Alazanda
Alazanda
Tebigata düşmek meýli bar mende, —
Aňýan aýralyk ar eken her nalasynda
Güýz ýeliniň ýolup zyňan ýapragnyň.
Şarlanda, dymanda ornap ganyma.
Düşünýärin eziz alazanyma
Hem bugjaryp dem alşyna topragmyň.
Tebigatyň dili örän dürs eken;
Söhbet gursa üzümçilik al ekin
Olar galkyndyrýar, meýmirederem.
Çirim etmän gürleşerin belki men
Seniň bilen alazany tolkuny,
Guşlaň uçuşyndan aňyp hederin.
Eý, daglar, onsoňam size düöünýän,
Täze garda ýatan yza düöünýän.
Güllere düşünýän gaty ynamly,
Düşünýärin gamyşlaryň sazyna,
Gaýadaky buzlaň ahu-zaryna,
Tebigat syryny maňa ynandy.
Oň sözleri ölmez-ýitmez gözeldi,
Sözler ýeriň gatlaklarna ýazylgy.
Köp asyrlar agdarsak-da biz ýene,
Oň sözlügin örän ökde bilsegem:
Geçirip bilmeris, biler bolsaňyz,
Tebigatyň dilin ynsan diline.
Irakliý ABAŞIDZE,
(Gruziýa).
Terjime eden: Ahmet GURBANNEPESOW. Goşgular