Ahunyň jogaby
Ahunyň jogaby

Eý Taňry, ol ýaryň jemalyn özüň,
Bezäp-de, diýýärsin: — Görmesin gözüñ
«Bir doly käsäni gyşart-da, dökme!»
Diýene menzeýär seniñ bu sözüň.
Omar Haýýam.
Hyryn-dykyn märekede ahuna,
Berýädiler dürli sowaly dinden.
Oturan bir kişi nobat ýetende,
Öz soragyn aýan eýledi giňden:
— Münüpdim köpçülik münýän ulaga,
Ajap zenan mündi bir duralgada.
Gözümi-hä sowup ýetişdim weli,
Burnum eýgertmedi, ys alaga-da.
Hoşboý atyr ysy hem zenan ysy,
Diýdirdi, «şundan hoş ys bir bamyka?!»
Ysgadym, barybir çar ýana siňjek,
Tagsyr, maña indi günä bormyka?!
Kimler güldi muňa, kimler aňkardy,
Jogaba garaşyp märeke doňdy.
Köpi gören ahun egnini ýygryp,
Ýylgyryp oňdy.
«Beýik Taňry maýdalykdan has beýik»,
Diýjek boldy, nämüçindir diýmedi.
Manysyz geplerden aýňaltmak üçin
Märekäni başga gepe güýmedi.
2024 ý. Goşgular