|

Ajala

Ajala AJALA

Ajala

(ýarym çyn, ýarym degişme)

Ajal, howlukma sen almaga janym,
Owal-ahyr gaçyp gitjek ýerim ýok.
Seniñ o dünýäñe howlugar ýaly,
Gerdenimde terkidünýä serim ýok.

Üstünde bürgüdiñ ganatyn sypap,
Daglar bilen hoşlaşaýyn gyssanman.
Ýaşap bilermidim hyýalda-huşda,
Bu daglary ýassyk edip ýassanman?

Ýok, gara daglarda jan berip bolmaz,
Dagly ýaryñ bagryn daglap bilmerin.
Tap gelmez ýüregi bu aýralyga,
Çeşmeler didesi — dagly dilberiñ.

Howlukma, ajal dost, gideýin sähra,
Galmasyn basmadyk ýeri dabanmyñ.
Güllere, otlara gark bolup säher,
Sährada has artar arzysy janmyñ.

Ýöne sährada-da jan berip bilmen,
Ýaryñ ruhudyr güller, otlaram.
…Hat berýän edara gatnaýan ýaly,
Alyp bilseñ, yrza bol müñ gatnabam!

■ EMELSIZ

Kürek urup bilmedi,
Agdardy ol taýmyly.
«Kürek keltemiş» diýip,
Şoña atdy aýbyny.

Aşyrguly BAÝRYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle