Ak pamygym ㅡ ak altyn
Ak pamygym ㅡ ak altyn
Gulaklaryñ gabardyp, çykyşyña döneýin,
Öwşün atyp enaýy, bakyşyña döneýin.
Durna injik gyzgyltja baldaklaryñ bekände,
Owsun atyp, özüñe çekişiñe döneýin.
Ak pamygym ㅡ ak altyn
Patrak deýin açylsyn.
Mähriban Watanyma
Kümüş nury saçylsyn.
Sowuk gyşda söweşsem, egnimdäki donum sen,
Döwletimi artdyrýan baýlygym sen, nanym sen.
Seniñ her bir gramyñ ýeñşimize goşantdyr,
Her bir derdime derman, şöhratym sen, şanym sen.
Ak pamygym ㅡ ak altyn
Patrak deýin açylsyn.
Mähriban Watanyma
Kümüş nury saçylsyn.
Seniñ üçin janymy aýamaryn hiç haçan,
Girdim çyzgap golumy işe bireýýäm haçan.
Timar berip, tämizläp, çykman seniñ içiñden,
Köp ýyg diýip, pagtany tabşyrdy eziz Watan!
Ak pamygym ㅡ ak altyn
Patrak deýin açylsyn.
Mähriban Watanyma
Kümüş nury saçylsyn.
Berdi KERBABAÝEW Goşgular