Akro goşgy
Akro goşgy

(Gurbannazar Ezizowa)
Gör, bu durmuş neneň halda geçip dur,
Urna-urna bolup, hataryn üzmän.
Rahat çagy öz nuruny seçip dur,
Beter gaharly-ka dur nurun dözmän.
Açmak üçin dünýäň gamly perdesin
Niçe kuwwat gerek, niçe güýç gerek?!
Naýza, gylyç — güýji bolsa herkesiň,
Ah, şahyra ýetikdir-le päk ýürek!
Zemin üçin öz güýjüni gaýgyrman,
Agyr kynçylyga özün idipdir.
Rahatlykdan hiç birini aýyrman,
Eýsem özi bu dünýeden gidipdir.
Zar ekeni zemin mähriňe seniň.
Iňrik garalanda nuryny saçyp,
Zemin çüwmegine şeýle islegiň
Ogrynlykda mydam durýar garaşyp.
Wah, bilsem-de dolanmajagňy ahyr,
Alnyňda dyzyma çökýärin, şahyr!
***
Zemin aýlanyp dur, oňatlyk örän,
Hiç bir güýje oň ýoluny tutma ýok.
Dünýäň her gülünde sen bizi görýäň,
Emma seni şol güllerden tapamok!
Maksat SEÝITLIÝEW. Goşgular