Aktýor
Aktýor
Ýok, ýoldaş direktor, bagyşlaň, Sizden
Henizem gitmändir oglanlyk, ýaşlyk.
Siz öz işgärňizi tanamansyňyz,
Bu – ýalňyşlyk, özem gödek ýalňyşlyk.
Bilýäňizmi häzir näme diýýäňiz,
Meni haýsy ýola iterýänňizi?!
Ýagynyň kalby dek bir gara kalby
Maňa sowgat diýip getirýänňizi?!
Siz-ä biri bilen käýişipsiňiz,
Ar almaň küýünde geçipdir günem.
Ah, indem ýygnakda geýmelimişim
Garalawjyň gara lybasyn menem.
Hötdesinden geljekmişim durmuşda.
Kezzabyň obrazyn döretmekligiň.
Ýok, siz ýalňyşýaňyz…
Dogry sahnada
Töhmetimden örtenipdi köp göwün.
Bir gün gybatçydym, bir gün Ugurly,
Eşidýänim gargyş, ahy-perýatdy.
Ýekeje gyzymy ganhor Nedire
Hödürlemek meniň üçin hiç zatdy.
Bir gün parahordym, bir-günem dönük,
Bolupdym men ile belli sähne-de.
Ýöne weli seýle düýpli öwrülşik
Geçerdi, direktor diňe sahnada.
Durmuşda!..
Eşdip goý,
eger kalbymdan
çykmasa, bir, sözem diýip bilmerin.
Sahnada müň geýen lybasym
Durmuşda bir sapar geýip bilmerin.
Sahnadyr durmuşyň çägi nirede?!
Şu barada oýlanmagňyz gerekdir.
Ýok men töhmetçi däl,
henizem pille,
Gaýdyp al sözüňi,
ýoldaş direktor.
■ DIRIŽÝOR
Düýn ol hakda başga gürrüň eşdipdik,
Ýakymly, hoş habar getirmändi düýn.
A bu gün!..
Jadyly taýagy onuň
Galgaýar ýene-de…
Çykanok ses-üýn.
Zal şeýlebir dymýar,
şeýlebir dymýar,
Dymýar,
Dymmaklyga höküm berlen dek.
Diňe bir jadyly taýak taryhyň
Çözleýär gatyny gözne urlan dek.
Garaňka bukulan ýyllar barada
Gürrüňe başlaýar – dynman galgaýar.
Bir ene aglaýar…
Oň gözýaşynam
Ýaltanman,
ýaýdanman zala paýlaýar.
Gözýaş seçelenýär giden giň zala,
Hiç kes butnap bilenok öz ýerinden.
Taýajyk
kem-kemden dönüp labyra,
Basýar diňleýjileň gerdenlerinden.
Basýar diňleýjileň gerdenlerinden,
Gazaply günlerden söz açýan mukam…
Adatça,
şadyýan gutarýar sazlar,
Bu mukamam şeýdip soňlanarmykan?!
Elbetde,
şeýle bor,
ynha,
hä diýmän
Zaldakylaň ýüki ýeňlär,
gowluk bor
Görýäň-ä,
soňlama ýetmeklik üçin
Howlukýar dirižýor,
örän howlukýar.
Howlukýar, soňlama ýetmekden başga
Häzir oňa müşgil zat ýok dünýäde,
Hatda, düýnki şum habary ýaýradan
Ýürek agyrsynam salanok ýada.
Hiç bir zat,
hiç bir zat, düşenok ýada.
Maňlaýyndan burçak-burçak der akýar.
Adamlaň derdini ýeňletmek üçin
Howlukýar dirižýor,
örän howlukýar.
Italmaz NURYÝEW. Goşgular