|

Aldawçy duýgy

Aldawçy duýgy ALDAWÇY DUÝGY

Ol höwes etdirdi. Men höweslendim,
Bedew ata münüp, bada çuslandym.
Gözüni petredip ýatyr şöhrat-şan,
Ol meniñ gözüme diýseñ mähriban.
Gujagymy gerip, topuldym bada,
Elim uran zadym diýseñ zyýada.
Ol meni mähirden görkläp-besledi,
Gaýta-gaýta öwmegimi isledi.
Öpjek bolup uzadamda dodagym,
Boldy meniñ bir şarpygy datdygym.
Babamyñ şarpygy. Ol batly şarpyk!
Bu zat düýşde boldy. Oýansam gorkup,
Göwnüm öz-özüne diýdi şeýle zat:
Ýalan duýga aldanmagyn, adamzat!

Öwezmyrat BABAÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle