Ala köýnekli gyz (Hekaýa)

JAU Tiňçuan,
hytaý ýazyjysy
Ýokary okuw jaýlaryň birini üstünlikli tamamlan Siaowaň laýykatly işiň gözlegindedi. Günleriň bir güni daýzasy jaň edip: «Çaltrak öýe gel!» diýdi-de, sen-men ýok telefony öçürip goýberdi. Daşary ýurt şereketleriniň birinde işleýän daýzasy diýseň zähmetkeş zenandy.
«Bu nämäniň alňasaklygy?» diýip oýlanan Siaowaň yzyna aýlady, ýöne daýzasy jogap bermedi. Siaowaň bialaç onuňka gitmeli boldy. Gelse, daýzasy öýünde ýok eken. Gapyny açan hyzmatçy zenan: «Möhüm ýygnagy çykansoň, daýzaň işe gitmeli boldy. Saňa hökman garaşsyn diýdi. Ýogsa-da, geleniň gowy bolaýdy. Menem odur-budur almak üçin bazara gideýin diýip otyrdym» diýdi-de, öýden çykyp gitdi.
Şeýlelikde, Siaowaňyň ýeke özi galdy. Indi öý onuň ygtyýaryndady. Ol kompýuteri açyp, täzeliklere göz aýlamakçy boldy. Düwmäni basanam şoldy welin, gapy kakyldy. Ýigit gapyny açdy. Işikde egni topugyna ýetip duran uzyn köýnekli ýigrimi bäş ýaşlaryndaky bir gyz durdy. Onuň ýewropa biçüwli köýnegi her dürli reňk bilen öwşün atýardy. Duýdansyz peýda bolan bu gyz örän owadandy. Siaowaňa gözi düşen näzenin:
— Daýzam öýde ýokmudy? — diýip sorady.
Dili diýenini etmedik Siaowaň diňe «ýok» diýen terzde başyny ýaýkady.
Goňşy gyz:
— Men ýokarky gatda ýaşaýan — diýip, söze başlady. — Žurnal üçin makala ýazyp, ony kagyza geçiripdim welin, maňa kagyz gysdyryjy gerek. Özümiňki atanlykda döwläýdi. Kagyz gysdyryjy soramaga geldim.
Siaowaň:
— Hä, şeýlemi?! — diýdi-de, kagyz gysdyryjyny gözlemäge durdy.
— Ony başga ýerden gözläbem oturmaň. Daýzaň kagyz gysdyryjyny kompýuter stolunyň çekerinde goýýandygyny aýdypdy — diýip, gyz dillendi.
Siaowaň kompýuter stolunyň çekerinden kagyz gysdyryjyny alyp, ony gyza uzatdy.
Ony eline alansoň gyz: «Sag boluň!» diýdi-de, ökjeli köwşüni tyrkyldadyp gidiberdi. Siaowaň onuň yzyndan seredip galdy. Bu gyz bilen bolan az salymlyk gürrüň ýigidiň ýüregini gozgalaňa salypdy.
Siaowaň uzyn köýnekli gyzyň pikirini edip ugrady. Birdenkä ýene gapy kakyldy. Gapyny açsa, işikde ýene ýaňky gyz dur diýýär. Ýöne bu gezek egninde düýbünden başga köýnek bardy. Onuň täze köýneginiň biçüwi başdakysyna kybapdaş bolsa-da, reňki tapawutlydy, goýy gök öwüsýärdi.
Gyz Siaowaňa dikanlap seretdi-de:
— Men kagyz gysdyryjynyň demirjiklerini ulanyp gutaraýypdyryn. Çekerde başgasy ýokmuka? Görüp beräýiň! — diýdi.
Ýigit gyza äm-säm bolup bakdy-da:
— Hä, şeýlemi?! — diýip, ilkibaşdaky sözlerini gaýtalady. — Hany, göreýin.
Ol çekmäni birsalym dörüp, ahyry kagyz gapjaýan demirjikleri tapdy. Gyz onuň ýüzüne içgin garap, «Sag boluň!» diýdi-de, yzyna öwrülip gidiberdi.
Biygtyýar halda ýüzüni elleşdirip gören Siaowaň:
— Beh, o gyz näme üçin ýüzüme dikanlap seretdikä? — diýip pyşyrdady. — Ýüzümde beýle näme barka?
Soňra bolsa öz ýanyndan: «Bu gyzyň bolşy gaty geň. Sähel salymyň içinde geýimini üýtgedýär. Ilki kagyz gysdyryjy, soňra onuň demirjiklerini soran bolýar. Öz-ä birhili» diýip oýlandy.
Siaowaň öz pikirlerine gümra bolup otyrka, gaýtadan gapy kakyldy. Açyp görse, ýene hälki gyz, ýöne bu gezek sary köýnek geýipdir. Gyz öňküsindenem syratly görünýärdi.
Gyz Siaowaň bilen esentanyş ýaly, hiç çekinmän:
— Siz-ä ünssüz adam ekiniňiz. Kagyz gapjadyjynyň gutujygyny näme üçin açyp görmän berýäňiz? — diýip, gutyny onuň eline tutdurdy.
Gutynyň ýeňländigini saýgaran Siaowaň: «Beren wagtym edil munuň ýaly ýeňil däldi-le. O nähili beýle bolýar?! Gaýtadanam bir barlap göreýin» diýip oýlandy-da, gutujygy açyp gördi. Onuň içi, hakykatdanam, boşdy. Siaowaň gyza şübheli nazar aýlady, soňam kompýuter stolunyň çekerini açyp, esli dörüşdirdi. Ahyry gapjalýan demirjikli gutujygy tapyp, ony açyp gördi. Içi demirjiklerden dos-doly bolan gutyny gyza uzatdy-da, şeýle diýdi:
— Indi bir ahmal bolmaň-da, ünslüje serediň! Eger ýitirim bolaýsa, menden görmäň!
Siaowaňa gözüniň gytagy bilen sereden gyz gülümjiräp, minnetdarlyk bildirdi. Soňra çalasynlyk bilen yzyna öwrülip, ýelgamak kimin ýöräp gidiberdi.
Gyz gözden gaýyp bolansoň, Siaowaň içini gepletdi: «Ol, hakykatdanam, makala ýazýarmyka? Häzir makalany internediň üsti bilenem ugratsaň bolýar ahyryn. Ony kagyza geçirmek nämä gerek? Üstesine, oňa kagyz gysdyryjam gerekmiş. Ony satyn alaýanda bolmaýarmyka? Zerurlyk ýokka, geýiminem garşy-garşy üýtgedýär. Özem muny uly höwes bilen edýär. Ýeri, muňa näme diýjek? Geň, gaty geň!».
Siaowaň pikirler ummanyna çümüp otyrka ýaňadan gapy kakyldy. Al, saňa gerek bolsa! Gapyny açsa, ýene hälki gyz! Bu gezek onuň egnindäki elwan köýnegi dogup gelýän Gün mysaly diýseň ajaýypdy. Gyzyň özem örän gelşiklidi. Ol içerik girdi we kompýuteriň işläp durandygyny görüp, Siaowaňdan:
— Näme okaýaňyz? — diýip sorady.
— Täzeliklere göz aýlaýan.
— Kagyz gysdyryjy üçin köp sag boluň! — diýip, gyz ony gaýtaryp berdi.
Siaowaň oňa oturgyja geçmegi mürähet etdi. Gyz jaýlaşykly oturandan soň, bularyň gepleri alşyp gitdi. Gyz Siaowaňyň durmuşy, gyzyklanýan güýmenjesi barada sorady. Gürrüňleri gyzyşyp başlanda bazara giden hyzmatçy zenan hem dolanyp geldi. Şondan soň zol-zol köýnek çalyşmagy halaýan goňşy gyzam gitmek bilen boldy.
Onuň gideniniň yzýany daýzasy jaň etdi.
— Kagyz gysdyryjy sorap bir gyz geldimi? — diýip, ol oslanmadyk sowal berdi.
Beh, daýzasy muny nireden bilýärkä? Siaowaň «Hawa» diýip jogap berdi. Şonda daýzasy şelaýyn gülüp:
— Ol gyz görüşmek üçin geldi — diýdi. — Kim bilen diýýäňmi? Waý, senden başga kim bilen bolsun! Saňa jaň etjek boldum, ýöne telefonym öçdi. Soňra möhüm ýygnak çykyp, işde eglenmeli boldum. Ýaňyja boşap durşum. Seni habarly edäýjekdim, ýöne başa barmady. Aslynda habar bermänimem gowy bolupdyr. Öňünden duýduran bolsam, belkem aljyrardyň. Ýagşy, men häzir jaň edip, gyzyň pikirini bileýin.
Siaowaň bu gürrüňden soň, daýzasynyň näme sebäpden gyssanmaç öýüne çagyrandygyna we gyzyň köýnegini zol-zol çalşandygyna düşündi.
Siaowaň öz ýanyndan bu täsin duşuşyk ýaman geçmedi diýip hasaplady. Birsalymdan daýzasy gaýtadan jaň etdi. Onuň sesi ganygyzgyn eşidildi:
— Wah, tünt diýsänim… Men-ä saňa başga näme diýjegimem bilemok! Gyzlaryň saňa pisindi oturmandyr. Saňa gaty sada diýýärler. Ýeri, kagyz gysdyryjyny bermegi haýyş edenlerinde, kömek gerekdigini ýa gerek däldigini soranyňda bolmaýarmydy? Hyzmatça birsalymdan öýe barýanymy aýt! Goý, nahar taýynlasyn. Baramsoň, jikme-jik gürrüň bererin.
Daýzasynyň bu sözlerinden soň Siaowaň gyrpaklan buz ýaly suwuň içine gaçana döndi. Köp wagt geçmänkä daýzasy hem geldi. Ol içerik girenden:
— Göräýmäge, allanäme ýigit! Ýöne gyzlaryň ulularyna ýaramansyň. Seni diňe dördünjisi halapdyr — diýdi.
Siaowaň aňka-taňka boldy. Daýzasy onuň hiç zat aňşyrmandygyny aňyp, düşündirmäge durdy:
— Olar dört dogan. Ýokarky gatda bu gyzlaryň daýzasy ýaşaýar. Egni ýewropa biçüwli köýnekli birinji gelen gyz olaryň iň ulusy, biz saňa şony niýetläpdik. Olaryň ikinjisi, üçünjisi we dördünjisi bolsa uýalaryna kömek etmek niýeti bilen gelipdirler. Netijesini hem özüň bilýäň… Sen olaryň dördünjisine ýarapsyň. Muňa-da şükür!
Muny eşiden Siaowaň begenjine tarsa ýerinden turup, daýzasynyň ýaňagyndan taýly gezek öpdi…
