|

Akyl bazary

Akyl bazary AKYL BAZARY

Akyl bazaryna baralyñ indi,
Bu ýerde satylýar atalañ pendi.

Öwüt-nesihaty geçen danalañ —
Gözüñe söweýin merjen däneler!

Goja pähimdarlañ taglym-tälimi,
Dünýä berdi müñläp-müñläp alymy.

Bu toýda akyldan sorasañ hasap,
Olar ýyldyzlardan berer ýol ýasap.

Sözi däl, olaryñ her harpy altyn,
Dogrusy, şol harplar baýlygy halkyñ!

…Beý-bä! Köpelipdir dükanlañ sany!
Kelpeze-de açaýypmy dükany?!

Syçan söwdasyna bir garap bakyñ,
«Gemirmek» aklyny alýarlar satyn.

Möjek dükanynyñ gyzypdyr işi,
«Nädip halk malyna urmaly dişi?» —

Şeýle onuñ satan düzgünnamasy,
Ýardam berýär oña garry mamasy.

Bir garynja welin nebir harydyn,
Satyp bilmän, tapyp bilmän müridin.

Gygyrýar: — Bar bolsa akyl gedaýy,
Meniñ toplanymdan alsyn ol paýy.

Emma oña hiç kes gulak salmaýar,
Mugtuna-da harydyny almaýar.

…Dünýe diýilýäni akyl satmakmy?
Bilmedim, il akyllymy, akmakmy?!

Ahmet MÄMMEDOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle