| |

Ahyrky netijäni öñünden añan zergäriñ çekim daşyny sorap gelen goñşusyna beren jogaby

Ahyrky netijäni öñünden añan zergäriñ çekim daşyny sorap gelen goñşusyna beren jogaby Ahyrky netijäni öñünden añan zergäriñ çekim daşyny sorap gelen goñşusyna beren jogaby

Günleriñ birinde ýöräp çalaja,
Zergäriñ ýanyna gelip bir goja,

Diýdi: «Goñşy, kyn görmeseñ eger sen,
Birki günlik çekim daşlarñy ber sen.

Öýümde bar meniñ az-owlak tyllam,
Kösenýärin olañ agramny bilmän.

Şony anyklaýsam, bolmazdy zyýan,
Şoñ üçinem, çekip görmek isleýän».

Zergär şeýle diýen: «Gadyrdan goñşy,
Seniñ päliñ düzüw, niýetiñ ýagşy.

Ony bermek kyn däl. Ýöne soñundan
Boljak işi bilip durun öñünden.

Saña berer ýaly (şeýle ýagdaýym),
Sübsäñ, hasañ ýokdugny aýdaýyn».

Goja bu sözlere birhili boldy,
Gürlände, öñküden sesi gataldy:

«Ýokuşyrak gördüm gepiñi men-ä,
Senden sübse, hasa soran barmy nä?»

«Biler bolsañ, goñşy, köne sergär men,
Käbir boljak işi öñden görýän men.

Sen bir goja kişi, biliñ bükülen,
Ah-wahyñ, hyk-çokuñ öýi sen kileñ.

Düýbünden ýat saña meniñ hünärim,
Öýüñde ýagşyran gyzylyñ baryn

elleriñi saññyldadyp çekersiñ,
Ownuk-uşaklarny ýere dökersiñ.

Süpürip alaýyn — diýip, dessine,
Eñersiñ ýene-de meniñ üstüme.

Şol külke gyzylñy elemek üçin
Gersiñ ýene hasa dilemek üçin.

Şol sorajak zatlañ welin mende ýok,
Soñun görmän, bir iş etmek bolanok». Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle