|

Ajymdan öldüm

Ajymdan öldüm AJYMDAN ÖLDÜM

Ajymdan öldüm

Hemmesinden nan gezegim dolupdyr,
Egin-başym ýyrtyk, ýeñim ýolukdyr,
Gumsyrap oturan çopan-çolukdyr,
Arman bilen şu gün ajymdan öldüm.

Gezegim doldy diýp, hiç kim bermez nanyny,
Mugt bakdyrmy baýlar maña malyny,
Şeýle horlarlarmy iliñ hanyny,
Arman bilen şu gün ajymdan öldüm.

Sopy baýdyr baýarlaryñ gendesi,
Gökje dondur çöpür-çäkmen jindesi,
Sopy sizem aýdyñ Ogşuk eje ýeññesi,
Arman bilen şu gün ajymdan öldüm.

O ýan-bu ýan ylgap, Nobat arypdyr,
Arpany un diýip, iki ýarypdyr,
Çopan-çoluk iýer diýp, saman garypdyr,
Arman bilen şu gün ajymdan öldüm.

Kelenter baý baýarlygny bildirdi,
Nan bermeýen meni açdan öldürdi,
Keselli dek gyzyl ýüzüm soldurdy,
Arman bilen şu gün ajymdan öldüm.

Gyran bilen bugdaý öýüniñ goşy,
Saçagyndan doýmaz hiç gelen kişi,
Nan diýp aglamak Oraz, Gummanyñ işi,
Arman bilen şu gün ajymdan öldüm.

Gul Döwlet diýer bu dessany baglaryn,
Gyzgyn ýarma içip, agzym daglaryn,
Guzyny goşansoñ, murtym ýaglaryn,
On gün neneñ geçer biziñ halymyz.

Dowlat şahyr. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle