«Ak Tamyñ gurnaýjylary» Pentagon we Uotergeýt dawasynda nädip ele düşdüler?
"Ak Tamyñ gurnaýjylary" Pentagon we Uotergeýt dawasynda nädip ele düşdüler?
✔ 1971-nji ýyl… Pentagonyñ resmi maglumatlary çap edildi. ABŞ-nyñ Wýetnam ýalany orta çykdy.
✔ ABŞ-nyñ prezidenti Nikson maglumatlaryñ çap edilmezligi üçin «Gurnaýjy» toparyny düzdi.
✔ 1972-nji ýyl… Uotergeýt partlady. Ele salnan bäş «gemriji-de» Niksonyñ «gurnaýjylarydy».
✔ Yagny… her bir ýurt daşary ýurduñ gizlin gulluklarynyñ ýörite birliklerine garşy hüşgär we eserdeñ bolmaly.
1). 2010-njy ýylyñ 30-njy noýabry… ABŞ-nyñ Döwlet habar beriş serişdelerinden «Democracy Now»-yñ («Şindi demokratiýa» habar býuletteninde «Wikileaks» («Syzyş») maglumatlary boýunça amerikan filosofy Noam Homskiý bilen söhbetdeşlik gurady. Homskiý 1971-nji ýylda wýetnam urşy bilen baglanşykly Pentagonyñ maglumatlaryny syzdyrandygyny aýtdy. Şol döwür ABŞ-nyñ Goranmak ministrligi Pentagonda işleýän Daniel Ellsberg bilen Toni Russonyñ dostdugyny, bu iki şahsyñ maglumatlary nusgalap özlerine alandyklaryny aýtdy. Homskiý hem öz gezeginde bu maglumatlary metbugata berdi. Žurnalistlik taryhynyñ iñ uly wakalarynyñ biri-de “Pentagon resminamalarynyñ” paş edilmegidi!
1971-nji ýylyñ 13-nji iýuny.
Wýetnam arhiwinden: Pentagonyñ işleri gerimi giñeýän amerikan operasiýasynyñ otuz ýylynyñ yzyny çaldy.
▪︎HALKA ÝALAN SÖZLÄN PREZIDENTLER
ABŞ-nyñ dört prezidenti… Duaýt Eýzenhauer (1953-1961), Jon Kennedi (1961-1963), Lindon Jonson (1963-1969) we Riçard Nikson (1969-1974)…
1955-nji ýylyñ 1-nji noýabrynda Demirgazyk Wýetnam bilen Günorta Wýetnamyñ arasynda başlan uruşda ABŞ antikommunistik Günortanyñ tarapyndady! 5 milliona golaý ýönekeý wýetnamly raýat wepat boldy! ABŞ-nyñ 66 müñ esgeri öldi, «wýetnam batgalygyndan» çykyp bilmediler.
Amerikanyñ wýetnam urşy döwrüniñ goranmak ministri Robert Maknamaranyñ ýolbaşçylygyndaky komissiýa 1945-1967-nji ýyllar aralygynda amerikan-wýetnam gatnaşyklary boýunça ähli maglumatlary öz içine alýan giñişleýin gizlin maglumatnama taýýarlady. Harby analitik Daniel Ellsberg bu maglumatnamada amerikan döwlet işgärleriniñ we ýolbaşçylarynyñ halka yzygiderli ýalan sözläp gelýändigini gördi. Maglumatlar bir ýarym ýyllap Ellsbergiñ elinde galdy!
▪︎PREZIDENT NIKSONYÑ GURAN ÝÖRITE BIRLIGI
…«New York Times» 1971-nji ýylyñ 13-nji iýunynda taryha “Pentagon Papers» («Pentagon resminamalary)” diýip geçjek iş bukjanyñ birinji bölümini çap etdi. Nikson «New York Times» gazetine telegramma ugradyp, muny gyssagly bes etmegi talap etdi. Yzyndan sud hem karar çykardy.
«New Ýork Times» boýun egmedi. Çap gadagançylygy girizilen maglumatlar «Washington Post» gazeti başlyklaýyn, ýene-de on sekiz gazetiñ redaksiýasyna gitdi. Niksonyñ hökümeti mundan köp maglumaty aýan edilmeginiñ öñüni almak üçin «Ak Tamyñ gurnaýjylary» (“White House Plumbers”) atly gizlin birlik döretdi.
«Gurnaýjylara» Niksonyñ içerki syýasat boýunça geñeşçisi Jon Erlihman başlyklyk edýärdi. Onuñ öñünde goýlan wezipe şundan ybaratdy:
«Ýörite birlik» Ellsbergiñ ruhy näsaglygy bolan adamdygyny orta atmak üçin, Kaliforniýadaky şahsy psihiatristiniñ ofisine girip, onuñ şahsy medisina resminamalaryny ele geçirmäge-de synanşypdy. Barybir paşmady! Kyrk ýedi jiltden ybarat maglumatlar çap edildi… Oýun şondan soñ başlady…
Adalat ministri we prokraturanyñ bir sülçüsi «gurnaýjylaryñ» kimdigini anyklady.
2). “Ak Tamyñ gurnaýjylarynyñ» hor-hory Niksonyñ döwründe hiç ýatarly däldi…
1972-nji ýylyñ 17-nji iýunynda bäş «gurnaýjy» Uotergeýt binasyndaky Demokratik partiýanyñ merkezine diñleme abzallaryny ýerleşdirjek bolup durka ele salyndy. Daşyndan seredeniñde ogurlyk bolýan ýalydy… Emma… Adalat ministri Elliot Riçardson we prokuraturanyñ sülçüsi Arçibald Koks ogurlykda güman edilýän bäş şübheliniñ kimdigini orta çykardy welin… 1972-nji ýylyñ 19-njy iýunynda «Washington Post» gûman edilýänleriñ arasynda Respublikan partiýanyñ agzalarynyñ ýokary düzümden howpsuzlyk işgäriniñ bardygyny ýazdy. Ak tamyñ geñeşçisi Jon Din Uotergeýt komissiýasyna galmagaly örtmek üçin Nikson bilen otuz bäş gezek gepleşik geçirendigini aýtdy.
1974-nji ýylyñ 8-nji awgustynda-da Riçard Nikson öz islegi bilen işden gitdi.
“Uotergeýt” galmagalynyñ salgylanýan çeşmesi «Deep Throat»-dy («Çuñ bokurdak»). «Çuñ bokurdak» «Uotergeýt» dawasyny öwrenýän «Washington Post» gazetiniñ žurnalistler Karl Bernstine we Bob Wudworda derñew işine dahylly möhüm maglumatlary beripdi. ABŞ-nyñ Federal Derñew býurosynyñ (FBI) başlygynyñ öñki kömekçilerinden Mark Felt 2005-nji ýylda «çuñ bokurdagyñ özüdigini» mälim etdi. «Gurnaýja» garşy žurnalist diýip, sözümize dowam edeliñ…
“Syndyrylan we bähbitçil metbugat wagtyñ geçmegi bilen özüne meñzeş adam sürüsini döredýär.”
3). “Ak Tamyñ gurnaýjylaryndan” söz açmagymyñ bir sebäbi bar! Her bir ýurt öz «gurnaýjylaryna» garşy göreşmelidir. 1904-nji ýylda «The North American Review» gazetinde ýazan makalasynda adyna her ýyl gowşurylýan baýragy bolan žurnalist Josef Pulitser şeýle diýýär:
“Respiblikamyz we gazetleri ýa-ha bilelikde belende galarlar ýa-da bilelikde çökerler. Diñe bähbitçillikden daş, garaşsyz, jemgyýetçilik hyzmatyna jür metbugat jemgyýetiñ bähbidini we ärdemliligini gorap bilýändir. Hut şu ärdemliligiñ ýok ýerinre islendik hökümet kezzapdyr we oýunbazdyr. Synyk, bähbitçil, demagog metbugat bolsa wagtyñ geçmegi bilen özüne meñzeş adam sülsadyny döredýär.”
Aýtunç ERKIN.
«SÖZCÜ» gazeti, 24.11.2019 ý. Taryhy makalalar