Ähli ordenleri ýerleşer ýaly…
Ähli ordenleri ýerleşer ýaly…
Bir gezek Stalin M.Gorkini ýanyna çagyryp, şeýle diýipdir:
— Alekseý Maksimowiç, Siz ynha «Ene» diýip, ajaýyp eser döretdiñiz. Indi «Ata» diýibem bir roman ýazyp bilmezmisiñiz?
— Bilmedim-dä, Ýoldaş Stalin, oñ üçin ylham gerek-dä. Ýöne synanyp görmek bolar.
— Şeýdiñ onda, synanyp görüñ. Synanmagyñ kynlygy ýok ahyryn o diýen. Dogry aýdýan dälmi men, ýoldaş Beriýa…
* * *
L.I.Brežnew söwda ministrini çagyryp aýdýar:
— Ine, köne bolşewiklerden arza gowuşdy, olar soñky döwürde satuwa çykarylýan araklaryñ agyzýapysynda açmaga amatly bolýan gulajygynyñ ýoklugyndan nägile bolýarlar!..
— Barlap göreris, Leonid Iliç…
Soñra Brežnew aşhana geçip, holodilnikdäki çüýşä el ýetirýär, oniñ agzyndaky gapagy towlap açyp, öz ýanyndan pikire batýar: «Päheý, gulajygyñ nämä geregi bar bärde? Gojajyklar yrsaraýar-ow!..
* * *
— Bizde haçan pýançylygyñ soñuna çykylarka?
— On ikinji bäşýyllykda.
— A näme üçin on birinji bäşýyllykda däl?
— On birinji bäşýyllykda azyk-owkadyñ soñuna çykylar.
* * *
— Eşitdiñmi, Leonid Iliçi operasiýa edýärmişler-ä?
— Ýok, men-ä eşidemok. Nämäñ operasiýasyka ol?
— Ähli ordenleri ýerleşer ýaly döşüni giñeldýärmişler.
* * *
Brežnew golastylarynyñ hal-ýagdaýyny bilmek isläp, ýönekeýräk geýnip, ol içine çykypdyr. Ol işbilli buterbrod symyşlap duran oglanjygy görüp:
— Hany, kakañ nirede? — diýip sorapdyr.
— Täze maşynymyzy münüp, işe gitdi.
— A ejeñ hany onda?
— Köne maşynymyzy münüp, bazara gitdi.
— Öýüñizde kim bar onda?
— Enem bar, reñkli telewizor görýär ol.
— Ine, gördüñmi, bu zatlaryñ hemmesi meñ arkamdan bolandyr, oglanjyk!
— Ene!!! Amerikadan Izýa daýym geldi!
@ Russiýanyñ «КРОКОДИЛ» žurnalyndan terjime. Degişmeler