|

Äht

Äht ÄHT

Äht

Şäheriñ alysda,
Iliñ alysda
Ykbal ikimizi zyñypdyr herýan.
Umytsyzlyk içre umyt gözleýäs
Belent ruh agtarýas sussupeslikden.
Ýogsa ýolda-yzda,
Toýda-meýlisde
Käte ýalñyşybam birek-birege
Günde ýa günaşa duşmajagmyza
Ikimizem ýüz göterim ynanýas.
Ýöriteläp ýola rowan bolanda
Aşylanda nije päsgelçiligi,
Symrug bolup bäş ýüz ýyllyk menzili
Çaý içim salymda uçup geçsek-de
Köp bolsa görşeris ýylda bir gezek.
Şonda-da ýeñeris haýu-höwesi,
Söýgi rüstem geler şagalmeslikden…
Hergiz hetdimizden aşmajagmyza
Indiki duşuşjak günümize çen
Birtopar ýeñlesleñ ýympyk sözüne,
Ýapa degmez gybat,
myjabatyna
Aldyrman päkligin saklan duýgulañ
Hyruç bilen urlup göwüsden göwse
Bedew dek jylawna towsan gününe
Hupbatly bolsa-da,
Düşse-de agyr
Durmuş kebzämizi etse-de ýagyr
Ýa pelek öwrülip,
Geçse-de döwür,
Nirde gezende-de,
Näm bolanda-da
Hiç haçan ýitirmän saklajagmyza.
Hem bu galmagaly ýetik dünýäni,
Alysda-da bolsa şäher,
ilimiz
Bir-birekden aýry ümsümlik bilen
Äht ederis taşlap gitmejegmize…

Surat: Salwador Dali. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle