|

Ala ýektaý bedroý

Ala ýektaý bedroý ALA ÝEKTAÝ BEDROÝ

Ala ýektaý bedroý

«Il agasy men» diýip, getirýärler alany,
Gara sülük-gan içen nämä gerek illerim.
Düýe, sygyr ýuwdansoñ, ýuwha çykdy ýylany,
Ylym-hünär deregne gaçyrýarlar hallarym.

Ala ýektaý bedroý, kellesi gaba peçli,
Iýen duzna kast eden, ýüzbe-ýüz, gözde-gaşly,
Dilim göwher içinde, çyksa diýer oýnaşly,
Gara sülük-gan içen nämä gerek illerim.

Hatyrasy bar bolsa, gaçyp gelmez Halaçdan,
Tut agaçdan dürresi kelte däldir gulaçdan,
Çagalaryñ gyrgysy-gorkaýmasa Allaçdan,
Gara sülük-gan içen nämä gerek illerim.

Kömür ýürek örtenip, ýagty düşmez selleden,
Için çekmän esreýär, habary ýok çilleden,
Sen eñreseñ, ol güler, öýi doly galladan,
Gara sülük-gan içen nämä gerek illerim.

Uzan diýer, bu molla görgüliniñ görgüsi,
Garyp bilen deñ urmaz, munuñ ýürek urgusy,
Ýetim gyza duzakdyr, leñkebudyñ sargysy,
Gara sülük-gan içen nämä gerek illerim.

Uzan ENE,
XIX asyryñ ahyrynda, XX asyryñ başynda Mary etrabynda ýaşan şahyr. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle