Ajyhuruş (Esse)

JAŇ Diýe,
hytaý ýazyjysy
Meniň ajyhuruş bilen täsin arabaglanyşygym bar…
Kiçijikkäm diýseň iýermendim, «Işdä diýeniň şunuňky ýaly bolaýsa, zat dannamasy ýok» diýdirýänlerdendim. Aýdaly ýaňy gül getiren bagyň turşumtyk gunçalary, arynyň baly diýermiň, emgenmän iýip bilerdim. Onsoň mekge, alma, armyt, nohut hakynda aýdyp oturasy sözem ýok. Şonuň üçin öýden çykdygym baýyň semiz ogly özünden bihabar ýaly ellerini çarpyp:
— Kiçijik hajymelik, çişik gyz… — diýip, şol bir sözlerini gaýtalap üstümden gülerdi. Men bolsa semizligimiň derdinden ýaňa jogap gaýtarmak üçin kellämem öwrüp bilmezdim.
Bu halymdan utanardym. Öz-özüme gaharlanardym. Daş-töweregimdäki ynsanlardan öýkelärdim. Dogrudanam, ýedi-sekiz ýaşyna ýeten haýsy gyz adynyň beýdip tutulmagyny islärdi?! Bu semizlik derdinden nädip saplanmaly? Ine, bu meniň üçin jogaby bolmaýan sowaldy. Sebäbi işdäm meni hiç diňlänokdy. Anyk ýadyma düşenok welin, bir gün açlyk duýgusy ahyry meni müdimilik terk etdi. Her gezek ýatlamalara berlenimde, düşen gözgyny halym hut düýn bolan dek göz öňümde gaýtadan janlanyberýär. Ol meniň aňymda hemişelik ornapdyr…
Ammara gizlin girip, ondaky azyk-owkatlardan bukulyp iýmegiň aýratyn keýpi bardy. Hemişe işim şowlap, hiç ele düşen gezegim bolmandy. Bir gün syrymyň üsti açylaýanda-da, bu etmişime üýtgeşik jeza berilmejegini, ýazgarylyp durulmajagymy bilýärdim. Sebäbi adamlar meniň ýaly iýermenlere nebisleri agyrardy.
Ine, bir gezek howluda güýmenip ýörkäm gymmatbaha daşdan ýasalan bezeg şaýyny tapaýmanmy. Muny gören baş hyzmatkär ony elimden aljak bolup, uzyn çybygyny ýokaryk göterip, üstüme gaýtdy. Men ör-gökden geldim, günäsiz halyma ogurlykda aýyplanaryn öýtdüm. Men salymyny bermän gaçmak bilen boldum. Ol rehim-şepagatyň nämedigini unudan ýaly meni kowalap başlady.
Öňümi-yzymy saýgarman aýagaldygyna ylgadym. Şonda näçe çalt ylgasam, ondan şonça-da tiz gutularyn diýip pikir edýärdim. Gulagymda bolsa ýel şuwlaýardy. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, yzarlap barýan gumajyk ýolum meni kiçijik derýanyň üstünden eltäýmezmi. Hiç bir belanyň ýeke gelmeýäni çyn eken. Yzymdan ýetiljegi bes-bellidi. Men halys aljyrap, näme bolsa şol bolsun etim-de, özümi suwa oklap goýberdim.
Derýa onçakly çuň däldi, emma meniň ýaly çaga üçin howpludy. Bar güýjümi bir ýere jemläp, suwuň ýüzünde saklanmaga çytraşdym. Soňabaka ysgyn-deramatym galmady. Üstesine, suwuň sowuklygyndan ýaňa sandyr-sandyr edýärdim. Men güwläp akýan derýanyň edil ortarasynda galdym… Meniň bu gözgyny halymyň sebäpkäri bolsa ernini ýygnap bilmän durşuna «Saňa geregem şoldy» diýdi.
Men suwdan nädip çykanymy bilemokdym. Ýaman ýerem, bir taý köwşümi ýitiripdim. Ony tapmak üçin bolsa gaýtadan suwa girmäge mejalym ýokdy. Öýe dolanyp biljek däldim. Ejemiň gözüne görünmäge çekinýärdim. Ýok, men ejemiň käýinjinden ýa-da onuň taýagynyň awusyndan çekinemokdym. Men onuň ýetde-gütde durmuş zerarly nury öçen gözlerine seretmäge utanýardym. Köwşümi ýitirendigimi bilse, has uly derde galjakdy.
Ýeke özüm açyk meýdanda ondan-oňa kaňkadym ýördüm. Gün bireýýäm dagyň aňyrsynda gizlenipdi. Uzakdan ybadathananyň jaň sesi eşidilýärdi. Ýigdekçe çopanyň ýolbaşçylygynda goýunlar hem mäleşip örüden gelýärdiler. Guşlar hem gijelerini geçirmek üçin höwürtgelerine dolanýardylar. Bahym oba, tokaý, ýap, garasaý, ähli zat gijäniň garaňkylygyna dulandy. Men ümüş-tamyşlykda obamyzyň çetinde aljyraňňy halda iki ýana zowzuldap, adymy tutup gygyrýan ejemi saýgardym. Ýöne oňa jogap bermäge gaýratym çatmady. Meni, hatda açlyk duýgusy hem seslenmäge mejbur edip bilmedi. Şonda gorky duýgusy ähli zatdan üstün çykypdy…
Sizde «Bu bolanlar bilen ajyhurşuň näme baglanyşygy bar?!» diýen sowal dörän bolmagy mümkin. Bu iýmäge zat tapman garnyňy doýurmagyň aladasy edilýän günler bilen baglanyşyklydy. Esasanam, muňa gyş günleri açlygy has ýakyndan duýanlar düşüner. Emma ýazyň gelmegi we tebigatdaky ähli ot-çöpüň janlanmagy bilen şüweleňli döwür başlanýar. Ana, şonda meýdanda garnyňy otaryp boljak semzek, sogan… ýaly ýabany ösümlikler hemişe tapdyrýardy. Ýöne olaryň iň tagamlysy ajyhuruşdy. Ony çorba goşanyňda lezzeti has-da başgaça bolýar. Megerem, bu dünýädäki iň datly tagam bolmaly… Ajyhurşy ýygmagyň hem özboluşly lezzeti bardy. Sebedi goluňdan asyşyňa saňa gujagyny giňden açan meýdanda ýuwaşjadan ädimläp barýarsyň. Ajyhurşuň eliň aýasyna meňzap duran ýaşyl terje ýapraklary çalaja öwüsýän şemala «Hoş geldiň!» diýýän şekilde seni çagşyl-çagşyl edip, garşy alýardylar. Maňa şonda taýakly kowalanmak we aç galmak gorkusy ýat bolardy. Şeýle günlerde men wagtal-wagtal başymy galdyryp, gülläp başlan beýik agaçlary, asuda asmanda gaýmalaşyp ýören guşlary, ak bulutlary baglardaky açylan gülleri doýa-doýa synlardym. Şonda kalbym heýjana gelip, süňňümi birgeňsi şatlyk duýgusy gaplap alardy. Şeýle pursatlarda tebigatyň eçilýän gözelligindedir nygmatynda her bir ynsanyň haky bar diýen pikir kelläme gelerdi.
Nesibämizde gowgaly günleri yzda galdyryp, oňat günleri görmek hem bar eken. Men ese-boýa galamsoň, şähere ýerleşdim. Bir gezek bazarda gök satyjysynda gözüm eglendi. Onuň giň agaç tekjesinde arasa edip ýuwlan terje ajyhuruş desseleri ýatyrdy. Bahasy elýeterlidi. Şol pursat çagalyk ýyllarymda meýdanda ajyhuruş toplaýşym akylyma geldi. Men şonda gowgaly günlerimde hemişe ýanymda bolan köne dostumy gören ýaly boldum.
Çagalarymy her ýylyň alabaharynda ýörite salkyn şemally, güneşli güni peýläp, şäher etegindäki meýdana ajyhuruş ýygmaga alyp giderdim. şonda olar daşymda bökjekleşip, kowalaşardylar. Görüp otursam, çagalar ajyhuruş ýygmakdan beter açyk howada, ýaşyl meýdanda hezil edip oýnamakdan lezzet alýar ekenler. Ulalanlarynda bolsa, olar meni ajyhuruş ýygmaga äkiderdiler. Muňa iki taraplaýyn ylalaşyk diýilýärdi. Sebäbi durmuş çalşykly çemçedir… Beýtmek bilen men olaryň çagalykda başdan geçiren duýgularyma düşünmeklerini islärdim. Ýöne her nähili bolanda-da, meniň gören kynçylyklarymy görmänsoňlar ajyhuruş ýygmagyň eçilýän lezzetini hiç duýup bilendirler öýdemok.
Her gezeginde künji ýagy, şeker, ajyhuruş goşulyp, duzlanan tagamy saçaga uzadanymda çagalarym ýylgyryşyp, ondan heziller edinip iýerdiler. Şonda çagalykda gören düýşlerimiň bu gün hakykata öwrülendigine göz ýetirerdim. Tagama gaýta-gaýta el uzadyşlaryny synlanymda özümi dünýädäki ähli tagamlary dadyp gören dek bagtly duýardym. Ýöne günleriň günlerden welin parhy bolýar eken. Bu duýgy ajyhuruş ýygmagyň eçilýän mazasynyň ýanynda hiç zat. Ýagny, muzeý eksponatlarynyň gadymy durmuşy synlamak, taryhy bilmek üçin zerur bolşy ýaly, ajyhuruş ýygmak hem meni geçmişe syýahata alyp gidýär. Dogrusyny aýtmaly bolsa, häzirki döwrüň käbir aýratynlyklaryndan göwnüm suw içenok. Onda ýeňillik kän… Kädaýym bu bolşum bilen çagalarymy irizmekdenem çekinýän. Men bu zatlary olaryň kynçylygyň nähili bolýandygyny görmekleri, durmuşda dogry ýoly saýlamaklary üçin edýärdim. Men iki döwrüň adamsy. Garaýyşlarymyz deň gelmänsoň, çagalar bilen aramda beýik diwaryň emele gelmezligi üçin aramlygy tapmaga jan edýärdim. Iň möhümi hem, olar bilen ýakyn dostluk gurmak isleýärdim…
Haçan-da, ejeňiz size nebisjeň we hemişe aç, semiz gyzjagaz hakynda erteki aýdyp berende, hemişe meniň bu aýdanlarym ýadyňyza düşsün! Şonda meniň näme aýtjak bolýandygyma-da, hakyky bagtyň nämededigine-de düşünersiňiz. Ony ýüregiňiz bilen duýarsyňyz.
