaky kopiýasy ýaly görülýär.
Munuñ bilen birlikde biz Aziýa, Afrika we Latyn Amerika progressiwleri Günbataryñ progressiwleriniñ fotokopiýasy ýalydyrys. Ne bärsi, ne añyrsy.
Asyl nusganyñ kopiýasy bolandygymyz üçin özümizi tanamagymyz, öz gowşak ýerlerimizi, güýçli taraplarymyzy seljermegimiz «original nusgany» tanap-düşündirmezden mümkin däl.»
(«Progressiw» — «Fecr» neşirýaty)
Şeriati jemgyýeti yzyndan äkidip biljek progressiwiñ şirmaýy diñden çykyp, halkyñ arasynda bolmalydygyny aýdýar.
Tersine bolanda ýaşap ýören jemgyýetine düşünmekden binesip galar:
«Progressiwiñ bütin jemgyýeti öz peýwagtyna we öz toparynyñ progressiwlerçe içerki gatnaşyklaryna görä umumylaşdyrmazlygy gerek. Bu progressiwiñ ýalñyşlyklarynyñ biridir.
Dini jemgyýetde ýaşaýarys, dini taryha baglylygymyz bar, dini-medeni atmosferadan dem alýarys.
Eger progressiw añ-düşünjeli we öz añ-düşünjesini ösdürmäge ýönelden jogapkärçiligini özünde duýýan topardan bolsa, bu progressiwiñ hemme zatdan ötri «özi bilen jemgyýetiniñ arasynda köpri» döretme düşünjesinde bolmagy gerek.
Şeýle köpri dine gollanmak, dini bilmek, dini ylmy taýdan ünsli görnüşde öwrenmek we jemgyýetimiziñ ruhunyñ özenini düzýän dini tanamakdan başga zat däldir. Birinji söz şudur.
(«Ideallaryñ ýeñlişi» — «İdeal Kitaplar» neşirýaty)
• Şaýylygyñ osmanly ýigrenjini ýykýar
Ali Şeriatiniñ pikir howuzynda iñ köp tankyt edilmäge sebäp bolan hususlardan birem osmanly hakyndaky garaýyşlarydy.
Klassyky eýran düşünjesinde osmanla pozitiw garalmaýardy.
Şaýy fanatikleriniñ osmanlyny pitnäniñ gözbaşy hasaplaýandygyna garamazdan, Ali Şeriati haçparazlaryñ basybalyjylykly ýörişlerine we Günbataryñ kolonializmine garşy türkmenleriñ guran bu jahan imperiýasynynyñ yslam dünýäsine galkan bolandygyny ýazýar.
Sünni dünýäniñ taryhdaky iñ uly döwleti Osmanlyny goragçy refleksde ele almagy Şeriatini wagtal-wagtal öz tarapdarlarynyñ arasynda-da ýalñyz galmagyna sebäp bolupdy.
Şeriatiniñ pikiriçe Eýrany hem öz içine almak bilen birlikde yslam dünýäsiniñ uçran wagşy eskplutasiýa düzgüniniñ iñ uly sebäbi indi Osmanly ýaly beýik döwletiñ ýoklugyndady:
«Emma biz ony ýuwtmaga süýnen we ýolunda diwar bolup duran Osmanly bilen urşan Günbataryñ kolonializmidir agressiw hristianlyk bilen baha bersek, musulmanlaryñ hakydalardan häzirem çykyp ýetişmedik gol we gylyjynyñ zoruny şonuñ bilen görkezendiklerini, golumyzyñ güýç-kuwwatdan gaçmagyndan, gylyjymyzyñ gynyna girmeginden we musulman häkimiýetleriñ ýeñilen wagtyndan bäri taryhyñ görlüp-eşdilmedik biçiminde kolonializmi wagşylarça, garakçylarça we haýynlyk hökmünde biziñ boýnumyza ýüklän, diýdimzor Günbatar ulusynyñ we olaryñ adamçylyga sygmaýan düzgüniniñ osmanlynyñ zarbyndan dargandygyny, ýurdumyza garşy talañçylyklaryñ yza serpikdirilendigini, olaryñ musulman gylyjynyñ zarbyny osmanlynyñ elinden dadandyklaryny, orta asyrlardan başlap bize garşy haçly ýörişleri gurnan başdan geçirmeçileriñ yslamyñ güýjünden häli-häzirlerem şu sebäpli gorkýandyklaryny we Ortaýer deñziniñ, Gresiýanyñ, Gündogar Ýewropanyñ musulmanlaryñ elinde bolandygyny göz öñüne tutsak, şonda olara bolan pikirimizem üýtgär.»
(«Aly şaýysy, sefewi şaýysy — «Fecr» neşirýaty)
Şeriatiniñ sözleri diñe eýran düşünjesindäki ornaşan osmanly garaýşyna gönükmeýär.
Hezreti Omar we Selaheddin Eýýuby ýaly şahslara bolan garaýşy-da tankydy häsiýetdedir, şol sanda ol sözüni sefewi şaýylygyndanam gaýgyryp duranok.
Osmanly bilen birlikde tutuş sünni dünýäsine bolan şaýy duşmançylygyna Günbataryñ galyndysy bolan kompleks hökmünde garaýar:
«Yslamy özen ýa-da kolonial garşydaşlygy nukdaýnazaryndan seretsek, hristianlygyñ garşysynda musulman hökmünde şaýy, günbatarly kolonializmiñ garşysynda gündogarly kolonializmiñ pidasy bolan intellekt şony pikirlenen wagty jogapkärçilik üýtgeýär.
«Şu nukdaýnazardan», käşgä şaýy garşydaşy Selaheddin Eýýuby Palestinada gaýtadan orta çyksady, hapa Halid ibn Welid gylyjyny Wizantiýanyñ leşgerine garşy syrsady, merdana seljuklar gan sorujy haçparazlary Ortaýer deñzine gapgarsady, sünni mezhepli osmanlylar Günbataryñ kolonial güýjüni Afrikadan, Aziýadan we çäresiz galan yslam jemgyýetlerinden süpürip aýyrsady diýip arzuw ederler.
Osmanlylara garşy ýöredilýän bütin bu propogandalaryñ barysy Günbataryñ we hristianlygyñ köne kompleksleriniñ ýüze çykmasy, şol paralaýjy gylyçlardan alnan ýaralaryñ netijesidir.»
(«Aly şaýysy, sefewi şaýysy» – «Fecr» neşirýaty)
Elbetde, bular ýaly batyrgaý pikirler SAVAK-yñ hem, ýüzlerçe ýyllap tutuş Eýranyñ düşünje sistemasyna agalyk edip gelen tradision şaýylygyñ hem garşylygyna uçraýmalydy.
Şeriati SAVAK-yñ («SAVAK» — перс. ساواک, аббревиатура от перс. سازمان اطلاعات و امنیت کشور — «Sazman-e Ettela’at va Amniyat-e Keshvar»/«Сазман-е Эттелаат ва Амният-е Кешвар» (Служба информации и безопасности страны) — Министерство государственной безопасности Ирана времён правления шаха Мохаммеда Реза Пехлеви (1957—1979) görkezmesi bilen uniwersitetdäki işinden kowuldy. Polisiýanyñ söbügini sypdyrman yzarlap ýörendigi sebäpli hereket ediş ugry-da gysylypdy, emma hiç bir päsgelçilik onuñ ýoluny baglap biljek güýje eýe däldi.
Şeriati erkin pikir ýöretmäge ýol bermeýän ähli päsgelçiliklere garşy göreşmekden birjigem ýaýdanmady. Hatda ol bu ugurda özüni iñ erkin duýan we iñ ýakyn dostlary hasaplan kitaplaryny-da ýakmaga taýýardy.
Erkinlik-de bolsa, özüni körleşdirip garaýşynyñ şol bir zat bolup galmagyna göwni razy däldi:
«Kül bolan ýazgylaryma, jigerparalaryma, şygyrlaryma, ruhumyñ we kalbymyñ parçalaryna, ýazuw stoluma, ömrüme, iş otagyma, bütin durmuşyma ýok bolup barýarka tomaşa etmekden has beter dert bolup bilermikä?
Hawa, bar, bulardan has beter dert bar: otagynda özüni ýanar oduñ içinde gören, dünýäsiniñ we durmuşynyñ ýanýanyny, öýüniñ kül bolanyny gören adamyñ bu çekip-çydardan agyr ody hut özüniñ ýakandygyny ýatlamasy iññän agyr dertdir.»
(«Ýalñyzlyk sözleri» — «Fecr» neşirýaty)
• Jemil Meriç: «Oglum, men Ali Şeriati bolmak islärdim»
Jemil Meriç — türk düşünje dünýäsiniñ görnükli sosiologlaryndan biri, belki-de iñ beýigi.
• Arafdaky progressiw: Jemil Meriç
Ali Şeriati diýlende esasanam üstünde işlän meseleleri babatda ýada düşýän ilkinji kişi Jemil Meriçdir.
Şägirdi we Meriç gözlerini hemişelik ýitirende oña köplenç kitap okap beren žurnalist-ýazyjy Ali Bulaç Şeriati bilen Meriçiñ gatnaşygyna-da degip geçýär.
Üsküdar munisipialetiniñ birnäçe ýyl mundan öñ geçiren Ali Şeriati simpoziumynda ýatlamalaryny paýlaşan Bulaç ilkibaşda Jemil Meriçiñ Ali Şeriatä pitiwa etmändigini, emma soñabaka haýran galyjylyk bilen Şeriatä ýakynlaşandygyny aýdýardy.
Şeýle-de Meriçiñ oña «Oglum, men Ali Şeriati bolmak islärdim» diýendigini aýdan Bulaç Meriçiñ Şeriatiden iñ uly tapawudyny yslam ylymlarynda sowadynyñ pesliginde görýärdi.
Şeriati Günbatar pelsepesinden Fanon, Kamýu, Sartr bilen dostlaşjak derejede içgin bilmek bilen bir hatarda tradision yslam düşünjesine hemmetaraplaýyn añ edip bilýärdi.
Meriç öz ýurdunda bolýan çöküşligi «Her ýagtylygy ýangyndyr öýdüp söndürmäge ylgan bedibagt adamlarym: tümlüge şeýle bir öwrenşipsiñiz welin, ýyldyzlaram sizi bimaza edýär! Añ-düşünjäniñ guduzlan iti kowalan ýaly kowalanýan bu ýurdunda añ-düşünje adamy nädip çyksyn?» diýip tankyt edýärdi.
Ýagdaý Şeriati üçin şundan tapawutly bolmaýşy indi çykalgasyz hala dönüpdi.
Heniz ýaşdy. Eýranda galsa öldüriljegini bilýärdi. Ölümden gorkanokdy. Emma añynda ýyldyrymlar çakýardy we gysga boljagyny ir syzan ömründe döretmek isleýärdi.
Galp pasport bilen ilki Belgiýa aşmagy başardy, ol ýerdenem Angliýa gitdi.
Şeriatiniñ maksady ABŞ-na gitmekdi, emma SAVAK we iñlis kontrrazwedkasynyñ bilelikde geçiren operasiýasy bilen 1977-nji ýylyñ 19-njy iýunynda bolýan oteliniñ otagynda öldürildi.
Ölüm jenaýaty resminamalara «ýüregagyry sebäpli» diýip ýazylanam bolsa, ne maşgalasy, ne ýakynlary Şeriatynyñ öz ajalyna ölendigine hiç haçanam ynanmady.
Onuñ ölümi Eýranda rewolýusiýanyñ ilkinji uçgunlarynyñ biri boldy. Millionlar şa režimine garşy köçelere dökülende köpçüligiñ dilinde Şeriatiniñ «Durmuş: iman we jihat» sözleri bardy.
Şeriatiniñ pozisiýasy, ömri we ölümi eýran halkynyñ hem-ä diktator režime garşy inersiýasyny ýeñmäge badalga boldy, hemem hususan-da sünni gatlaga garşy köp sanly eýranlynyñ ýigrenjini täzeden gözden geçirmegine sebäp boldy.
Şeriati bütin ömrüni şu doga-dileginde arzuwlaýşy ýaly ýaşady:
«Allahym! Maña ýeñilenimde tijenme, umytsyzlykda sabyr etme, ýoldaşsyz ýöreme, ýaragsyz söweşme, baýraksyz işleme, sessizlikde janypkeşlik, dünýäsiz din, nadanlarsyz mezhep, ismsiz beýiklik, ýüzsüzlige aldyrmaýan perwaýsyzlyk, buýsançsyz çetinlik, höwessiz yşk, halk köpçüliginiñ arasynda ýalñyzlyk we söýüleniñ söýülendigini bilmeýän söýmek ukybyny nesip et!»
(«Doga» — «Fecr» neşirýaty)
19.06.2020 ý.
Mehmet MAZLUM ÇELIK.
celikmehmedmazlum@gmail.com
* Şu makalada ýer alan pikirler awtoryñ özüne degişlidir we Independent Türkçe saýtynyñ editorial ugruny şekillendirmeýär.
© The Independentturkish Edebi makalalar