Ahyrzamana / satiriki hekaýa
Ahyrzamana / satiriki hekaýa

— Muñ bolup oturyşyny?! Mysalañ dagyñ näteñet, mysalasy başyn iýmiş. Edara başlygy diýjeksiñ, dikilgazyk bolup oturan şü haýrana-da. Sagadyña seret. Dokuz bireýýäm bolupdyr. Edarañ gapysy bolsa henizem gör ýaly gömük, gabyr ýaly gapyk dur. Özüñem howlusynyñ içinde jennetiñ jikjikisi ýaly, hakyt hezil edip otyrsyñ. Gözlerini dagy, waý-wa-ýeý, daş etsin, edil ala getiren asyñ gözleri-dä! Olañ bir-ä meñ nas dolap satýan kitabyma ýelmeşipdir. Beýlekisem haram telewizora çüýlengi. Ah-eý, günüñe ýanaýyn. Sen tetelli başlyksumaklaryñ müñüsini bir ýüpe düzäýseñ. Gyzyl açdyr çyp-ýalañaç edibem syñsyraklatsañ, señkilledibem aýlasañ ýedi ýoluñ ortarasy bilen. Içim şonda-da sowamaz-la, wah-h-h.
— A…e…ýu…
— Hä-ä-ä, "Aýallary ýer ýuwutsyn" diýjek bolýamyñ, sypatsyz ýerçeken?!
— "Aý, ýeññe, ýuwaşrak" diýjek bolýan.
— Lelin dämi baryp ýigriminji ýyllarda "deñlik-deñlik" diýip, sizi aýallardan öñe salan. Hülli-hülli bilen seni depesine çykaran heleýiñe "haý" diý, haram… Ýeri apbasy tapan añkaw ýaly, nägörüñe ýyrşarýañ, suwa basylan gaty çörek ýaly, mylaýymsyranam bolýar-a!
— Aý, ýeññe jan, başyña döneýin…
— Ärime bir aýdaýyn. Kimiñ başyna dönmelidigini gözüñe görkezer!
— Wah, ýeññe jan, ýakamy goýber-de, maña-da…
— Näme-näme?! "Maña-da" diýýämiñ? Näme diýjek bolýanyñ gözüñdenem sessiz-üýnsüz görnüp durmanmy hanha?! Öz heleýiñi oñardyñ-da, indem meñ oçurymmy, haram meýdiguran?!
— "Maña-da gürlemäge bir maý beräýsene, düşünişäýeli?!" diýjek bolýan, jan ýeññe.
— Señ bilen beýdip agzymy deñäp, harçañlaşyp durmaga meñ wagtym ýok. Senjagaz entek dur bakaly. Häziriñ özünde häkimlige gitjek. "Iş wagty edaras-a ýapyk. Elimden tutup, zor bilenem añyrsyndan içine saldy meni. Soñam eýtjek boldy, beýtjek boldy, menem soñky demimdw sypyp, aýagallygyma gaçyp geldim" diýip arz etjek. Garagyñda ot ýakdyrjak…
Hawa, beýle-beýle ahyrzamana edaranyñ garawuly biçäräniñ başynda gopupdy. Sebäbi bu gün hepdäniñ dynç günüdi. Nobatdaky ahyrzamana bolsa häkimligiñ garawulynyñ çür depesinden haýal etmän inmäge barýar, han-ha!…
Öwezdurdy TEJENOW. Satiriki hekaýalar