Aladaçyl gül (Hekaýa)

Konstantin PAUSTOWSKIÝ,
rus ýazyjysy
Uzyn baldakly we gyzyl gülli täsin bir ösümlik bar. Onuň gülleri dim-dik baldagyň uzaboýuna ösýär. Bu gülüň adyna kipreý diýilýär. Men size şol kipreý hakynda gürrüň bermek isleýän.
Men geçen ýylyň tomsuny bol suwly derýalaryň biriniň boýundaky şäherçede geçirdim. Bu şäherçäniň golaýynda sosna agaçlary ekilýärdi. Olar eýýäm tokaýa dönüşipdir.
Hemişe bolşy ýaly, şeýle şäherçeleriň bazar meýdançasynda uzakly gün üsti samanly arabalar goýlardy. Olaryň golaýynda bolsa gür ýally atlar irkilişip durandyrlar. Agşamaralar otluk meýdandan dolanyp gelýän mallaryň derdinden ýaňa daş-töwerek, ýaşyp barýan Günüň şöhleleri zerarly, gyzgylt öwüsýän tot-tozan bolardy. Günüň şol wagtlary telegraf agajyndaky enjamdan diktoryň ýerli täzelikleri habar berýän gyryljak sesi ýaňlanardy.
Bir gün iňrik garalyberende bazar meýdançasynyň deňinden geçdim. Men tokaý hojalygyna alňasap barýardym. Ol şäheriň eteginde, derýanyň ýokary akymynda ýerleşýärdi.
Ýoluň ortarasynda oglanjyklar top oýnaýardylar. Birdenkä telegraf agajyndaky enjamdan ilkibada ardynjyran diktoryň: «Gadyrdan çagalar! Ertir ir sagat altyda, senjaplaryň ätiýaç üçin ýygnan sosna gozalaryny ýygnamak maksady bilen, gyrtyçly tokaýa gidilýändigini ýatladýaryn. Ýörişe tokaý hojalygynyň işgäri Anna Petrowna Zareçnaýa ýolbaşçylyk edýär» diýip, habar berýän owazly sesi eşidildi.
Men onuň senjaplaryň ätiýaç üçin ýygnan sosna gozalary diýmek bilen nämäni göz öňünde tutýandygyna düşünip bilmedim. Bu barada kimden sorap bolarka? Oglanjyklar, göýä diýersiň, telegraf agajyndaky gara okaradan ýaňlanan sesi asla eşitmedik ýaly henizem top oýnap ýördüler. Şol wagt goňşy öýüň penjiresinden bir garryja aýal boýnuny uzadyp, sandyraýan sesi bilen:
— Petýa! — diýip gygyrdy. — Kuzýa! Öýe giriň, keçjal oglanjyklar. Ertir säher bilen tokaýa gitmelikä, futbol oýnamaňyz näme?! Menden-ä sizi oýaran bolmaz. Men size jaňly sagat däl.
— Häzir! Derwezä soňkuja gezek top girizeli! — diýip, oglanjyklar bada-bat jogap gaýtardylar.
Birdenem batly depilen top goňşy öýüň bosagasynda daňylgy duran geçä degdi. Haýýady göçen geçi alagoh edip, çarpaýa galdy-da, ýüpünden sypyp, gaçyp gitdi. Oglanjyklar hem bu ýerden ökjäni götermek bilen boldular. Bu gykylyga öýleriň penjirelerinden boýunlaryny uzadan gaharly aýallar ýerli-ýerden:
— Garagollar! — diýip käýinjireşdiler. — Ynha, biz sizi Anna Petrowna aýdarys welin, ol sizi tokaýa alyp gitmez.
Men ýolumy dowam etdirdim. Jaýyň burçuna ýetenimde bolsa, hälki oglanjyklaryň bukulyşyp durandygyny gördüm. Men olara bada-bat sowal bilen ýüzlendim:
— Oglanlar, ýaňy radioda senjaplaryň ätiýaçlyk sosna gozalary hakynda aýdyldy welin, men hiç zada düşünmedim. O näme diýmek bolýar?
Oglanjyklar biri-birinden öňürdip, sosna gozalaryny ýygnamakda hiç kimiň senjaplardan öňe geçip bilmeýändigi hakynda aýtdylar. Olar:
— Senjaplar sosna gozalaryny gyş üçin ýygnaýarlar — diýip, ýerli-ýerden gürrüň bermäge durdular. — Olary agajyň köweginde üýşürip goýýarlar. Beh, iteklemesene! Aýtmaga maý ber! Senjaplar diňe sagdyn gozalary çöpleýärler.
— Biz bolmasak, o gozalary alyp bilen bolmaz! — diýip, göm-gök gözli oglanjyk söze goşuldy. — Köwekler örän beýikde ýerleşýär. Biz bolsa, derrew agaja dyrmaşýas-da, gozalary alýas.
Men:
— Senjaplara nebsiňiz agyranokmy? — diýip soradym.
— Ýok, senjaplar bizden gaty görmeýärler — diýip, oglanjyklar tolgunmak bilen sözlerini dowam etdirdiler. — Olar iki-üç sagadyň içinde köwegi gaýtadan doldurýarlar.
Gök gözli oglanjyk:
— Siz tokaý hojalygyna barýaňyzmy? — diýip, oslanmadyk sowal berdi.
— Hawa, tokaý hojalygyna barýan.
— Biz siziň şol ýere gidýäniňizi öňem görüpdik. Onda siz Anna Petrowna geçi barada hiç zat aýtmaýyň-da! Biz oňa top bilen tötänden degdik.
Men oglanjyklara Anna Petrowna hiç zat aýtmajagyma söz berdim. Geçi barada Anna Petrowna (tokaý hojalygynda oňa Anýuta diýýärdiler) aýdaýanymda-da, onuň oglanjyklara gaharlanmajagyny bilip durdum. Sebäbi onuň özi hem ýaşdy, şadyýandy we bary-ýogy bir ýyl öň tokaýçylyk tehnikumyny tamamlapdy. Tokaý hojalygynyň jaýynyň golaýyndaky jaryň ýapgydynda goýras saýaly gür agaçlar ösüp otyrdy. Jaryň düýbünden bolsa çeşme akyp geçýärdi. Şu golaýda ol uly derýa guýýardy.
Iki kenary hem gür jeňňellik bolan çeşmäniň suwy sessiz-sedasyz haýallyk bilen akýardy. Jeňňelligiň içinden suwa tarap bir ýodajyk uzalyp gidýärdi. Ine, şol ýerde-de aýagyňyzy ýazar ýaly seki goýlupdyr. Tokaý hojalygynyň müdiri Mihail Mihaýlowiç, Anýuta we tokaý hojalygynyň beýleki işgärleri boş wagtlary şol oturgyçda oturyp, çybyn-çirkeýleriň suwuň ýüzünde gaýmalaýyşlaryny, ýaşyp barýan Günüň ýelkenli gämilere çalym edýän bulutlaryň aňyrsynda öçüp gidişini synlamagy aýratyn gowy görerdiler.
Şol gün agşam hem men Mihail Mihaýlowiç bilen Anýutany çeşmäniň kenarynda tapdym.
Çeşmäniň çuň ýerinde ýap-ýaşyl reňkli rýaskalar ýüzüşip ýördi. Onuň has dury ýerlerinde ortarasy gyp-gyzyl gülli we kagyz deýin ap-akdan ýukajyk ýaprakly wodokras gülleri ösüp otyrdy. Onuň çuň ýerinden ýokarrakda, ýagny kert kenarynda bolsa san-sajaksyz kipreý güllerini görmek bolýardy.
Mihail Mihaýlowiç:
— Kipreýler biziň kömekçilerimiz — diýdi.
— Senjaplar hem ýaman kömekçiler däl — diýip, Anýuta söze goşuldy.
Men hem:
— Senjaplar hakynda ýaňy oglanjyklardan eşitdim — diýip dillendim. — Siziň senjaplaryň çöplän sosna gozalaryny alýandygyňyz dogrumy?
— Eýsem näme! — diýip, Anýuta göwnibir ýaly jogap berdi. — Şu dünýäde gozalary senjaplardan oňat ýygnaýan ýok bolsa gerek. Ertir biziň bilen tokaýa gidiň, şonda öz gözüňiz bilen görersiňiz.
— Bolýa, gidäýeris — diýip, men bada-bat razylaşdym. — Ine, şu kipreýiň bize nähili haýrynyň bardygyndan welin habarym ýok. Men diňe onuň ýapraklarynyň çaý deregine içilýändigini bilýän.
Mihail Mihaýlowiç:
— Hut şol sebäplem halk arasynda oňa iwan-çaý diýilýär — diýip, düşündirmäge durdy. — Onuň haýry bize şundan ybarat…
Onsoň ol gürrüň bermäge durdy:
— Kipreýler hemişe tokaýyň ot alan we agaçlarynyň kesilen ýerlerinde ösýärler. Olar ýaňy-ýakynlaram haşal otlar hasaplanylýardy. Ol diňe arzan çaý hökmünde ulanylýardy. Tokaý işgärleri ýaşajyk sosna agaçlarynyň golaýynda ösýän kipreýleri rehimsizlik bilen goparyp aýyrýardylar. Olar kipreý sosna agaçlarynyň baldaklaryny basýarlar, olary Gün şöhlesindendir çyglylykdan mahrum edýär diýip hasaplansoň şeýderdiler. Ýöne bahym olar kipreýleriň ýok edilen ýerinde, sosnajyklaryň sowuk bilen hiç söweşip bilmeýändiklerini we ilkinji säher aýazlarynda bütinleý heläk bolýandyklaryny saýgarypdyrlar. Şeýlelik-de, alymlar munuň sebäbini gözläp başlapdyrlar we ahyry tapypdyrlar. Onsoň onuň sebäbi näme bolup çykypmyş? — diýip, sowal beren Mihail Mihaýlowiç öz sowalyna özi jogap bermäge durdy: — Görüp otursak, kipreý örän ýyly gülmüş. Güýz düşüp, ilkinji aýaz gelende kipreýiň ýaňy gögeren otlarynyň töwereginde sähelçe-de gyraw ýokmuş. Sebäp diýseň, kipreý özünden ýylylyk bölüp çykarýar. Onuň ýylylygy saýasynda töweregindäki ähli ösümlikler, gowşajyk baldajyklar tä gyş olary özüniň galyň gary, ýagny pamyk körpeçesi bilen örtinçä hiç gorkusyz-ürküsiz ösýärler. Onsoňam kipreýiň hemişe ýaşajyk sosna baldajyklarynyň ýanynda ösüp ýetişýändigine üns berdiňizmi? Sebäbi kipreý olaryň garawuly, goragçysy hem-de enekesi. Kämahal şatlama sowukda kipreýiň depesi tutuşlygyna doňup galýar, ol welin şonda-da ýan bermeýär, ýylylyk bilen dem alyp, ýylylyk bilen ýaşamagyny dowam etdirýär. Diýseň gaýduwsyz gül!
— Kipreý diňe howany däl, eýsem, topragy hem ýyladýar — diýip, bu gezek Anýuta gürrüň bermäge durdy. — Onsoň bu baldajyklaryň kökjagazlaram doňmakdan halas bolýar.
Mihail Mihaýlowiç:
— Siz diňe kipreý şeýle oňat ösümlikdir öýdýäňizmi? — diýip, oslanmadyk sowal berdi. — Ähli ösümlikler barada şeýle bir täsin zatlary aýdyp bolýar welin, siz agzyňyzy açyp galarsyňyz. Her gülüň özüniň aýratyn bir hekaýaty bar. Ösümlikler bizi her dürli kesellerden goraýarlar, süýji uky we güýç bagyş edýärler, geýindirýärler we iýdirýärler, garasaý sanasaň sogaby bar. Biziň ösümliklerden oňat dostumyz ýok bolsa gerek. Eger erteki aýdyp bilmek ukybym bolsady, men her bir otjagaz, göze ilmeýän her bir çerrikler, sümmüller hakynda şeýle bir zatlar aýdyp bererdim welin, ähli meşhur ertekiçileriň maňa gözi giderdi.
— Eýsem näme! — diýip, Anýuta söze goşuldy. — Eger biziň häzirki bilýän zatlarymyzdan habarlary bolanlygynda, olara erteki otarmak hem hökman bolmazdy.
Ertesi gün men Anýuta hem-de oglanjyklar bilen Gyrtyçly tokaýa gitdim. O ýerde senjaplaryň sosna gozaly ammarlaryny, tokaýyň ýanan ýerlerinde we ýaşajyk ösümlikleriň üstünde ösüp oturan kipreýleri gördüm. Şondan bärem senjaplaradyr kipreýlere we ýaşajyk sosnalara öz wepaly dostlarym hökmünde garaýaryn.
Öýe dolanmazymdan öň kipreýiň bir baldagyny ýolup aldym. Anýuta bolsa, ony maňa çägäniň üstünde guradyp berdi. Onsoň ol özüniň ýiti gyrmyzy reňkini ýitirmedi.
Moskwa gelemsoň, guradylan şol kipreý baldagyny «Rus halk ertekileri» atly galyň kitabyň içinde goýdum. Bu kitabyň gatyny her açanymda, bizi gurşap alýan zatlaryň, iň bolmanda şu ýönekeýje güljagazyň ömrüniň iň täsin ertekilerden hem has gyzykly bolup bilýändigi hakynda oýlanýaryn.
