Ak işan we Gijen gyryk
Ak işan we Gijen gyryk

Bir asyr mundan ozal
Şeýle melgun geçipdir.
Ganat kakyp, asmandan
Ol herýana uçupdyr.
Il içinde tanalan —
Gijen gyrykmyş ady.
Şeýtana sapak beren,
Ile ýakdyrman ody.
Ol Işanyñ ýanyna
Erkek bolup barypdyr.
Ýörkä üsti halykly
Işan ony görüpdir.
Syry añan-da Işan,
Ýigitlere tabşyran:
«Aralaşdy bir erkek
düýeleriñ içine.
Tutup getiriñ şony,
Tirkäñ şeýtan göçüne!»
Salym bermän ýigitler
getirýärler erkegi.
Gapyda çökerýärler
Gijen gyryk gorkagy.
Ak işan pir daş çykyp,
Synlapdyr ol düýäni.
Elinden gelse, melgun
çöwürjek bu dünýäni!»
«Erkek bolsañ boluber,
Gözüñ Gijen gyrygyñky!
Ähtiýaç edýäñ menden,
Dünýe saña garañky!
Ajal häzir daş senden,
Häzirlikçe ölmersiñ.
Ýaşasañ-da jahanda,
Içiñ açyp gülmersiñ.
Baryñ, goýberiñ muny,
Indi munda görünmez!
Melgun basyldy menden,
Gaýdyp bize sürünmez!»
Şondan soñ Gijen gyryk
Gürüm-jürüm bolupdyr.
Ak işandan basylyp,
Ýüzi-gözi solupdyr.
Gijen gyryk jadylap,
Ýygnapdyr kyrk oglany.
Salyp şeýtan ýoluna,
Gorap gezjek pyglyny.
Talyplaryñ hiç haýsy
Uçuryma ýetmändir.
Tutmaly bolsa diri,
Müñ ädimden ötmändir.
Bir gün ýigitleñ birniñ
Yşk sämedýär serini:
Gelýär Pir obasyna,
Söýýär gözel perini.
Ýigit yzyna barýar,
Gijen öñünde durýar.
— Işanyñ obasynda,
Gördüm owadan gyzy.
Seýkin basyp ýöreýşi,
On gyza degýär näzi!
Şol gyzy alyp berseñ,
Arman galmaz janymda.
Söýgi derdi at salýar
Ýüregimde-ganymda!
— Ony oñarys, ýigit,
Git, getir gyz saçyny!
Elbukjasy bar onuñ,
Agtar daşyn-içini!
Saçy elime berseñ,
Uçup geler ýanyña.
Girseñ gyz gujagyna,
Lezzet berer janyña!
Şeýtanyn atan oky
Degmän geçýär nyşana.
Olaryñ gizlin syry
aýan bolýar Işana.
Soýdurylýar bir erkeç,
Gyrkylýar guýruk gyly.
Dañylyp bujaklary,
Içe berilýär ýeli.
— Elbukjanyñ içinden
aýryñ gyzyñ saçyny!
Galmasyn birje saly,
Dörüñ içi-daşyny!
Erkejiñ guýruk gylnyñ
Taryn goýman kesdiler.
Derisine ýel berip,
Tüýnükýüpden asdylar.
Tüýnük, gapyny ýapyp,
Hiç kim öýde galmady.
Elbukja gyl salnanyn
gelen ýigit bilmedi.
Öýe girdi. Hiç kim ýok.
Garbap aldy bukjany.
Eýeläne döndi ol
Bag-bossanly bakjany.
Ak işana aýandy —
Bilýär waka syryny.
Muham sopa öwretdi
Göreşmegiñ tärini.
Alty sany atlyny
goýdy öýüñ daşynda.
Diýdi: — Gylyç oýnadyñ
Şeýtanlaryñ başynda!
Iki ýana açdylar
Gara öýüñ gapysyn.
Çagyrdy öz ýanyna
Muham atly sopusyn:
— Ýel berilen erkejiñ
derisi uçar daga.
Sypdyrmasyn ýigitler,
Dem bermesinler ýaga!
Eger diri galsalar,
Ot ýakdyrmaz ynsana.
Şeýtan barha köpelip,
Zeper ýetir imana.
Bu dünýäde abraýdan,
O dünýäde imandan.
gürrüñsiz, aýra salar,
Dynmalydyr ýamandan!..
Erkeç derisi uçup,
Ýetip barýar gowaga.
Gijen gyryk uçýar-da,
Aralaşýar howaga.
Şägirtleri zut gaçýar
Bakman degre-daşyna.
Ýigitler şeýtanlaryñ
Oýun salýar başyna!
Tatar ÜÝŞMEKOW.
# «Ak işan» poemasyndan bölek. Goşgular