|

Ak göwünli Madi / hekaýa

Ak göwünli Madi / hekaýa AK GÖWÜNLI MADI

Suaýrynyň golaýynda arheologlaryň gazuw-ag￾taryş işlerini geçirýän Akir diýen depejigi bar￾dy. Oňa araplaryň däp-dessuryny saklaýan Ma￾di diýen hakyky arap ýaşulusy göz-gulak bolýardy. Maňa gadymy ýadygärlikleri goramak boýunça milli toparyň birinji ekspedisiýasyna arheolog hökmünde gatnaşmak hormaty miýesser etdi. Men hut şu ýer￾de-de araplaryň jomart adamlardygyna göz ýetirdim. Biz çadyrymyzy çen bilen Madiniň külbesine bar￾ýan ýoluň orta gürpünde, depäniň eteginde gurduk. Bu külbe edil guşuň höwürtgesi ýaly çybykdan örü￾lip, içinde hemişe ýel öwser durardy. Gelen myh￾manlary hezzetlemek üçin Madiniň azyk-owkady ýeterlik däldi. Emma bizde un, çaýdyr gant ýeterlik bolany üçin, Madä ýalňyz sygryny soýmak howpy abananokdy. «Biziň gelmegimiz bu adamy şeýle yn￾jalykdan gaçyrar» diýip biz pikirem edemzokdyk. Hakykatda, Madi juda sada adamdy. Entek bärik şä￾heriň demi düşmändi. Ol ýekeligiň gamyny aýalydyr gyzjagazy bilen çekip, kyn bolmadyk garawullyk işi￾ni ýüregi bilen berjaý ederdi. Madi kiçiliginden bäri arheologik gazuw-agtaryş işleriniň goragy bilen meşgullanýardy. Ol Birinji ja￾han urşundan öň Yrakda bolan ekspedisiýalary ýat￾lamagy gowy görerdi. Onuň hakydasynda şol gowy günler barada birnäçe gyzykly ýatlama galypdyr. Ol käte-käte şol geçen günleri ýatlap hamsygardy. Madi işine jany-teni bilen berlen adamdy. Aýra￾tynam, gijelerine çadyrymyzyň töwereginde onuň eli köne tüpeňli aýlanyp ýörşüne haýran galardyk. Ol her gije azyndan iki gezek dagy tüpeňini towhul￾dadardy. Ol muny jynlary gorkuzýan diýip düşündi￾rerdi. Gojanyň gözleri kütelipdi, şonuň üçinem onuň haçan jynlary atyp, köçe itlerini gorkuzjakdygyny biljek gümanyň ýok. Şo sebäpli gijelerine daş çyk￾maly bolaýsa, oňa keseki adam däl-de, özüňkidigiňi duýdurmaly bolýardy. Gündizine biz Madiniň gijeki edermenlikleri, ýagny ogrular bilen darkaş gurşy ba￾radaky hekaýatlary diňläp, heziller edinerdik. Biziň gülkülerimiz onuň göwnüni göterýärdi, şonuň üçi￾nem ol wäşiniň keşbine girmegi özüne ýörelge edi￾nip ugrady. Gazuw-agtaryş möwsümi tamamlanypdy. Biz Bag￾dada dolanmak üçin paty-putularymyzy ýygnap, go￾şumyzy düwüp durkak, Madi peýda boldy. Ýene bir sygyr edinmekçi bolýandygyny, onuň üçinem pul ge￾rekdigini aýdanda, ol utanjyndan zordan gürledi. Ol biziň jomartlygymyza tüýs ýüregi bilen ynanýardy. Şonuň üçinem biz beýlämize süýşürenje pulumyz￾dan oňa gerekli puluny gowşuryp, söwda etmek üçi￾nem bir gün rugsat berdik. Madi düşelgämize gelip, biziň hormatymyza ýöri￾te saçak ýazanda, biziň näderejede haýran galandy￾gymyzy söz bilen beýan eder ýaly däldi. Görüp otur￾sak, oň sygyr satyn almak pikirinde-de ýok eken. Ol gadymy arap däp-dessuryna eýerip, bizi myhman almakçy bolýan eken. Madiniň ýüzünden nur dökülýärdi. Ol özüniň şu durmuşyndan lezzet almagy başarýan adamdy. Şon￾dan soň göçüp-gonup ýören syýahatçylaryň arasyn￾da onuň abraýy şeýlebir ýokary galdy welin, ol rowa￾ýata öwrülen Hatam Taýyňkydan pes bolmasa gerek.

Salahaddin A. an-NAHI, yrakly ýazyjy
Rus dilinden terjimeeden: M. GOŞLYÝEW

#»Dünýä edebiýaty» žurnalyndan alyndy. Hekaýalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle